Welaýatlardan habarlar

12 Noýabr 2021
846

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň ýaş türgenleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyş edenler milli Liderimiziň ýaş nesiller baradaky aladalaryndan ugur alyp, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde, jemgyýetçilik ýerlerinde, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni ýola goýmakda, zyýanly endiklere garşy göreşmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny bellediler. Şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýokanç keselleriniň öňüni almakdaky tagallalar we olaryň garşysyna göreşmegiň milli nusgasynyň döredilendigi barada giňişleýin aýdyp geçdiler.

Çary KAKABAÝEW,