Hawi «Barselonanyň » täze tälimçisi boldy Ýeňlişsiz diňe «Napoli» bilen «Milan» galdy

12 Noýabr 2021
992

Mundan iki hepde ozal Ronald Kumany wezipesinden boşadan «Barselona » toparynyň täze tälimçisi belli boldy. Katalonlar toparyň täze tälimçisi wezipesine klubuň ozalky oýunçylaryndan Hawi Hernandesi belledi. 41 ýaşyndaky tälimçi «Barselona » bilen 2024-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. «Barselona » topary Hawiniň öweztölegi üçin Kataryň «Al Sadd» klubuna- da 5 million ýewro berer. Hawi özüniň topara dolananyna örän şatdygyny belläp, iň ýokary derejedäki jogapkärçilik we isleg bilen işlejekdigini aýtdy. 2015-nji ýylyň maýynda «Barselonadan » Kataryň «Al Sadd» toparyna geçen Hawi 2019-njy ýylyň aprelinde- de şol toparyň tälimçiligine bellenipdi. Hawi «Al Sadd» toparynda 1,5 ýyllyk tälimçilik döwründe 7 kubok gazandy.