«Barselona» we Hawi: ezeli söýginiň täze sahypasy

12 Noýabr 2021
979

Soňky möwsümlerde janköýerlerini ozalkylary ýaly ýokary netijeleri bilen begendirmeýän «Barselonanyň» şu möwsümdäki ýagdaýy hem öwerlik däl. Topar Ispaniýanyň çempionatynda 12 tapgyrdan soň, 17 utuk bilen 9-njy orunda barýar. Şeýle ýagdaýda «Barselonanyň» ýolbaşçylary topary ruhy taýdan galkyndyrmak we ýokary netijeleri gazanmak üçin gollandiýaly baş tälimçi Ronald Kumany wezipesinden boşadyp, rowaýaty oýunçy Hawiniň tälimçi hökmünde gaýdyp gelýändigini yglan etdiler. «Barselona» bilen Hawiniň hekaýasy örän köp ýyllara uzaýar. Geliň, şu ýerde şol taryhyň iň gyzykly pursatlary bilen tanşalyň!

Hawýer Ernandes Kreus ýa-da Hawi – Barselonanyň ýakynyndaky Tarrasa şäherinde futbolçylaryň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy futbolçy, atasy Žuame bolsa wagtynda şäheriň ýerli toparynyň ýolbaşçysy bolupdyr. Žuame futbol bilen meşgullanan agtyklarynyň arasynda Hawä has köp ähmiýet beripdir we hemişe: «Meniň şu agtygym «Barselonada» oýnar» – diýip tekrarlapdyr.

Taýýarlan Ahmet GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».