Ynsanyň altyn täji

12 Noýabr 2021
777

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň saglygy ugrunda irginsiz aladalar edilýär. Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan milli Liderimiz bu babatda işleriň ýokary depginler bilen alnyp barylmagyna badalga berýär. Häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy hem-de Ýer ýüzüne ýaýran ýiti ýokanç keseliniň öňüni almak maksady bilen Diýarymyzda bimöçber işler durmuşa geçirilýär.

Biz hem sport mekdebimize türgenleşige gelýän türgenleriň arasynda bu düzgünleriň berjaý edilmegine berk gözegçilik edýäris. Olaryň agyz- -burun örtüklerini dakynmaklaryny, 2 mert aralygy saklamaklaryny, şeýle hem arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen yzygiderli düşündiriş çärelerini geçirýäris.