«Ahalyň » ynamly ýeňşi

12 Noýabr 2021
989

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynda 4-nji tapgyryň oýunlary geçirildi. Sanawyň öňdebaryjysy «Ahal» öz meýdançasynda «Şagadamdan » uly hasap bilen üstün çykdy. 4–0 hasabynda ýeňiş gazanan «Ahal» toparynyň adyndan 12-nji we 82-nji minutlarda penaltiden Elman Tagaýew, şeýle- de 38-nji minutda Didar Durdyýew bilen 87- nji minutda Amir Gurbani tapawutlandy. Soňky çempion «Altyn asyr» öz meýdançasynda «Köpetdag » bilen duşuşyp, Altymyrat Annadurdyýewiň gollary esasynda 2–1 ýeňiş gazandy. Ol 20-nji minutda hem-de penaltiden 36-njy minutda tapawutlandy. «Köpetdag » toparynyň ýeke- täk goluny- da 27-nji minutda Döwletmyrat Seýitmuhammedow geçirdi. «Nebitçi » bilen «Aşgabat » toparlarynyň arasyndaky oýunda ýeňijini bir gol kesgitledi. Ony-da 73-nji minutda Guwanç Abylow derwezä girizip, balkanabatlylara 3 utuk gazandyran oýunçy boldy. Soňky minu tlarda gelen 3 utuk Mary welaýat derbisi tapgyryň iň köp golly we çekeleşikli duşuşygy boldy. «Energetik » öz meýdançasynda «Merw» bilen duşuşyp, Perman Hallyýewiň hem-de Tirkiş Muhammetberdiýewiň gollary esasynda 2–0 öňe saýlandy. Ýöne ýerli derbide «Merw» toparynyň oýunçylary ruhdan düşmän, soňky 20 minutda ýeňiş gazanmagy başardy. 70-nji minutda Amangeldi Saparowyň goly bilen aratapawut bire düşdi. Oýnuň 90-njy minutynda Döwletgeldi Mirsultanow hasaby deňlese, 90+6-njy minutda Döwletmyrat Döwletmyradow ýeňiş goluny geçirdi. Bu tapgyrdan soň «Nebitçi » hem-de «Merw» toparlary şu möwsümdäki ilkinji ýeňişlerini gazandylar. Çempionatda 5-nji tapgyryň duşuşyklary şu gün oýnalar.