Meşhurlaryň durmuş ýolundan...
Ýazyň gyşdan, gündiziň gijeden başlaýşy ýaly köp meşhur adamlaryň durmuşy hem kötel ýollardan başlaýar. Ynha, Amerikanyň meşhur kino aktýory Silwestr Stalloneni alyp görsek, onuň meşhurlygynyň ilki kynçylyklardan gözbaş alyp gaýdýandygyny görmek bolýar. Hawa, belli kino aktýory bolmak islegi onda çagalykda döräpdir. Şonuň üçin onuň ýerine ýetiren rollarynda islendik päsgelçiligi ýeňip geçýän üýtgeşik bir güýjüň bardygyny görüp bolýar. Ol aktýor bolmak üçin, ABŞ-da ýerleşýän teatrlaryň ählisiniň diýen ýaly gapysyny kakyp çykypdyr. Ýöne işsizlik, garyp durmuş, pulsuzlyk ony ruhdan düşürip, maksadyndan el çekdirip bilmändir. Bir gün ol uly kitaphanalaryň biriniň okalga zalynda otyrka, kimdir biriniň goýup giden kitabyna tötänden gözi düşýär. Ol «Po Edgaryň taryhy» atly bu kitaby agtaryp otyrka, «Maksadyňy anyk belle, şonda ony amala aşyrmagyň serişdesi tapylar» diýen ýazgy oňa güýçli täsir edýär. Şol gün agşam öýüne gelip telewizorda söweşli filmi görenden soň, stoluň başyna geçip, 20 sagadyň içinde täze filmiň tutuş bir ssenariýasyny ýazýar. Aktýor bu ssenariýasyny birnäçe ýere hödürläp çykypdyr, ahyrynda-da sahnalaşdyrmak üçin rugsat almagy başarypdyr.