Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini döretmekden ybaratdyr. 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar.
Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işini halkara talaplara laýyklykda has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.