Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi. 16 — 18-nji dekabry öz içine alan serginiň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna hem uly orun berildi.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy bilen açyldy. Ýokary guramaçylyga eýe bolan dabara ýygnananlarda uly buýsanç duýgusyny döretdi.