FAO Türkmenistanda okuw seminaryny geçirdi

22 Dekabr 2024
4

19-20-nji dekabrda «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan suw jandarlary üçin iýmleriň önümçiligini, olaryň hilini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli okuw seminary geçirildi. Bu barada «tmcars.info» saýty habar berýär. Çäre FAO-nyň «Akwa önümçiligi üçin iýmitleriň önümçilik-ýerlemek zynjyrynyň we suw haýwanlarynyň saglygyny goramagy dolandyrmagyň netijeliliginiň ösüşi» TCP/TUK/3902 taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Seminara döwlet edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle-de milli balyk iýmlerini öndürijiler gatnaşdylar. Okuwy FAO-nyň halkara hünärmeni Tomas Şipton geçirdi.

Çäräniň esasy mowzuklary suw jandarlary üçin iýmleriň taýýarlanyş usulyny işläp taýýarlamak, olaryň önümçiligi we fermalarda dolandyrmak boldy.

Mekan AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallym-öwrenijisi.