"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Azyk bolçulygy döredilýär

Her bir şanly senäniň, baýramçylygyň aýratyn öwüşgini bolýar. Her täze ýylda hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Halkymyzda toý-baýramlara, şanly senelere, dabaralara taýýarlykly barmak, baýramçylyk saçaklaryny dürli naz-nygmatlar bilen bezemek asyrlardan dowam edip gelýän asylly däbimizdir. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ak bazalarymyzyň, söwda nokatlarynyň halkyň sarp edýän gündelik harytlary, täze ýyl sowgatlary we beýleki önümler bilen has-da baýlaşmagy bereketli türkmen saçaklarymyzyň bolçulygyny öňküden-de artdyrýar. Häzirki günlerde paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ak bazarlarynda we söwda merkezlerinde baýramçylyk söwdasy has-da gyzgalaňly dowam edýär. Türkmen telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen dürli önümler bilen baýlaşan bazarlaryň mähellesi häzirki günlerde has-da köpelýär. Bu görnüşler bolsa döwletimize we döwrümize bolan buýsanjymyzy artdyryp, şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşlarymyzy goşalandyrýar.

«CZN — BURAK» TÜRK DESTERHANY TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA

Dünýä belli türk tagamlarynyň restoranlar zynjyry «CZN — Burak» restoranlar zynjyry Hytaý­da, Yrakda, Dubaý şäherinde, Müsürde, Katarda, Iordaniýada, şeýle-de Ýewropanyň birnäçe ýurdunda, Özbegistanda, Täji­gistanda... bir söz bilen aýdy­landa, jemi dünýäniň on dört ýurdunda özüniň milli türk aşhanasynyň tagamlary bilen şöhrat gazandy.

Magtymguly, adyň arşa galandyr

Bu sözbaşy daşary ýurtly raýatlaryň birnäçesiniň döşüne «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly dakylandaky, joşgun-begenji görenimde döredi. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň Grosshader kliniki müdiriýetiniň 4-nji klinikasynyň we poliklinikasynyň direktorynyň orunbasary Klaus Georg Dr. Parhoferi, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Nadežda Dubowa, Gruziýanyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy Makwala Gonaşwili, London uniwersitet kollejiniň Arheologiýa institutynyň professory Timotny Dawid Williams, garaz, dünýäniň dürli yklymlaryndan onlarça ýurtlaryň wekillerine bu sylag gowşurylanda, myhmanlaryň ýürekden syzdyryp, Türkmenistan, bu döwletiň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebit we tutuş Älem üçin ähmiýeti, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleri bagyşlan topragyň kerem-keramaty, jahan kartasynda parlak ýyldyz bolup lowurdaýan Türkmenistanyň syýasy-ykdysady giňişlikde ýeten derejesi, iň agzybir, jebis jemgyýet hökmündäki nusgalyk abraýy hakda aýdanlary Älem içindäki ykrarnamamyzdyr.

Nusgawy şahyra nusgalyk sarpa

Milli Liderimiziň milli döwlet dolandyryşyndaky nusgawy ýörelgesini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ylma, bilime, sungata we edebiýata, kitaba uly sarpa goýulýar. Gözbaşyny gadymyýetden, halk döredijiliginden alyp gaýdýan watançylyk, döwletlilik duýgusy nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde has-da rowaçlanyp, kämilleşdirilip, ol şu günlere ýetdi. Bu tema akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründe has hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Nusgawy şahyrymyzyň döwründe durmuş hadysalarynyň has dartgynly bolandygy üçin, onuň şygyrlarynda watançylyk, harby-gahrymançylyk, şeýle-de beýleki halklar bilen dostlukly hyzmatdaşlygy saklamak temasy uly orun eýeleýär. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýar. Çünki ol her bir ynsanyň kalbynda adamkärçiligiň belent nusgasyny dörediji hökmünde müdimi ýaşaýar. Magtymguly Pyragy ýiti zehini, akyl-paýhasy bilen dünýä tanalan, özüniň şygyrlary bilen adyny ýüreklere nagyşlan umumadamzat şahyrydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hut Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap zamany. Beýik söz ussadyMagtymguly Pyragy şygyrlarynda türkmen döwletini gurmak isleglerini giňişleýin beýan edýär. Halkyň islegini, arzuwyny şahyrana setirleriň üsti bilen wasp etmek arkaly tutuş türkmen halkynyň kalbyna giňlik, sabyrlylyk aralaşmagyna ýardam edipdir. Muňa mysal edip, «Türkmeniň

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: DANIÝA KOROLLYGY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Sirkulýar ykdysadyýete geçmekde hereketlendiriji güýç hökmünde kärhanalary berkitmek ugry boýunça başlangyçlar:

Bill Geýtsiň gyşda okajak kitaplary

Dünýäniň iň täsirli şahsyýetleriniň her ýylky dynç alşynda nähili kitaplary okaýandygy her bir adam üçin gyzykly bolsa gerek. Şolaryň biri-de «Forbes» žurnalynyň maglumatlaryna görä, 1996 — 2007-nji ýyllar aralygynda dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hökmünde meşhurlyk gazanan amerikaly milliarder Bill Geýtsdir. «Microsoft» kompaniýasyny esaslandyryjylaryň, şeýle hem dünýäde iň baý we jomart haýyr-sahawatçylaryň biri hökmünde tanalýan Bill Geýts özüniň «Geýtsiň bellikleri» atly websaýtynda gyşky dynç alşynda okajak kitaplary bilen tanyşdyrdy. Ol kitaplaryň başynda Doris Kerns Gudwiniň «Tamamlanmadyk söýgi hekaýasy» atly eseri ýer alýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, baş temasy söýgi wakalaryndan ybarat bolan eser ähli kitapsöýüjiler üçin gyzykly bolsa gerek.

Marketing barada kitaplar

2024-nji ýylda dünýäde marketing bilen baglanyşykly onlarça kitapçap boldy. Biz siziň dykgatyňyza olaryň iň köp okalanlaryny ýetirmegi makul bildik: «Hemişelik müşderiler» (Karl Sýuel, Pol Brawun), «Býujetsiz marketing» (Igor Mann), «Çeňňekde» (Nir Eýal, Raýan Huwer), «Işjeň neýromarketing» (Dewid Lýuis), «Bir sahypalyk marketing meýilnamasy» (Allan Dib), «Marketing talaňy» (Fil Barden).

Iň gymmat kitaplar

Ýer ýüzüniň çar künjünde ýaşaýan kitapsöýüjiler we kolleksionerler dürli ýyllarda ýazylan gadymy golýazmalardyr döwrebap kitaplary millionlarça amerikan dollaryna satyn alýarlar. Ine, häzire çenli satylan iň gymmat kitaplaryň käbirleri: Leonardo da Winçiniň «Lesteriň kodeksi» golýazmasy. Bill Geýts ony 1994-nji ýylda 30,8 million amerikan dollaryna satyn alypdy. Jon Jeýmsiň «Amerikanyň guşy» kitaby. Bu kitap 2010-njy ýylda 11,5 million amerikan dollaryna satylypdy. Sanawda Wilýam Şekspiriň ilkinji kitabyny hem ýatlaman geçip bolmaz. Ol 2020-nji ýylda 9,98 million amerikan dollaryna satylypdy.

Iň çalt mobil internetli ýurtlar

Soňky bäş ýylda 1,5 milliarddan köpräk adam mobil internet torundan işjeň peýdalanyp başlady. Ýöne ýurtlaryň arasynda internet torunyň hilinde we tizliginde düýpli tapawutlar bar. Bütindünýä Bankynyň mälim etmegine görä, dünýäde iň çalt mobil internetli ýurt Birleşen Arap Emirlikleridir (179,6 Mbit/s). Bu görkezijide ikinji orunda Katar (160,3 Mbit/s), üçünji orunda Koreýa Respublikasy (138,5 Mbit/s) ýerleşýär. Sanawda galan öňdebaryjy ýurtlar şulardyr: Norwegiýa (131,2 Mbit/s), Kuweýt (119,8 Mbit/s), Hytaý (116,7 Mbit/s), Niderlandlar (114,3 Mbit/s), Saud Arabystany (101,9 Mbit/s), Bolgariýa (97,6 Mbit/s).

Baýlygy barha artýar

«Bloomberg» neşiriniň täze düzen sanawyna laýyklykda, Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinjiligini saklamagyny dowam edýär. Geçen hepdäniň çarşenbe güni «Tesla» kompaniýasynyň esaslandyryjysynyň baýlygy 400 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň dowamynda onuň baýlygy 170 milliard amerikan dollary möçberde artdy. Bu hadysa «Tesla» kompaniýasynyň paýnamalarynyň gymmatlamagy bilen baglanyşyklydyr. «Bloomberg» neşiriniň täze düzen sanawynda Ilon Maskdan soň Jeff Bezosyň (240 milliard amerikan dollary), Mark Sukerbergiň (215 milliard amerikan dollary), Larry Ellisonyň (202 milliard amerikan dollary), Bernard Arnonyň (174 milliard amerikan dollary), Bill Geýtsiň (166 milliard amerikan dollary) atlary gelýär.

8,2 milliard amerikan dollaryna satyn alar

Ýaponiýanyň «Nippon Life Insurance» kompaniýasy ABŞ-nyň «Resolution Life Group» ätiýaçlandyryş kompaniýasyny 8,2 milliard amerikan dollaryna satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada «Nikkei» gazeti habar berýär. Ýeri gelende aýtsak, «Nippon Life» häzirki wagtda «Resolution Life» kompaniýasynyň 23 göteriminiň eýesidir. Maglumat üçin, «Nippon Life» şu ýylyň maýynda «Corebridge Financial» kompaniýasynyň 20 göterim paýyny 3,8 milliard amerikan dollary bahadan satyn alypdy.

Teýloryň konsertleri üçin 6,5 milliard

«Market Watch» neşiriniň «QuestionPro» seljermeler kompaniýasyna salgylanyp ýazan habaryna görä, meşhur aýdymçy Teýlor Swiftiň «The Eras Touryň» Demirgazyk Amerikadaky konsertlerine tomaşa etmek üçin adamlar 6,5 milliard amerikan dollary möçberinde çykdajy çykarypdyrlar. «The Eras Touryň» çäklerinde oňa tomaşa etmek islänler 2,1 milliard amerikan dollaryny petekler üçin, 1,9 milliard amerikan dollaryny ýol hem-de ýaşamak üçin, 1,1 milliard amerikan dollaryny konsertde geýjek eşikleri üçin, 862 million amerikan dollaryny atributika üçin, 544 million amerikan dollaryny iýmit üçin harçlapdyrlar.

Ýyllyk girdejisi ýokarlandy

«Taiwan Semiconductor Manufacturing» kompaniýasynyň ýyllyk arassa peýdasy 34 göterim artyp, 276,06 milliard täze taýwan dollaryna (8,48 milliard amerikan dollary) deň boldy. Kompaniýanyň düşewündi oktýabr aýynda 314,34 milliard täze taýwan dollaryna barabar boldy. 11 aýyň dowamynda bolsa kompaniýanyň düşewündi 31,8 göterim ýokarlanyp, 2,616 trillion täze taýwan dollaryna deň boldy.

Saglyga peýdaly kofe görnüşleri

Alymlar kofäniň haýsy görnüşleriniň has peýdalydygyny kesgitledier. Has takygy, espresso (latte, kapuçino) esasly içgiler alsgeýmer keseliniň öňüni alýar, süzülen kofe bolsa ýürek-damar ulgamy üçin peýdalydyr. Bu barada Budapeştdäki Zemmelweýs uniwersitetiniň alymy Pal Maurowiç-Horwatyň sözlerine salgylanyp, «Daily Mail» ýazýar. Alymyň aýtmagyna görä, kofäniň organizme oňyn täsiri onuň taýýarlanyş usulyna baglydyr. Iki onýyllygyň dowamynda 500 müň meýletinçiniň iýmitleniş endiklerini öwrenmek arkaly geçirilen ylmy gözlegler süzülen kofäniň ýürege we damarlara peýdalydygyny subut etdi. Günde şeýle içgiden dört bulgur içmek ýürek tutmasyna getirip biljek arterial patologiýa howpuny peseldýär.

Düşewündi artýar

Ispaniýanyň «Inditex» kompaniýasy 2024-nji ýylyň üç çärýeginiň jemi boýunça düşewündini 7,1 göterim, arassa peýdasyny bolsa 8,5 göterim artdyrdy. Fewral — oktýabr aýlarynda kompaniýanyň arassa peýdasy 4,449 milliard ýewro ýetdi. Görkezilen wagtyň dowamynda kompaniýanyň düşewündi bolsa 27,422 milliard ýewro deň boldy. Maglumat üçin, kompaniýa ispaniýaly milliarder Amansio Orteganyňkydyr. Şeýle-de «Inditex» kompaniýasy 5659 eşik dükanyny dolandyrýar. Olaryň arasynda «Zara» we «Zara Home», «Pul&Bear», «Massimo Dutti», «Bershka» hem-de «Oysho» dükanlaryň bardygy bellärliklidir.

Russiýada iň gymmat «iPhone» çykaryldy

Meşhur smartfonlaryň iň gymmat görnüşlerini çykarýan «Cavair» kompaniýasy «iPhone 16 Pro Max» smartfonynyň 1 kilogram altyndan taýýarlanan ýörite wersiýasyny görkezdi. Smartfonuň bahasy 21 million rubl bolup, ol bary-ýogy üç nusgada çykary­lypdyr. Onuň bezeginiň esasy aýratynlygy üç patyşanyň (Iwan Groznyý, Süleýman Şa hem-de Beýik Karl) täçleri esasynda ýasalandyr. Şeýle-de smartfonuň arka tarapy 402 sany gymmatbaha daş bilen bezelipdir.

Mani ýa-da pul harplygy oýun ýaly usul arkaly üstünlige we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 18. ULY BAŞDAN GEÇIRMÄNIŇ AHYRY

«FORMULA-1»: ÝYLYŇ IŇ KÖP HAK ALAN SÜRÜJILERI YGLAN EDILDI

«Forbes» neşiriniň ýazmagyna görä, «Red Bull» toparynyň sürüjisi Maks Ferstappen «Formula-1» sport görnüşinde ýylyň iň köp hak alan türgeni boldy. Ýeri gelende onuň şu ýyl «Formula-1» möwsüminiň hem çempiony bolandygyny bellemek gerek. «Forbesiň» iň köp hak alan sürüjileriniň sanawynyň ilkinji bäşligi aşakdaky türgenlerden ybarat:

TÜRKMEN TÜRGENI DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA KÜMÜŞ MEDALA MYNASYP BOLDY

Türkmen türgeni Bunýad Raşidow Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ştangany silteräp götermekde kiçi kümüş medalyň eýesi boldy. Ol şeýle üstünligi 73 kilograma çenli derejesinde medal ugrunda göreşen 26 türgeniň arasynda gazanmagy başardy. Bunýad Raşidow silterläp götermekde 154 kilogram netije görkezip, kiçi kümüş medala mynasyp boldy. Emma ol itekläp götermekde 163 kilogram agyrlygy eýgerip, 16-njy ýeri eýeledi. Şeýlelikde, ildeşimiz iki görnüşiň jemi boýunça 321 kilogram netije bilen 15-nji basgançakdan ýer aldy.

ÝÇL: «LIWERPUL» 1/8 FINALYŇ ÝOLLANMASYNA WAGTYNDAN ÖŇ EÝE ÇYKDY

Geçen hepde Ýewropanyň çempionlar ligasynyň 6-njy tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Tapgyrda turnir tablisasynyň lideri «Liwerpul» myhmançylykda «Žironany» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýle-de «Real» myhmançylykda «Atalantadan», «Barselona» bolsa «Borussiýadan» (Dortmund) birmeňzeş 3:2 hasabynda üstün çykdy. «Inter» bolsa «Baýeriň» myhmany bolup, ÝÇL-iň şu möwsümindäki ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Oýun 1:0 hasabynda «Baýeriň» peýdasyna tamamlandy. Mundan başga-da, tapgyryň ýene bir merkezi oýnunda «Ýuwentus» «Mançester Sitini» myhman aldy. Oýun 2:0 hasabynda «Ýuwentusyň» ýeňşi bilen gutardy. 6-njy tapgyrdan soňra «Liwerpul» 18 utuk bilen turnir tablisasynda birinji orny eýeläp dur. Şunlukda, «Liwerpul» wagtyndan öň 1/8 final tapgyryna ýollanma alan ilkinji topar boldy. Ikinji ýerdäki «Barselonanyň» hasabynda 15, üçünji ýerdäki «Arsenalyň» hasabynda bolsa 13 utuk bar.