"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Poeziýa

ÝAŞLYGA Gün bermeýär, azar berýär duýgulam,Özüme «Hoş» diýäýesim gelip dur.Çak bolandyr, bolsam näçe duýguram,Gyzarypdyr elwan şapak, öçüp nur.

ÝÇL-de 6-njy tapgyr: «Real» we «Sitiden» şowsuzlyk

Geçen hepde Ýewropa çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Tapgyryň merkezi oýnunda «Liwerpul» öz öýünde «Realy» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, «Real» ÝÇL-iň çempiony hökmünde toparçalaýyn tapgyrda 3 gezek ýeňlen ilkinji topar bolup taryha girdi. Mundan başga-da, tapgyryň ýene bir esasy oýnunda «Bawariýa» öz meýdançasynda «PSŽ» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Tapgyryň iň garaşylmadyk netijesi «Mançester Siti» — «Feýenord» gapma-garşylygynda hasaba alyndy. Bu oýunda «Mançester Siti» 75-nji minutda 3:0 hasabynda öňde barýan hem bolsa, ahyrda ýeňşi elden giderdi. «Feýenord» oýnuň ahyrky böleginde 3 gol urup, duşuşygy deňlikde tamamlamagy başardy. Ýeri gelende bellesek, «Mançester Siti» ÝÇL-de 75-nji minutda 3 gol aratapawut bilen öňde barýarka ýeňiji bolup bilmedik ilkinji topar hökmünde taryha ýazyldy. 5-nji tapgyrdan soňra 15 utuk toplan «Liwerpul» turnir tablisasyndaky liderligini dowam etdirýär. Şeýle-de 1/8 finala ýollanma berýän ilkinji sekizlikde häzirlikçe «Inter» (13 utuk), «Barselona», «Borussiýa» (ikisem 12 utuk), «Atalanta» (11 utuk), «Baýer», «Arsenal», «Monako» (üçüsem 10 utuk) toparlarynyň atlary bar. ÝÇL-iň 6-njy tapgyry 10-11-nji dekabrda geçiriler. 

Iň köp eýs eden tennisçi

Dünýäniň 2-nji raketkasy germaniýaly Aleksandr Zwerew 2024-nji ýylda iň köp eýs urgusyny amala aşyran erkek tennisçi hökmünde ykrar edildi. Ol tamamlanyp barýan ýylda 797 gezek eýs urgusyny geçiripdir. Bu ugurda ikinji orny şeýle urgularyň 736 sanysyny geçiren polşaly Hubert Hurkaç eýeledi. Şeýle-de ilkinji bäşlikde amerikaly tennisçiler Teýlor Friziň (725 eýs) we Ben Şiltonyň (619 eýs), russiýaly Andreý Rublýowyň (578 eýs) ady bar. Ýerine gelende bellesek, eýsler boýunça reýtingiň lideri Aleksandr Zwerew 2024-nji ýylda ATP ýaryşlarynyň ikisinde çempion boldy hem-de «Rolan Garros» «uly tuwulgasynda» finala çykmagy başardy.

Maskerano Messä halypalyk eder

Lionel Messiniň ozalky topardaşy Hawýer Maskerano indi oňa halypalyk eder. Has takygy, Hawýer Makserano häzirki wagtda düzüminde Messi oýnaýan «Inter Maýami» toparynyň baş tälimçiligine bellenildi. Ol amerikan kluby bilen 2027-nji ýyla çenli niýetlenilen şertnama gol çekişdi. Degişli resminamalar düzedileninden soňra, Maskerano täze toparynda işe girişer. Maglumat üçin, Messi we Maskerano birwagtlar «Barselonada» bile oýnapdylar. Şeýle-de Maskeranonyň täze toparyndaky şägirtleriniň arasynda Serhio Buskets, Luis Suarez we Jordi Alba ýaly ozalky topardaşlary hem bar.

Ildeşimiz 1 million amerikan dollarlyk ýeňiş gazandy

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow taryhy ýeňiş gazandy. Has takygy, ol «Professional Fighters League» («PFL») promouşeniniň Gran-pri turniriniň finalynda amerikaly Impa Kasamganaýy ýeňlişe sezewar etdi. Tutluşyk Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilip, Döwletjan eýýäm birinji raundyň birinji minutynda garşydaşyny yzly-yzyna urgular geçirmek arkaly nokauta düşürmegi başardy. Şeýlelikde, ildeşimiz ýarymagyr agramda «PFL-iň» 2024-nji ýylky möwsüminiň çempiony boldy. Bu ýeňişde Döwletjan 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragyna hem mynasyp boldy.

«Formula-1-de» täze topar peýda bolar

«Formula-1» ýaryşlarynda täze topar peýda bolar. Has anyk aýtsak, 2026-njy ýyldaky möwsümden başlap, «Kadillak» topary «Formula-1» ýaryşynda çykyş edip ugrar. Ol «General Motors» hem-de «TWG Global» kompaniýalary tarapyndan bilelikde esaslandyrylar. Bu topar deslapky 2 möwsüminde kärende hereketlendirijilerden peýdalanar. 2028-nji ýyldan başlap bolsa, hereketlendirijileri özi öndürmäge girişer. «Formula-1-de» ilkinji gezek gatnaşjak bu toparyň direktory amerikaly rowaýaty sürüji Mario Andretti bolar. Ýeri gelende, onuň 1978-nji ýylda «Formula-1» möwsüminiň çempiony bolandygy bellärliklidir.

Nistelroý «Lestere» tälim berer

«Lester» topary baş tälimçilige Rud wan Nistelroýy belledi. Niderlandly hünärmen «tilkiler» bilen 2027-nji ýyla çenli niýetlenilen şertnama gol çekişdi. Rud wan Nistelroý «Lesteriň» halypasy hökmündäki ilkinji oýnuny geçen hepdäniň şenbe güni «Brentford» garşy geçirdi. Şol oýun 4:1 hasabynda «Lesteriň» ýeňlişi bilen tamamlandy.

Taryhy rekord we ilkinji ýeňiş

«Mançester Ýunaýted» täze baş tälimçisi Ruben Amorimiň golastynda ilkinji ýeňşini gazandy. Bu ýeňiş Ýewropa ligasynyň 5-nji tapgyrynda «Budýo-Glimt» bilen oýunda gazanyldy. Has takygy, şol oýun 3:2 hasabynda «Mançester Ýunaýtediň» ýeňşi bilen gutardy. «Opta» seljermeler merkeziniň maglumatlaryna görä, bu oýunda toparyň taryhyndaky özboluşly rekord hem täzelenildi. Ýagny şol gapma-garşylykda «Mançester Ýunaýted» öz taryhynda ilkinji gezek bir oýunda 700 gezekden köp paslaşdy. Oýunda Ruben Amorimiň şägirtleriniň amala aşyran paslarynyň sany 723-e ýetdi. Mundan başga-da, iňlis kluby topa 72,4 göterim eýelik etdi.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: NIDERLANDLAR KOROLLYGY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Häzirki wagtda Niderlandlarda gerimi boýunça köp sanly başlangyçlar amala aşyrylýar. Şonuň üçin sirkulýar ykdysadyýetiň netijelilik görkezijileriniň aglabasy boýunça iň abraýly reýtinglerde bu ýurt öňdäki orunlary eýeleýär. PBL institutynyň bahalandyrmasynda 420 müň iş ýerinden we 1500 töweregi amala aşyrylýan innowasiýa başlangyçlaryndan ybarat bolan, takmynan, 85 müň görnüş işiň sirkulýar ykdysadyýete goşant goşýandygy aýdylýar. 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, Niderlandlarda adam başyna düşýän galyndylaryň döremeginiň we ýerli galyndylary gaýtadan işlemegiň derejesiniň gowulaşandygy, sirkulýar ykdysadyýetiň koeffisiýentiniň ýokarlanandygy bellenilýär. Materiallary peýdalanmagyň dolanyşyklylyk derejesi aýratyn täsir galdyrýar, ýagny bu ýurt 30 göterim umumy görkezijileri bilen birinji ýerde durýar. Niderlandlarda öndürijiniň giňeldilen jogapkärçiligi ykdysadyýetiň bäş pudagyny öz içine alýar. Şeýle üstünligiň gazanylmagy birnäçe faktorlaryň täsirli utgaşmasynda mümkin bolýar:

Ykdysadyýet ylmynda täze ugur — maglumatlar ykdysadyýeti

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Kiberhowpsuzlyk: maglumatlary ýaýramakdan we kiberhüjümlerden goramak maglumatlar ykdysadyýetiniň iň wajyp jähetleriniň biridir. Howpsuzlyk bozulmalary uly derejedäki ýitgilere, abraýa ýetirilen zeperlere we hukuk bozulmalaryna getirip biler.

Ýylyň iň gymmat bahaly suraty satyldy

«The Wall Street Journal» neşiriniň habaryna görä, belgiýaly suratkeş Rene Magrittiň «Ýagtylygyň imperiýasy» atly suraty Nýu-Ýorkda geçen «Christie's» auksionynda 121,2 million amerikan dollaryna satyldy. Suraty satyn alan adamyň ady ýaşyryn saklanýar. Belläp geçsek, «Ýagtylygyň imperiýasy» 2024-nji ýylyň başyndan bäri satylan iň gymmat suratdyr.

«Bosh» işden boşadar

Germaniýanyň «Bosh» kompaniýasy geljekki 7-8 ýylyň dowamynda birnäçe müň iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. Has dogrusy, kompaniýa 2027-nji ýyla çenli 3500, 2032-nji ýyla çenli bolsa 5500 hünärmenini işden boşadar. Ýeri gelende bellesek, ýer ýüzünde «Bosh» kompaniýasynyň 429 müňe golaý işgäri bar.

1,24 milliarda ýeter

«International Data Corparation» kompaniýasynyň seljermelerine laýyklykda, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäde smartfonlaryň satuwynyň möçberiniň 6,2 göterim ýokarlanyp, olaryň sanynyň 1,24 milliarda çenli artmagyna garaşylýar. Smartfon satuwynda öňdebaryjy kompaniýalaryň başynda, elbetde, «Apple» durýar. Sanawyň yzygiderliligini bolsa, smartfon öndüriji ägirtler, ýagny «Xiaomi», «Samsung», «Oppo» ýaly kompaniýalar düzýär.

«Range Rover» tanyşdyryldy

25-nji noýabrda täze «Range Rover» awtoulagynyň tanyşdyrylyşy boldy. Awtoulaga «Range Rover SV Orpheus Edition 2024» diýlip at berildi. Ol «Blue Gloss» reňkinde bolup, awtoulag diňe Awstraliýa üçin satuwa niýetlenendir. Awtoulagyň bahasy 338 317 amerikan dollaryna deň bolar.

«Casio» kompaniýasyndan täze sagat

26-njy oktýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda «Casio» kompaniýasy «Storm Chaser G-Shock Metal (MTG-B2000YST1)» atly sagadyny görkezdi. Gün energiýasy bilen işleýän sagadyň üst tarapy garaňkyda ýagty saçýandyr. Şeýle-de agramy 104 grama deň sagat suw geçirmeýär. Onuň bahasy 1450 amerikan dollary möçberinde bolar.

«Huawei» sagat hödürledi

«Huawei» kompaniýasy «Watch Ultimate Design Sapphire Edition» atly gymmat bahaly materiallardan taýýarlanan «akylly» sagadyny hödürledi. Sagadyň ýüzüne 18 karatly altyn çaýylan. «Watch Ultimate Design Sapphire Edition» sagadynyň bahasy 3300 amerikan dollaryna deň bolar.

10 göterim ýokary girdeji aldy

«Dell Technologies» kompaniýasynyň şu ýylyň üçünji çärýeginde girdejisi 10 göterim ýokarlandy. Kompaniýanyň görkezilen möhletde girdejisi 24,4 milliard amerikan dollary, arassa girdejisi bolsa 1,58 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Ýeri gelende bellesek, «Dell Technologies» kompaniýasynyň esasy öndürýän tehnologiýasy noutbuklardyr.

Russiýada bahalar üýtgeýär

Russiýada 19 — 25-nji noýabr aralygynda harytlaryň bahasy 0,36 göterim üýtgedi. Ýurtda gymmatlan harytlaryň käbiri şulardan ybarat: mesge (1,1 göterim), günebakar ýagy (0,7 göterim), gaýmak (1,1 göterim), süýt (0,9 göterim), peýnir (0,7 göterim). Döwletde arzanlan harytlar hem bar: çaga arlyklary (0,1 göterim), smartfonlar (0,2 göterim), telewizorlar (0,1 göterim).

Täze «BMW» görkezildi

Geçen hepdäniň başynda «BMW 225i Coupe M Sports Night Package» awtoulagy görkezildi. Awtoulag müşderilere «Snow Mountain White», «Mineral White», «Sapphire Blue», «Portimao Blue», «Lightning Purple», «Brooklyn Grey» reňklerinde hödürlener. Täze «BMW» awtoulagynyň bahasy 41700 amerikan dollaryna deň bolar.

Iň uly göwrümli kofe taýýarlanyldy

Sosial ulgamlarda meşhur Nik Dijowanni «Duckin'» kompaniýasy bilen bilelikde dünýäde iň uly göwrümli buzly latte kofesini taýýarlady. Bu barada «United Press International» habar berýär. Kofäniň gabynyň uzynlygy 3,35 metr, möçberi bolsa 1044,77 litr bolup, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Rekord goýlanyndan soňra kofe «Dunkin'» kompaniýasynyň Massaçusets ştatyndaky ofisiniň 300 işgärine paýlanyldy.