"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Içerki önümiň ösüşi ýokarlandy

Bu ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdireniňde, üçünji çärýekde Koreýa Respublikasynda jemi içerki önüm 0,1 göterim artdy diýip, Koreýa Banky habar berýär. Ýylyň jemi boýunça bolsa bu görkeziji 1,5 göterim ýokarlandy. Görkezilen wagtyň dowamynda ýurduň eksporty 0,2 göterim pese düşdi, döwletiň importy bolsa, tersine, 1,6 göterim ýokary galdy. Önümçilige goýberilýän maýanyň mukdary 6,5 göterim, gurluşyk senagatyna goýberilýän maýanyň mukdary bolsa 3,6 göterim ösdi.

HIÇ HAÇAN ÝEKE DOLANDYRMAŇ, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Ikinji düzgün

Eýnşteýniň 10 sany altyn ündewi

Biziň köpimiz kolumbiýaly meşhur ýazyjy Gabriel Garsia Markesiň ýogalmazdan ozal, goýup giden hoşlaşyk hatynda daş-töwerekden alan täsirlenmeleriniň ömrüne ýörelge, döretmäge ylham çeşmesi bolandygyny nygtaýşyny bilýäňizmi? Albert Eýnşteýniň goýup giden 10 sapagy-ündewi hem hut şu zeýillidir. Geliň, okap göreliň! «Men elmydama özümiň we durmuşymyň hemişe başga adamlaryň (goý, olar aramyzdan giden bolsun ýa-da käte duşuşyp duran bolaly, tapawudy ýok) işleridir pikirleri bilen baglanyşyklydygyna magat göz ýetirdim. Şonuň üçin hem men özümi näçe açdygymça, özümdäki pikirleridir täzelikleri bu dünýä bagyş edip bildigimçe, ýene-de özgelerden alan we alýan zatlaryma minnetdardyryn» diýýän belli alym özüniň miras goýan sapak-ündewlerini şeýle beýan edýär:

Mani ýa-da pul harplygy oýun ýaly usul arkaly üstünlige we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 17. MAMAM BILEN BABAM TÖWEKGELLIK ETMEK ISLEMEÝÄRLER

Horaz şekilli myhmanhana

«CNN» teleýaýlymynyň habaryna görä, Filippin adalarynda horaz şekilli myhmanhana gurdular. Bu özboluşly myhmanhana horazyň şekilindäki iň uly bina hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň beýikligi 35 metr bolup, 15 otagy bar. Myhmanhananyň açylyş dabarasy şu ýylyň 8-nji sentýabrynda bolupdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi geçirildi

29-njy noýabrda Wengriýa iş saparyny amala aşyran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşdy. ...Gahryman Arkadagymyz Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň binasyna ugrady.

Beýik döwletiň beýik taryhy hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň, körpe çagalaryň aň-paýhasynyň kämil, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan habarly adamlar bolmaklygyny gazanmak babatda zerur tagallalar amala aşyrylýar. Şeýle işlerde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan, çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri nusgalyk mekdep bolup durýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserinde döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň pugtalandyrylmagy babatdaky meseleler bilen birlikde, watansöýüjilige, ahlak terbiýesine, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Alym Arkadagymyzyň paýhas dürdänelerini özünde jemleýän ajaýyp eserlerinde kitap okamagyň, esasanam, gowy kitaplary we eserleri okamagyň geljegimize oňyn täsiriniň, ummasyz peýdasynyň bardygy tekrarlanylýar. 30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren täze «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 28-nji Bütindünýä Maýa goýum konferensiýasyna gatnaşdy

25 — 27-nji noýabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde 28-nji Bütindünýä Maýa goýum konferensiýasy «Durnukly ösüş ulgamyndaky sanly transformasiýasy: maýa goýumlaryň mümkinçiliklerine baha bermek» atly mowzuk bilen geçirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň gatnaşan bu çäresiniň guramaçysy bolup, Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýumlar ministrligi bilen dünýäniň 136 sany döwletini öz içine alýan, dolandyryjy düzümi 14 sany dünýä döwletlerinden ybarat bolan Maýa goýum çekmek boýunça agentlikleriň Bütindünýä bileleşigi çykyş etdi. Dünýäniň 130 döwletinden 2 müňden gowrak wekil gatnaşan bu giň möçberli çäräniň dowamynda Bütindünýä bazarlaryndan ugur almak sessiýasy, ýokary derejeli wekilleriň tegelek stoly hem-de Maýa goýum çekmek boýunça agentlikleriň Bütindünýä bileleşiginiň aýratyn üstünlik gazanan taraplary sylaglamak dabaralary geçirildi.

Türkmen wekiliýeti Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş assambleýasynyň 175-nji mejlisine gatnaşdy

26-njy noýabrda türkmen wekiliýeti Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş assambleýasynyň 175-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çärä türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan wekiller gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň agza bolup durýan Halkara sergiler býurosynyň dolandyryş we býujet, düzgünler, maglumat we aragatnaşyk hem-de ýerine ýetiriji komitetleriniň agzalary baradaky hasabatlar diňlenildi we ol hasabatlar tassyklanyldy. Şeýle hem ýetip gelýän halkara sergilere taýýarlyk işleriniň gidişi barada habarlar diňlenildi. Soňra Ýaponiýanyň wekiliýetiniň Osakada geçiriljek «EKSPO 2025» sergisine taýýarlyk işleriniň barşy hakynda beren maglumatlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini, tehniki kükürdi, portlandsementi, az kükürtli ýakyş mazudyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri we halylar satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 47 million 469 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmen wekiliýeti 10-njy Bütindünýä Halal sammitine we «Halal EKSPO 2024» atly sergisine gatnaşdy

27  — 30-njy noýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde 10-njy Bütindünýä Halal sammiti we «Halal EKSPO 2024»  sergi geçirildi. Bu giň möçberli çärä gatnaşan türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Çäräni Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrligi we Yslam söwda ulgamyny ösdürmek boýunça Merkezi bilelikde gurady. Halal önümleriň we önüm öndürijileriň özboluşly mahabatlandyryş meýdançasy bolan bu çärä, esasan hem, azyk senagaty, azyk harytlary, derman senagaty, dokma senagaty, syýahatçylyk we maliýe ulgamynda hereket edýän kompaniýalar gatnaşdylar.

«ITTC 2024»: hyzmatdaşlygyň netijeli çözgüdi

26-27-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirildi. Halkara forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Indi üçünji gezek geçirilýän bu halkara foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşdy. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Şeýle-de myhmanlaryň arasynda «Fly Dubai», «Cargo Lux», «Lufthansa Consulting» ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) we beýlekileriň wekilleri bar.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Tranzit mahabatyna — göterijileri ulag serişdeleriniň gapdal tarapynda, garaşylýan zallarda, ýolagçylaryň otlulara münüp-düşýän perronalarynda, duralgalarda we ş.m. bolan daşky mahabatyň görnüşi, muňa göterijileri ulag serişdeleriniň salonyndaky — ulag içindäki mahabat hem, şeýle-de ulagdaky radiomahabat hem degişlidir;

Oýlanyşykly syýasat — milli ykdysady ösüşleriň esasy

XXI asyryň innowasiýalaryň asyry diýilmegi tötänleýin däl. Çünki bu döwür ilerledikçe, ynsanyýet täze açyşlaryň, görlüp-eşidilmedik innowasion ösüşleriň şaýady bolýar. Bu bolsa belli bir babatda «innowasiýalar asyry» diýen adalganyň jüpüne düşen ýaňzytmadygyna kepil geçýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň ykdysadyýetine nazar salanymyzda, iň öňdebaryjy özgerişlikleri bilen öňe saýlanýan sebitleriň ösüşiniň binýadynda goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli oýlanyşykly syýasatynyň, galyberse-de, sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýandygynyň, emeli aňyň hem-de tehnologiýalaryň iň soňky gazanlaryna esaslanýandygyna göz ýetirmek kyn däl.

Marketingiň esaslary

Marketingiň esasy wezipeleriniň biri-de bazary öwrenmek, täze önümleri ýerlemegi meýilleşdirmek bolup durýar. Olar dolandyrylmagy we işiň beýleki köp görnüşlerini öz içine alyp, satmak ýa-da mahabat bilen çäklenip, bazaryň öwrenilmegini, meýilleşdirmegi, nyrh emele getirmegi ýa-da karzy öz içine alman hem biler.

Pekinde Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

24-nji noýabrda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan, şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew çykyş etdiler. Olar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti we şahyryň eserleriniň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki orny barada nygtadylar.  Şeýle hem maslahat bilen ugurdaşlykda Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň howandarlygynda we Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde çap edilen şahyryň täze neşiri tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň giriş sözleri bilen başlanýan täze neşir Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory Daý Guýsýu tarapyndan terjime edildi. Mundan başga-da, kitap «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyň eýesi, Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofenanyň sözbaşysyny, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Alymlar geňeşiniň makalalaryny öz içine alýar.

Akyldaryň goşgular ýygyndysy pars diline terjime edildi

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýyl Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli milli, sebit we halkara derejesinde medeni çärelerdir döredijilik agşamlary geçirilýär, şeýle hem akyldaryň goşgulary dünýäniň dürli dillerine terjime edilýär. Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» atly goşgular ýygyndysynyň pars diline terjime edilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Täze ýygyndy 449 sahypadan ybarat bolup, özünde akyldar şahyryň 270-den gowrak goşgusyny özünde jemleýär. Eýranly hünärmenleriň gatnaşmagynda taýýarlanylan neşiriň redaktorlyk işleri Dawut Orazsähedow we Sobhan Salariniýa, terjimesi bolsa Güýçmyrat Çangliýew bilen Aýmyrat Kulyýewa degişli. 500 nusgada neşir edilen kitap hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli we dünýä medeniýetindäki ähmiýeti dogrusynda aýdan sözleri hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy bilen açylýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde şygyr bentleriniň kapyýalaşyşy

Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyza, gymmatly edebi çeşmelerimize bagyşlap döreden «Hakyda göwheri» diýen kitabynyň halkymyza gowuşmagy akyldaryň ömrüni, döredijiligini öwrenmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Milli Liderimiziň ýiti zehininden çykan bu ajaýyp kitap akyldar şahyrymyzyň ýubileý toýuna nobatdaky sowgady bolup, eser edebi hem taryhy nukdaýnazardan gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, medeniýetimize, taryhymyza, edebiýatymyza degişli döreden gymmatly kitaplarynyň yzygiderli çap edilip durulmagy şeýle medeniýeti, edebiýaty miras goýan pederlerimiziň nesilleri hökmünde bizde milli buýsanjy kemala getirýär. Halkara derejesinde alnyp barylýan bu asylly işler edebiýatymyzyň ösmegine, kämil eserler bilen baýlaşmagyna goşant goşan şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň döredijiligini içgin öwrenmäge ruhlandyrýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giň umman deýin ondan islendik meseläniň dogry çözgüdini tapmak bolýar. Ol goşgularyny şygyr düzüliş kadalaryna laýyk getirip, pikiri gysby, çuň manyly bermegiň ussatlyk bilen hötdesinden gelipdir. Şygryň esasy alamatlary bolan bent, kapyýa, ritm ýaly ölçegleriň ýerli-ýeri

Žur­na­lis­tiň ­ýol­ ýaz­gy­la­ryn­dan

Ony iýip görenler biler. Dogry, nar Türkmenistanyň ähli ýerinde hem bitýär. Ýöne aýdymlarda waspy ýetirilýän gözel Sumbaryň nary weli, has üýtgeşik. Ýola çyksaň, gözüň täsinlikde bolýar, dogrumy? Ynha, Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolundan barýarkaň, bil ýazaýyn ýa-da bogaz ölläýin diýip, gadymy Bamy obasynyň ýanyndaky kiçijikden gözegelgiç söwda dükanynyň ýanynda säginersiň. Sebäbi gapdaljygynda gyzgynjak kofe, ajyja çaý, ýany bilenem, aýak üstünden ýürekselik ediner ýaly gabylja ýerjagaz bardyr. Giräýmänkäňem, gözüň münder edilen narlarda, üýşmek hozlarda, ululy-kiçili gaplara guýlan ary balynda, dürli miwelerden edilen mürepbedir kişdelerde... eglener.