Beýik döwletiň beýik taryhy hakynda

1 Dekabr 2024
100

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň, körpe çagalaryň aň-paýhasynyň kämil, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan habarly adamlar bolmaklygyny gazanmak babatda zerur tagallalar amala aşyrylýar. Şeýle işlerde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan, çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri nusgalyk mekdep bolup durýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserinde döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň pugtalandyrylmagy babatdaky meseleler bilen birlikde, watansöýüjilige, ahlak terbiýesine, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Alym Arkadagymyzyň paýhas dürdänelerini özünde jemleýän ajaýyp eserlerinde kitap okamagyň, esasanam, gowy kitaplary we eserleri okamagyň geljegimize oňyn täsiriniň, ummasyz peýdasynyň bardygy tekrarlanylýar.

30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren täze «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäher geňeşiniň bölüm müdiri.