TÜRKMEN MEDENIÝETINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Her bir maşgalanyň däp-dessura ýugrulan ýörelgeleri medeniýeti kemala getirýär. Medeniýet irki döwürlerden bäri, halkyň ýaşaýyş derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir. Her halk özüniň medeniýetini baýlaşdyrmak bilen dünýä medeniýetine goşant goşýar. Türkmen medeniýetiniň ajaýyplygy, çuňňur mazmuny, pelsepesi barada oýlananyňda, göz öňüňde Älemiň ýaradylyşynyň gözel pursadynyň keşbi janlanýar. Çünki medeni baýlyklarymyzyň owadanlygynda Arşyň we Kürsüň iň naýbaşy ajaýyplyklary, onuň many-mazmunynda bolsa dünýäniň akyldar-filosoflarynyň asyrlar içre gözlän sowallarynyň anyk we aýdyň jogaby jemlenipdir. Eýsem, medeniýet näme? Milli Liderimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda «Medeniýet — ahlak we edep ýörelgeleriniň binýady» diýip, jaýdar belleýär. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary terbiýelemekde milli medeniýetimiziň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli medeniýetimiz türkmeniň edim-gylymyna, pikir-garaýşyna ýugrulandyr. Halkymyzyň medeniýetine bolan sarpasy her bir türkmen ojagyndan başlanýar. Türkmenler dünýä ýüzünde zähmetsöýer, adalatly, ruhubelent, gaýduwsyz, edermen halk hökmünde tanalýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde, olarda milli däp-dessurlara bolan söýgini döretmekde amaly-haşam sungatynyň, türkmen halkynyň kalbynyň aýnasy bolan haly sungatynyň, şan-şöhraty äleme dolan seýisçilik sungatynyň,