Baýramçylyk söwdalary ýola goýuldy

8 Dekabr 2024
90

5-nji dekabrdan başlap, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda merkezlerinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýuldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýola goýlan 850-den gowrak ýörite söwda nokatlarynda halkymyza ýokary derejede söwda hyzmatlary hödürlenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreler görüldi. Göçme söwda nokatlaryny guramak, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja we miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek boýunça guramaçylyk işleri ýokary derejede alnyp baryldy.

Aýgül AŞYRMÄDOWA,
«Biznes reklama» gazetiniň jogapkär kätibi.