"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

«El hünäri il gezer»

Şeýle at bilen 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde ene-mamalarymyzdan miras galan köjüme el işi boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň 10-sy gatnaşdy. «Milli ýörelge  — köpe görelde» diýlişi ýaly, ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan ýaşlarymyz, gyz-gelinlerimiz milli däp-dessurlarymyza eýerip, milliligimizi, edep-ekramlylygy gorap saklamakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Çünki ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlygy hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, talyp gyzlar berlen wagtyň dowamynda ene-mamalarymyzdan miras galan köjüme el işi boýunça öz başarnyklaryny we ussatlyklaryny açyp görkezdiler.

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň maslahaty bolar

4 — 6-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Wise-premýer N.Atagulyýew nobatdaky Hökümet mejlisinde bu barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu giň gerimli gözden geçirilişe Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Sergä gatnaşyjylar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlaryny, himiki we gurluşyk serişdelerini, dokma, azyk senagatynyň önümlerini, derman serişdelerini, öý hojalyk harytlaryny öndürijilerden, logistika, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalardan ybarat bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanda glisirrizin turşusynyň önümçiligi ýola goýuldy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» agrosenagat toplumyna girýän Türkmenabat şäherindäki glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana täze önüm — glisirrizin turşusynyň önümçiligine girişdi. Uly islege eýe bolan bu önüm eksport we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Täze kärhana iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. «MION & MOSOLE» atly owradyjy enjam önümçiligiň ilkinji basgançagynda buýan köküni iki tapgyrda gaýtadan işläp, ergini almak üçin zerur bolan böleklere bölýär. Soňra üç bölümde ornaşdyrylan «DELLA TOFFOLA» atly 54 sany ergin alyjy enjam işjeň madda bolan glisirrizin turşusyny saýlap alýar.

Türkmen bazarynyň şirin şerbedi

Günleriň günlerden zyýada gelýän döwründe döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp zähmet çekýän türkmen işewürleriniň yhlasynyň, erjelliginiň miweleri biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi boldy. Has takygy, ýurdumyzyň azyk senagatynyň ösmegine önjeýli goşant goşýan telekeçilerimiziň esaslandyran hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň hili, döwrebaplygy, elýeterli bahasy barada näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Öndürilişiniň hiliniň dünýä ölçeglerine laýyklygy üçin «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgy bilen dünýä bazarlaryna eksporta çykýan önümleriň içinde azyk harytlary-da uly orny eýeleýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazlandyrylan alkogolsyz suwlary, witamin içgileri we miwe şerbetlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany barha artýar. Hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän, biri-birinden hili, amatlylygy babatda kem durmaýan dürli haryt nyşanly gazly we gazsyz içgileriň, miwe şerbetleriniň hyrydarlary diňe bir biziň watandaşlarymyz bolman, eýsem dünýä bazarynda hem olara isleg bildirýänleriň sany artmak bilen.

«Zyýat Hil» konditerlik tory Täze ýyl üçin sargytlary kabul edip başlady

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň tory Täze ýyl baýramçylygy üçin eýýämden sargytlary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu sargytlar babatda «Zyýat Hiliň» menýusynda tortlar, datly süýjülikler, dürli hili kökeler hem-de beýleki süýji tagamlar bar.

Saýawan önümçiligi we söwdasy

Biziň bu gezekki gürrüňimiz kömelege meňzeş saýawanlar hakynda bolar. Ygally howalarda daşary çykjak wagtymyz, ilki bilen, elimize zerur zatlaryň biri hökmünde saýawan alýarys. Ýagyşdan we Günüň ýiti, zyýanly şöhlesinden goraýan saýawanlar biziň durmuşymyzda möwsümleýin ulanylýan zatlaryň biridir. Saýawan adamzat tarapyndan irki oýlap tapyşlaryň biri hasaplanylýar. Papirusdan we agaçlaryň ýapraklaryndan ýasalan ilkinji saýawanlar gadymy Müsürde faraonlary Günüň yssy howrundan goramak üçin ýüze çykypdyr. Saýawan «umbros» diýen latyn sözünden bolup, ol «kölege» diýen manyny berýär.

«Xiaomi» äýnek çykarar

«Xiaomi» kompaniýasy 2025-nji ýylda emeli aň bilen işleýän äýnek çykarmagy meýilleşdirýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, emeli aň bilen işleýän äýnek öňümizdäki ýylyň birinji ýarymynda, has takygy, aprelde geçirilýän «Mi Fan» festiwalynyň çäklerinde tanyşdyrylar.

Bitkoiniň bahasy ýene ýokarlandy

Bitkoiniň bahasy barha ösmegini dowam edýär. 21-nji noýabrda kriptowalýutanyň hümmeti geçen hepdä seredeniňde, 4 göterim ösüp, 98 207 amerikan dollaryna ýetdi. Ýeri gelende bellesek, bitkoiniň bahasy soňky üç hepdäniň dowamynda 40 göterim gymmatlady.

«Hyundai Tucson» tanyşdyryldy

Ýewropadaky we Amerikadaky tanyşdyrylyşyndan soňra «Hyundai Tucson 2025» Koreýa Respublikasynda hem görkezildi. «Tucson 2025» awtoulagyň bahasy Koreýa Respublikasynda 19,8  müň amerikan dollaryndan başlanar. Ýeri gelende bellesek, bu awtoulagyň bahasy Amerikada 29,7 müň amerikan dollaryna deňdir.

«Starbucks» hytaý paýyny satmagy meýilleşdirýär

Kofe ulgamynda dünýä belli «Starbucks» amerikan kompaniýasy hytaý bazaryndaky paýynyň belli bir bölegini satmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» habarlar agentligi aýdýar. Hytaý «Starbucks» üçin ABŞ-dan soňra iň köp girdejili bazardyr. Kompaniýa geçen ýyl Hytaýda 3 milliard amerikan dollary girdeji gazandy. Şeýle-de ýurduň çäginde 7,6 müň kofehanalaryň ilata hyzmat edýändigi bellärliklidir.

Altyn gymmatlaýar

UBS şweýsar bankynyň hünärmenleri 2025-nji ýylda bir unsiýa altynyň bahasy 2900 amerikan dollary möçberinde bolar diýip çaklaýarlar. 2026-njy ýylda bolsa altynyň 2950 amerikan dollardan bahalanmagyna garaşylýar. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda bir unsiýa altynyň bahasy 2630 amerikan dollary möçberinde bolup, ol ýylyň başyndan bäri 28 göterim gymmatlady.

Ýakynda täze «Mercedes» görkezildi

Ýakynda dört nusgadan ybarat bolan täze «Mercedes–Benz GLE 2025» görkezildi. Nusgalaryň bahalary ortaça 116 — 130 müň amerikan dollary aralygynda bolar. Awtomobiliň daşky görnüşi 2024-nji ýylyň modeli bilen kybapdaş gelýär. «Mercedes–Benz GLE 2025» awtomobiliniň 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Ýewropa bazarlarynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

6,2 milliona satylan sungat eseri

20-nji noýabrda geçirilen «Sotheby's» auksionynda italýan suratkeşi Maurisiýo Kattelananyň eseri «Komendant» 6,2 million amerikan dollaryna satyldy diýip, «The New York Times» habar berýär. Auksionda eseriň başlangyç bahasy 1 — 1,5 million amerikan dollary möçberde bahalanýardy. «Komendant» eseriniň esasy aýratynlygy onuň diwara ýelmenen banan bolmagydyr. Ony hytaýly kripto-telekeçi Jastin San satyn aldy.

Britaniýada jaý gymmatlaýar

Sentýabr aýynda Britaniýada jaýlaryň bahasy 2,9 göterim gymmatlady. Netijede, jaýlaryň ortaça bahasy 369,7 müň amerikan dollaryna deň boldy. Şol bir wagtyň özünde-de London Beýik Britaniýada jaýlaryň bahasy arzanlan ýeke-täk sebit boldy. Londonda jaýlaryň bahasy 0,5 göterim arzanlady.

Ilon Mask ilkinji

Amerikaly milliarder Ilon Mask dünýäde ilkinji bolup «X» sosial torunda yzarlaýjysy 200 milliondan geçen adam boldy. Häzirki wagtda onuň yzarlaýjysynyň sany 205 milliona ýetdi. Bu sanawda Maskyň yzýanyndan Barak Obama (131,2 million yzarlaýjy), Kriştianu Ronaldu (113,8 million yzarlaýjy), Jastin Biber (109,7 million yzarlaýjy) hem-de Rianna (108,2 million yzarlaýjy) gelýär. Maglumat üçin, «X» sosial torunyň häzirki eýesi Ilon Mask bolup, ol platformany 2022-nji ýylda 44 milliard amerikan dollaryna satyn alypdy.

Kolleksiýa bagyşlanan auksion

18-nji noýabrda Sidel Milleriň kolleksiýasyna bagyşlanyp geçirilen «Sotheby's» auksiony 218 million amerikan dollaryny jemledi. Auksionyň dowamynda esasy ünsi özüne çeken Klod Moneniň «Küýzejikleri» 65,5 million amerikan dollary hem-de Pablo Pikassonyň «Heýkel» atly suraty 24,8 million amerikan dollary bahadan satyldy.

Tebigy gazyň gazylyp alnyşy artýar

Norwegiýada 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda 10,57 milliard kub metr tebigyz gaz gazylyp alyndy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3,6 göterim köpdür. Ýurtda ýanwar — oktýabr aýlarynda gazylyp alnan tebigy gazyň umumy mukdary bolsa 104,1 milliard kub metre barabar bolup, ol geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ep-esli ýokarydyr. Bilermenler Norwegiýanyň tebigy gazyň gazylyp alnyşyny yzygiderli artdyrmagynyň esasy sebäbiniň Ýewropanyň energetika bazarynda bahalaryň we üpjünçiligiň durnuklylygyny gazanmakdygyny belleýärler.

Ýaponiýanyň eksporty artýar

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň eksporty 3,1 göterim ýokarlandy. Agzalan aýyň jemi boýunça Ýaponiýa eksportdan 60,7 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Ýurduň eksporty Hytaýa 1,5 göterim, Russiýa 52,8 göterim, Hindistana 18,9 göterim artdy. Muňa garamazdan, şol döwürde ýurduň eksporty ABŞ-a 6,2 göterim, Germaniýa 9 göterim, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara 11,3 göterim peseldi.

«Jaguar» logotipini üýtgetdi

«Jaguar Land Rover» kompaniýasy özüniň 90 ýyllyk logotipine üýtgeşmeler girizdi. Has dogrusy, logotipiň üç elementi üýtgedildi. Birinjiden, täze şrift, ikinjiden, haýwanyň sudurynyň üstünden geçirilen 16 sany keseligine çyzyk, üçünjiden, täze reňk palitrasy.  Şeýle-de kompaniýa J we R harplaryndan ybarat täze logotipem hödürledi.

«Älem gözeli» mälim boldy

Daniýaly Wiktoriýa Kýer Teýlwig «Älem gözeli — 2024» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 17-nji noýabrda Mehiko şäherinde geçirildi. Wiktoriýa esasy bäşlige giren nigeriýaly, meksikaly, taýlandly hem-de wenesuelaly bäsdeşlerinden öňe saýlandy. Şeýle-de bu bäsleşige ilkinji gezek 28 ýaşdan uly zenanlaryň goýberilendigi bellärliklidir.