"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň hasabyna ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän kanunlaryň seljerilýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Özbegistandan,  Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Täjigistandan  gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini, suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli  dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 42 million 586 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, «Türkmenpagta» döwlet konsernine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine: — ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;

Halkara okuw maslahatlary hünärmenleriň tejribelerini artdyrýar

Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlar üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin okuw çäresi geçirildi. Oňa Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda koreý hünärmenleri täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we uly maglumatlar akymlary bilen işlemek nukdaýnazaryndan, serhetleri döwrebaplaşdyrmak boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle-de çäräniň dowamynda okuw maslahata gatnaşyjylar serhetüsti kagyzsyz söwda boýunça täze usulyýetler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Mundan başga-da, okuw maslahata gatnaşyjylar gümrük gözegçiligini ýeňilleşdirmek barada pikir alyşdylar. Şeýle-de Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşýan döwletlerden gyzyklanma bildirýänleriň arasynda global söwdanyň hereketini ýönekeýleşdirmek üçin serhetüsti sanly söwdanyň esasy ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurdumyzda Özbegistanyň Medeniýet günleri geçirildi

18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu babatda Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilendigi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilendigi bellenilmäge mynasypdyr.

Baky Bitaraplygymyza bagyşlandy

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — durnukly ösüşiň özeni» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Ýazgül Annageldiýewa, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Bahar Pirlekowa, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Oguljeren Öwezmeredowa, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Enebaý Akmämmedowa, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenbakaleýa» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Ogulşat Jajyýewa dagy gatnaşdylar.

Türkmen-özbek ikinji sebitara forumy ýokary netijeli geçirildi

21-nji noýabrda Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şeýle çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrülip, olar ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň güwäsi bolup durýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklarda kabul edilýän çözgütler hyzmatdaşlyga täze itergi berýär. Şunda sebitara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, 2022-nji ýylda Buharada birinji Türkmen-özbek sebitara forumy üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň iýulynda bolsa Daşkentde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy.

Türkmenabatda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi üstünlikli geçirildi

20-21-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumynyň çäklerinde Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi. Sergi meýdançasynda dag-magdan, metallurgiýa, nebit-gaz senagatynda, maşyn gurluşygynda, elektrik energetikasynda, dokma we himiýa senagatynda, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy, azyk önümleri, lukmançylyk serişdeleri, söwda ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalar öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Goňşy ýurduň haryt öndürijileriniň sergisi türkmen we özbek telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, kompaniýalar, maýadarlar bilen täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan we Özbegistan özara söwdanyň möçberini 2 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýärler

Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy iki esseden gowrak artdy. 2023-nji ýylda iki döwletiň arasyndaky söwdanyň möçberi 1 milliard amerikan dollaryndan geçen bolsa, 2024-nji ýylyň 10 aýyndaky görkeziji 940 million amerikan dollaryna ýetdi. Ýylyň ahyryna çenli bolsa geçen ýylky sepgidiň hem yzda galjakdygy bellenilýär. Iki goňşy döwlet ýakyn ýyllarda özara söwdanyň möçberini 2 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmegi meýilleşdirýär. Şunda hususy pudaga aýratyn orun degişlidir. Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumynda bellenilişi ýaly, şu gezekki çäreler türkmen we özbek işewürleri üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 10 aýda 950 million amerikan dollaryna golaýlady

2024-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 950 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär. 2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 848,5 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 53 million amerikan dollary möçberinde ýokarydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 7-nji orny eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 99,2 million amerikan dollaryna deň boldy.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Mahabatyň maksaAtlara görä toparlara bölünişi:

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bazar we marketing

ÝTÖB Türkmenistana maýa goýmagy dowam edýär

Has dogrusy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana 333 million ýewrodan gowrak maýa gönükdirdi. Onuň netijesinde ýurdumyzyň senagatynda, kiçi we orta telekeçiliginde 87 taslama durmuşa geçiriler. Häzirki wagtda ÝTÖB-iň gönükdiren maýasynyň netijesinde ýurdumyzda umumy bahasy 22 million ýewro deň bolan 15 taslama alnyp barylýar. Olaryň hatarynda işewürlik işiniň sanlylaşdyrylmagyny, halkara hil ölçeglerine ýetmekde kompaniýalara berilýän goldawlary aýtmak bolar. Şeýle-de bankyň hem-de türkmen tarapynyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda bäş ýyllyk meýilnama taýýarlanylýar. Bu resminamanyň esasy maksady ýurdumyzyň eksportynyň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de infrastrukturany ösdürmek bolup durýar. Şunda gaýtadan dikeldilýän energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär.

Türkmen kompaniýalary Hytaýda geçiriljek halkara sergilere çagyryldy

Türkmen telekeçileri Goragly çäk görkezijili önümleriň 25-nji halkara sergisine (PGIE) we Import ugurly azyk we oba hojalyk önümleriň halkara sergisine (CIFA) gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada TSTB anna güni habar berdi. «PGIE»we «CIFA» sergileri sertifikatlaşdyrylan oba hojalyk we azyk önümleri, şol sanda belli bir sebitleriň önümleriniň ýokary hilini we aýratynlygyny şöhlelendirýän çäk görkezijili harytlary tanyşdyrmak üçin möhüm meýdança öwrüler.

«El hünäri il gezer»

Şeýle at bilen 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde ene-mamalarymyzdan miras galan köjüme el işi boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň 10-sy gatnaşdy. «Milli ýörelge  — köpe görelde» diýlişi ýaly, ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan ýaşlarymyz, gyz-gelinlerimiz milli däp-dessurlarymyza eýerip, milliligimizi, edep-ekramlylygy gorap saklamakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Çünki ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlygy hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, talyp gyzlar berlen wagtyň dowamynda ene-mamalarymyzdan miras galan köjüme el işi boýunça öz başarnyklaryny we ussatlyklaryny açyp görkezdiler.

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň maslahaty bolar

4 — 6-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Wise-premýer N.Atagulyýew nobatdaky Hökümet mejlisinde bu barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu giň gerimli gözden geçirilişe Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Sergä gatnaşyjylar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlaryny, himiki we gurluşyk serişdelerini, dokma, azyk senagatynyň önümlerini, derman serişdelerini, öý hojalyk harytlaryny öndürijilerden, logistika, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalardan ybarat bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanda glisirrizin turşusynyň önümçiligi ýola goýuldy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» agrosenagat toplumyna girýän Türkmenabat şäherindäki glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana täze önüm — glisirrizin turşusynyň önümçiligine girişdi. Uly islege eýe bolan bu önüm eksport we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Täze kärhana iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. «MION & MOSOLE» atly owradyjy enjam önümçiligiň ilkinji basgançagynda buýan köküni iki tapgyrda gaýtadan işläp, ergini almak üçin zerur bolan böleklere bölýär. Soňra üç bölümde ornaşdyrylan «DELLA TOFFOLA» atly 54 sany ergin alyjy enjam işjeň madda bolan glisirrizin turşusyny saýlap alýar.

Türkmen bazarynyň şirin şerbedi

Günleriň günlerden zyýada gelýän döwründe döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp zähmet çekýän türkmen işewürleriniň yhlasynyň, erjelliginiň miweleri biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi boldy. Has takygy, ýurdumyzyň azyk senagatynyň ösmegine önjeýli goşant goşýan telekeçilerimiziň esaslandyran hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň hili, döwrebaplygy, elýeterli bahasy barada näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Öndürilişiniň hiliniň dünýä ölçeglerine laýyklygy üçin «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgy bilen dünýä bazarlaryna eksporta çykýan önümleriň içinde azyk harytlary-da uly orny eýeleýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazlandyrylan alkogolsyz suwlary, witamin içgileri we miwe şerbetlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany barha artýar. Hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän, biri-birinden hili, amatlylygy babatda kem durmaýan dürli haryt nyşanly gazly we gazsyz içgileriň, miwe şerbetleriniň hyrydarlary diňe bir biziň watandaşlarymyz bolman, eýsem dünýä bazarynda hem olara isleg bildirýänleriň sany artmak bilen.

«Zyýat Hil» konditerlik tory Täze ýyl üçin sargytlary kabul edip başlady

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň tory Täze ýyl baýramçylygy üçin eýýämden sargytlary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu sargytlar babatda «Zyýat Hiliň» menýusynda tortlar, datly süýjülikler, dürli hili kökeler hem-de beýleki süýji tagamlar bar.

Saýawan önümçiligi we söwdasy

Biziň bu gezekki gürrüňimiz kömelege meňzeş saýawanlar hakynda bolar. Ygally howalarda daşary çykjak wagtymyz, ilki bilen, elimize zerur zatlaryň biri hökmünde saýawan alýarys. Ýagyşdan we Günüň ýiti, zyýanly şöhlesinden goraýan saýawanlar biziň durmuşymyzda möwsümleýin ulanylýan zatlaryň biridir. Saýawan adamzat tarapyndan irki oýlap tapyşlaryň biri hasaplanylýar. Papirusdan we agaçlaryň ýapraklaryndan ýasalan ilkinji saýawanlar gadymy Müsürde faraonlary Günüň yssy howrundan goramak üçin ýüze çykypdyr. Saýawan «umbros» diýen latyn sözünden bolup, ol «kölege» diýen manyny berýär.