Türkmenistan we Özbegistan özara söwdanyň möçberini 2 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýärler

24 Noýabr 2024
195

Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy iki esseden gowrak artdy. 2023-nji ýylda iki döwletiň arasyndaky söwdanyň möçberi 1 milliard amerikan dollaryndan geçen bolsa, 2024-nji ýylyň 10 aýyndaky görkeziji 940 million amerikan dollaryna ýetdi.

Ýylyň ahyryna çenli bolsa geçen ýylky sepgidiň hem yzda galjakdygy bellenilýär. Iki goňşy döwlet ýakyn ýyllarda özara söwdanyň möçberini 2 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmegi meýilleşdirýär. Şunda hususy pudaga aýratyn orun degişlidir. Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumynda bellenilişi ýaly, şu gezekki çäreler türkmen we özbek işewürleri üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde netijeli meýdança bolup
hyzmat etdi.

Keramat BABAÝEW, TDBGI-niň talyby.