"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Howpsuzlygyň gözbaşy

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň möhüm tabşyryklaryndan ugur alyp, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmeklige çagyrýar. Ýangyn howpsuzlygy üçin, ilki bilen, döwlet ülňülerine laýyk gelýän goraýjylaryň ornuna bölek sim sarap ulanmak gadagan edilýär. Wagtlaýyn görnüşde elektrik akymyny geçiriji simleri gurnamaklyga, ulanmaklyga ýol bermeli däl.

Ýaşlar — ýurdumyzyň geljegini gurujylar

Hormatly Prezidentimiziň şu ýyl geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen ajaýyp sözleri bagtyýar raýatlarymyzyň her birine egsilmez ynam döredýär, belent maksatlara amal etmeklige borçlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz esasy maksada ýetmekde, ata Watanyň, halkyň bähbidi üçin beýik işleri amala aşyrmakda türkmen ýaşlaryna aýratyn bil baglaýar. Çünki hormatly Prezidentimiz özüniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda bagtyýar ýaşlara ata Watanymyzyň şöhratyny beýgeltmek, ony zähmet üstünlikleri bilen galkyndyrmak babatda ýol-ugur görkezýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bu asylly maksada amal etmekde, ýaşlary goldamakda, olaryň işjeňligini artdyrmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnaly hem indi iki ýyldan bäri, ýaşlaryň döredijiligine goldaw bermek, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işlere seslenmelerini, ýürek buýsançlaryny bagtyýar halkymyza ýetirmek babatda uly işleri alyp barýar.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).    ahabat ir wagtlardan bäri, halky ýönekeý habarly etmekden başlap, sarp edijini ynandyrmak sungatyna çenli özüniň ösüş ýoluny geçip, adamlaryň özüni alyp barşyna belli bir derejede täsirini ýetirýän gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Hut şu sebäpli-de, psihologiýa, sosiologiýa, ykdysadyýet we beýleki ylymlar tarapyndan mahabatyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna ýetirýän täsiri öwrenilýär.

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Häzirki zaman şertlerinde halkyň sarp edýän harytlarynyň marketinginde sarp edijilik islegini kanagatlandyrmak derejesini hemişe öwrenmek zerur bolup durýar. Ony harytlara bolan teklibiň, islegiň ýagdaýyň üýtgemegine laýyklykda döretmeli. Senagat we söwda guramalarynyň özara baglanyşygyny öwrenmeli, talaba, döwre görä üýtgetmeli, bazaryň ýagdaýyny yzygiderli öwrenmegiň ähmiýetini ýokarlandyrmaly, önümçiligiň derejesini we öndürilen önümleri ýerlemegiň görnüşlerini güýçlendirmeli.

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda esasy çemeleşmeler

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Halkara ulgamlara utgaşmak we hyzmatdaşlygyny giňeltmek:

Haly düşek törde ýagşy

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň lirikasyny bezeýän 70-e golaý şygyrlarynda dokmaçylyk önümleri, esbaplary, bezegleri, matalaryň atlary, reňkleri bilen bagly leksik aňlatmalaryň 100-den gowragy duş gelýär. Şahyryň «Gyş bolar», «Nahana geldiň», «Bibat görüner», «Utup durupdyr», «Daň atmazdan burun», «Don gerek», «Şalyk bile», «Atça bolmaz», «Köýmän ýigide», «Köz bile», «Ölmezden burun»... ýaly goşgularyny milli dokmaçylyk önümlerine bagyşlanan eserleriň iň görnükli nusgalary hasaplamak bolar. Dananyň «Şalyk bile» atly gazalynyň ikinji bendiniň üçünji setirinde «Ýatsa ýer boldy düşek, örtünjesi parça kilim», «Don tapylmasa» atly şygrynyň birinji bendinde «Dok talaşar sigse hylgat geýmäge, // Kilim gözel zatdyr don tapylmasa» diýen pähimli setirleri okamak bolýar. Kilim — ýüwürdilende, haly ýaly ýüwürdilip, öýdülip dokalýan, ýüzüne dürli nagyşlar salynýan, kiçi dokmaçylyk düşeklik önümidir. Ýaşy üç asyry dolduryp barýan ussadyň dana setirlerinde sigse sözi — ýüz, şatlanyp, joşup, doýgun, şeýda ediji, saýlanan, arassa diýmekligi, hylgat sözi — şalaryň halady, emirleriň serpaýy, begleriň sylagly peşgeşi diýmekligi aňladýar.

Ýüpek ýoly — halklaryň bagtyýarlygy

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlary gurşap alan giň möçberli işler we beýik özgertmeler mähriban Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynyň ösüşine giň ýol açýar. Durmuşa geçirilýän bu milli hem-de pudaklaýyn maksatnamalar makroykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegine, şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň iri logistika merkezine öwrülmegine gönükdirilendir. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşyny düýpli özgertmäge, ony ölçäp bolmajak has ýokary derejä çykarmaga ýardam berýän Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň altyn halkasy bolup durýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýol magistralynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherlerindäki halkara howa menzilleriniň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, Aşgabat — Türkmenbaşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygyna badalga berilmegi döwletimiziň ulag-logistika ulgamynyň hil taýdan täze belentliklere tarap bedew bady bilen öňe ynamly barýandygynyň subutnamalarydyr. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty sebitiň iri üstaşyr geçelgesi hökmünde giňden ykrar edildi. Bu iri deňiz porty Ýewropa — Kawkaz — Merkezi Aziýa halkara ulag g

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Norwegiýa Korollygy

Norwegiýa Korollygy Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy bolup, dünýäde adam ösüşiniň indeksi boýunça öňdäki orny eýeleýän döwlet hökmünde tanalýar. 2024-nji ýyl boýunça adam ösüşiniň indeksinde bu ýurt dünýäde birinji orny eýeleýär. Häzirki wagtda Norwegiýanyň Hökümeti resurslary netijeli we tygşytly ulanmak maksady bilen, sirkulýar ykdysadyýete geçmeklige we ony ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle ähmiýetli işleri durmuşa geçirmek üçin ýurtda «ýaşyl» sirkulýar ykdysadyýetiň Milli strategiýasy kabul edilýär. Milli strategiýanyň gurluşy şu aşakdakylardan ybarat:

Maýanyň hasabyna galkynýan ykdysadyýet

Syýahatçylyk pudagy, ajaýyp aşhanasy, hytaý, hindi, Ýewropa däpleriniň täsirinde ornaşan medeniýeti bilen tanalýan Malaýziýa häzirki wagtda ösen ykdysadyýetli ýurt hökmünde hem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ummanyň içinde ýerleşýän ýurt soňky ýyllarda hyzmatlar pudagynyň, içerki sarp edijileriň hem-de ýerli telekeçileriň hasabyna güýçli ösüşi başdan geçirýär. Muňa 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde hasaba alnan 5,9 göterimlik ykdysady ösüş hem (2024-nji ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 4,2 göterime deň boldy) şaýatlyk edýär. Malaýziýanyň Merkezi bankynyň hünärmenleri ýokary depginli ösüşi daşary ýurt maýa goýumlarynyň köpelmegi, içerki islegiň we eksportyň geriminiň giňemegi bilen düşündirýärler. Ýurduň ykdysadyýeti soňky 4 ýylda ortaça 4,5 göterim (ýyllyk) ösüp, bu babatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 15-nji orunda durýar. Şol bir wagtda, Malaýziýanyň jemi içerki önüminiň hakyky (real) ýyllyk ösüşi 4,8; hümmetsizlenme 2,8; işsizlik derejesi bolsa 3,5 göterime deňdir. Ýurduň Merkezi bankynyň hasabatyna laýyklykda, Malaýziýanyň jemi içerki önüminiň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 1,043 trillion amerikan dollaryna, adam başyna düşýän jemi içerki önüminiň 12 253 amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. Uzakmöhletleýin meýilnamalaryň netijesinde bu görkezijiniň 2025-nji ýylda 12 779, 2026-njy ýylda bolsa 13 342 amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar. «Statista» p

Balyk we deňiz önümleriniň girdejisi şu ýyl 676 milliard amerikan dollaryndan geçer

«Statista»* kompaniýasynyň çaklamasyna görä, 2024-nji ýylda dünýäde balyk we deňiz önümleriniň önümçiliginiň girdejisi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim ýokarlanyp, 676,2 milliard amerikan dollary töweregi bolar. Analitikleriň seljermesine laýyklykda, golaýdaky 5 ýylyň dowamynda balyk we deňiz önümleri bazarynyň ýyllyk ösüşi ortaça 6,54 göterimden ybarat bolar. Bu bazaryň girdejisiniň agramly bölegi Hytaýa degişli bolar (2024-nji ýylda 97 milliard amerikan dollary). Bu görkezijini ilat sanyna böleniňde adam başyna 87,3 amerikan dollaryndan düşýär. Hytaýdan soňra Hindistan, Ýaponiýa, ABŞ we Indoneziýa barýar. 2024-nji ýylda balyk we deňiz önümleriniň satuwy dünýä boýunça adam başyna 4,9 kilogramdan düşer diýlip çak edilýär. 2028-nji ýylda bolsa balyk we deňiz önümleriniň tebigy agramy 42,8 million tonna barar.

ÝÇL: «Liwerpul» ýeke-täk lidere öwrüldi

Geçen hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri Ýewropanyň çempionlar ligasynda dördünji tapgyryň oýunlary geçirildi. Tapgyr birnäçe garaşylmadyk netijeleri bilen ýatda galdy. Olaryň esasylary sişenbe agşamynda hasaba alyndy. Has takygy, şol gün «Milan» ýaryşyň häzirki çempiony «Realyň» myhmany bolup, yzyna 3 utuk bilen dolandy. «Rossoneriler» ýer eýelerini 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Şeýle-de «Sporting» öz öýünde «Mançester Sitini» kabul edip, uly hasapda garşydaşyndan üstün çykdy. Lissabon kluby baş tälimçi Ruben Amorimiň golastynda ÝÇL-däki soňky oýnunda «Mançester Sitiden» 4:1 hasabynda üstün çykdy. Tapgyryň ýene bir garaşylmadyk netijesi «Aston Willanyň» myhmançylykda «Brýuggeden» ýeňilmegidir. Bu oýnuň ykbalyny ýer eýeleriniň oýunçysy Hans Wanakeniň 52-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly kesgitledi. Şeýle-de «Atletikonyň» myhmançylykda «PSŽ-ni» 2:1 hasabynda utmagy hem köpleri geň galdyrdy. Tapgyryň beýleki esasy oýunlarynda «Inter» öz öýünde «Arsenaly», «Bawariýa» bolsa öz öýünde «Benfikany» birmeňzeş 1:0 hasabynda, «Barselona» myhmançylykda «Srwena Zwezdany» 5:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Liwerpul» bolsa «Enfildde» «Baýeriň» derwezesine jogapsyz 4 gol urdy. Şeýlelikde, heniz utuk ýitirmedik «Liwerpul» dördünji tapgyrdan soňra turnir tablisasynda ýeke-täk lidere öwrüldi. Şeýle-de ilkinji bäşlikde «Sporting», «Monako», «Brest» we «Inter» (hem

FIFA-dan möhüm täzelik

FIFA 2025-nji ýylda geçiriljek Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň geçiş tertibini yglan etdi. Oňa laýyklykda, her bir topar ýaryşa gatnaşmak üçin iň azyndan 26, iň köp bolan halatynda 35 oýunçynyň sanawyny hödürlemeli. Olaryň 3-isiniň derwezeçi bolmagy hökmany. Her oýna gatnaşmak üçin 26 oýunçy saýlanylyp alnyp bilner. Ýaryş indiki ýylyň 15-nji iýuny — 13-nji iýuly aralygynda ABŞ-da geçiriler, şoňa görä-de toparlar 30-njy iýunda şertnamasy gutarýan oýunçylaryny çalşyp bilerler. Ýöne şol bir oýunça iki toparyň düzüminde ýaryşa gatnaşmaga rugsat berilmeýär. Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna 32 topar gatnaşar. Olar hersi 4 topardan ybarat 8 toparça bölünerler.

Merkezi Aziýada futbol boýunça täze ýaryş dörediler

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (MAFA) özüniň agzasy bolup durýan 6 döwletiň klublarynyň gatnaşmagynda täze ýaryşy döretmegi meýilleşdirýär. Oňa Türkmenistanyň toparlarynyň hem çagyrylmagyna garaşylýar. Deslapky meýilnama laýyklykda, ýaryşda Eýrandan we Özbegistandan 1 toparyň, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Owganystandan hem-de Türkmenistandan 2 toparyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Ýaryşy geçirmek üçin meýilleşdirilýän wagt 2025-nji ýylyň aprel-maý aýlarydyr. Ýeri gelende bellesek, MAFA şu wagta çenli dürli ýaş derejesindäki ýygyndylaryň arasynda sebitleýin ýaryşlary guran hem bolsa, heniz klublaryň arasynda turnir geçirmändi.

«The Ring» žurnalynyň eýesi üýtgedi

Turki Al Aş-Şeýh boks dünýäsindäki iň abraýly neşirleriň biri bolan «The Ring» žurnalyny satyn aldy. Saud Arabystanynyň Dynç alyş we güýmenje maksatly çäreler müdirliginiň başlygy Turki Al Aş-Şeýh boks dünýäsindäki iň abraýly neşirleriň biri bolan «The Ring» žurnalyny satyn aldy.

Aziýanyň geçen möwsümdäki iň güýçli topary tälimçisini täzeledi

Geçen möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasynda (häzirki AFK Elite çempionlar ligasy) ýeňiş gazanan BAE-niň «Al-Aýn» kluby baş tälimçisi Ernan Krespony işden boşatdy. Muňa toparyň şu möwsümde AFK Elite çempionlar ligasyndaky hem-de içerki çempionatdaky şowsuz oýny sebäp boldy. Toparyň häzirki wagtda 4 tapgyrdan soňra bary-ýogy 1 utugy bar. «Al-Aýn» dördünji tapgyrda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» klubundan 5:1 hasabynda ýeňildi. Ol duşuşyk Ernan Krespo üçin «Al-Aýnyň» halypasy hökmündäki ahyrky oýun boldy. Maglumat üçin, «Al-Aýn» BAE-niň çempionatynda hem sekizinji ýerde barýar.

WTA-nyň Jemleýji turniriniň çempiony belli boldy

2 — 9-njy noýabr aralygynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde zenanlaryň arasynda WTA-nyň Jemleýji turniri geçirildi. Ýaryşda dünýäniň iň gowy 8 tennisçisi çempionlyk üçin güýç synanyşdy. Turniriň çempionlygy dünýäniň üçünji raketkasy amerikaly Kori Gauffa nesip etdi. Ol 9-njy noýabrda geçirilen final oýnunda hytaýly Çžen Sinweni ýeňlişe sezewar etdi. 3 sagat 4 minut dowam eden oýun 3:6, 6:4, 7:6 hasabynda amerikaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy.

Mahaçýew-Sarukýan söweşi «UFC 311» turniriniň çäginde geçiriler

«UFC 311» turniriniň geçiriljek senesi we ýeri yglan edildi. Oňa laýyklykda, turnir 18-nji ýanwarda Los-Anjelesde geçiriler. Turniriň esasy tutluşygynda ýeňil agramyň çempiony Islam Mahaçýew Arman Sarukýana garşy oktagona çykar. Bu barada «RIA Nowosti» habar berdi. Ýeri gelende bellesek, bu söweş aslynda «UFC 308» turniriniň çäginde geçirilmelidi. Emma Mahaçýewiň şikes alandygy sebäpli tutluşyk soňa süýşürilipdi.

Altyn dünýä gaznalarynda barha köpelýär

Oktýabr aýynda dünýäniň iri maýa goýum gaznalarynda gymmaty 4,3 milliard amerikan dollaryna deň 43,3 tonna altyn köpeldi. Bu barada Bütindünýä Altyn Geňeşi habar berýär. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda dünýäniň iri maýa goýum gaznalarynda 285,7 milliard amerikan dollary möçberinde altyn bardyr.

«Akylly» yşyklandyryjy

«Xiaomi» kärhanasy «Mijia Vertical Study Lamp Pro» atly iş ýerini ýagtyldýan «akylly» yşyklandyryjysy bilen tanyşdyrdy. Yşyklandyryjynyň beýikligi 2 metre, uzynlygy bolsa 1,05 metre ýetýär. Enjamda birbada iki sany lampa oturdylyp, olaryň birinjisi aşak, ikinjisi ýokaryk bakýandyr. «Mijia Vertical Study Lamp Pro» yşyklandyryjysynyň bahasy 677 amerikan dollaryna deňdir.

Emeli aň bilen işleýän kärhana

«Changan» hem-de «Huawei» hytaý kompaniýalary bilelikde «Changan Auto» diýlip atlandyrylan awtomobilleri öndürýän kärhana açdylar. Täze kärhana emeli aňyň kömegi bilen iş alyp barýan ilkinji kompaniýalaryň biri bolar. Kärhananyň umumy meýdany 400 inedördül metre deň bolup, onuň içinde 1,5 müňe golaý robotlaşdyrylan enjamlar oturdylandyr.