Ýüpek ýoly — halklaryň bagtyýarlygy
Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlary gurşap alan giň möçberli işler we beýik özgertmeler mähriban Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynyň ösüşine giň ýol açýar. Durmuşa geçirilýän bu milli hem-de pudaklaýyn maksatnamalar makroykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegine, şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň iri logistika merkezine öwrülmegine gönükdirilendir. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşyny düýpli özgertmäge, ony ölçäp bolmajak has ýokary derejä çykarmaga ýardam berýän Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň altyn halkasy bolup durýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýol magistralynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherlerindäki halkara howa menzilleriniň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, Aşgabat — Türkmenbaşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygyna badalga berilmegi döwletimiziň ulag-logistika ulgamynyň hil taýdan täze belentliklere tarap bedew bady bilen öňe ynamly barýandygynyň subutnamalarydyr. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty sebitiň iri üstaşyr geçelgesi hökmünde giňden ykrar edildi. Bu iri deňiz porty Ýewropa — Kawkaz — Merkezi Aziýa halkara ulag g