"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Baffet «Appledäki» paýnamasyny satmagyny dowam edýär

«Berkshire Hathaway» «Apple» kompaniýasyndaky özüne degişli bolan paýnamalaryny satmagyny dowam edýär. Baffetiň kompaniýasy «Appeliň» paýnamalarynyň 13 göterimini birinji çärýekde, 50 göterimini bolsa ikinji çärýekde satypdy. Häzirki wagtda Uorren Baffete «Apple» kompaniýasynyň 300 million paýnamasy degişlidir. Maglumat üçin, «Berkshire Hathaway» kompaniýasynyň pul gory 325 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

3 milliard amerikan dollarlyk paýnama satar

Milliarder Jeff Bezos «Blue Origin» kärhanasyna we «Bezos Day One Fond» haýyr-sahawat gaznasyna maýa goýmak üçin «Amazon» kompaniýasynyň paýnamalaryny satmagyny dowam edýär. Bu gezek Bezos 3 milliard amerikan dollary möçberinde paýnamalaryny satar. Ýeri gelende aýtsak, Jeff Bezosyň mundan öňki satan paýnamalary onuň pul goruny 222 milliard amerikan dollaryna ýetipdi.

Halkara logistika sergileri geçirildi

5 — 7-nji noýabr aralygynda Özbegistanda hem-de Polşada logistika bagyşlanan sergi geçirildi. Özbegistanda geçirilen 20-nji Halkara sergi «Transport we logistika» diýlip atlandyryldy. Sergi «Ulag-aragatnaşyk hyzmatlary», «Awtoşaýlar», «Ýol howpsuzlygy» ýaly birnäçe bölümlerden ybarat boldy. Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen halkara sergi bolsa «TransLogistica Poland 2024» diýlip atlandyryldy.

Russiýadaky iň meşhur robot tozan sorujylar

«Ali Express» onlaýn platformasy Russiýada 2024-nji ýylyň üç çärýeginiň jemi boýunça iň meşhur robot tozan sorujylaryň sanawyny düzdi. Sanawyň ilkinji bäşligi şulardan ybarat: «Roborock Q7 MAX Plus», «Roborock S8 Robot Vacuum Cleaner», «Dreame Bot L10 Pro», «Roborock Q8 Max» we «Xiaomi Mi Omni Robot 1S».

«UniCredit SpA» girdejisini artdyrdy

Italiýanyň «UniCredit SpA» banky özüniň düşewündini 3 göterim, arassa girdejisini bolsa 8 göterim artdyrdy. Bu ösüş soňky çärýegiň dowamynda bolup geçdi. Bankyň habarlar bölüminiň mälim etmegine görä, «UniCredit SpA» üçünji çärýegiň dowamynda 6,14 milliard ýewro düşewünt, 2,51 milliard ýewro arassa girdeji gazandy.

55 million ýewro arassa girdeji gazandy

Germaniýanyň «Hugo Boss AG» kompaniýasy şu ýylyň üçünji çärýeginiň jemi boýunça 55 million ýewro arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, 16 göterim pesdir. Kompaniýanyň umumy girdejisi bolsa 1,03 milliard ýewro deň boldy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary ýylyň jemi boýunça «Hugo Bossyň» girdejisi 4,2 – 4,35 milliard ýewro ýeter diýip çaklaýarlar.

«Xiaomiden» ýene bir täzeçillik

«Xiaomi» kompaniýasy «Smart Home Screen Mini» diýlip atlandyrylan täze smart-displeý çykardy. Displeý akylly öýüň enjamlaryny dolandyrmaga ukyplydyr. Enjamyň göwrümi 113×78×54 ululykdadyr. Ol beýleki enjamlara Wi-Fi hem-de Bluetooth torlarynyň üsti bilen birigýär. Smart-displeýi diňe ýüzünden däl-de, eýsem, ses bilenem dolandyryp bolýandyr. «Smart Home Screen Mini» smart-displeýi 35 amerikan dollaryndan satlyga çykaryldy.

«Kiadan» täze awtomobil

Dünýä belli «Kia» kompaniýasy Koreýa Respublikasynda özüniň «Kia Sportage 2026» atly awtomobilini görkezdi. Täze awtomobil 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde satuwa çykarylar. Awtomobil «Prestige», «Noblesse», «Signature» hem-de «Signature X-Line» nusgalardan ybaratdyr. Olaryň bahasy 20,5 – 25,5 müň amerikan dollary aralygynda bolar.

39,6 million planşet kompýuter satyldy

«IDC» derňew kompaniýasynyň habar bermegine görä, geçen çärýegiň jemi boýunça dünýäde 39,6 million planşet kompýuteri satylypdyr. Bu görkeziji satuwyň öňki möwsümlerine garanyňda, 20,4 göterim ýokarydyr. Planşet kompýuterlerini öňdebaryjy öndürijiler şu kompaniýalardyr: «Apple», «Samsung», «Amazon», «Huawei» we «Lenovo». Satylan planşet kompýuterleriniň 30,6 milliony ady agzalan kompaniýalaryň paýyna düşýär.

«DHL Groupyň» düşewündi ýokarlandy

Germaniýanyň «DHL Group» logistika kompaniýasynyň üçünji çärýekde düşewündi 6,2 göterim ýokarlansa-da, onuň arassa girdejisi 6,9 göterim pese gaçdy. Has dogrusy, kompaniýanyň düşewündi 20,592 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Kompaniýanyň arassa girdejisi bolsa 751 million amerikan dollaryna deň boldy. Ýeri gelende bellesek, logistika bazarynda «DHL Group» kompaniýasy dünýäniň iň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanýar.

«Coffee Tea Cacao Expo» söwda sergisi geçiriler

13 — 15-nji noýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde «Coffee Tea Cacao Expo» söwda sergisi geçiriler. Sergi kofe, çaý, kakao we şokolad önümçiligi pudagynda iş alyp barýan ýörite hünärmenler üçin guralýar. Sergä ýokarda agzalan pudaklardan 120 sany kompaniýa gatnaşar. Maglumat üçin, şu ýyl «Coffee Tea Cacao Expo» ilkinji gezek Kazanda geçiriler. Mundan öň sergi Moskwa şäherinde geçirilýärdi.

Dünýä bazarynda kofäniň eksporty ýokarlanýar

Dünýä bazarynda iň geçginli harytlaryň biri kofedir. Käbir döwletler her ýyl millionlarça halta kofe eksport edýär. 2024-nji ýylda kofe eksportynda öňdebaryjy ýurtlaryň arasynda birinjiligi Braziliýa, ikinjiligi Wýetnam eýeledi, başdaky üçlügi bolsa Kolumbiýa jemledi. Maglumat üçin, kofe eksportynda birinjiligi eýelän Braziliýa şu ýylyň dowamynda 66,3 million halta kofe eksport etdi.

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 15. MEKDEPDÄKI ÇYKYŞ

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji oktýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini belledi.

Ýetilen sepgitleriň sergisi

Düýn, 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly 12-nji halkara sergi öz işine başlady. Halkara sergi «Net organization», Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň guramagynda amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan bu giň gerimli çäre dünýäniň dürli künjeginden 100-den gowrak kompaniýany bir ýere jemledi. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Hindistanyň, Latwiýanyň, Germaniýanyň hem-de Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy wekilleri bar.

Gümrük gullugynyň okuw maslahatlary geçirilýär

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan yzygiderli guralýan okuw maslahatlary netijeli häsiýete eýe bolýar. Bu okuw maslahatlaryna diňe bir gümrükçi harby gullukçylar gatnaşman, eýsem, daşary ykdysady işine gatnaşyjy taraplar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleridir telekeçiler gatnaşýarlar. Ýakynda Aşgabat şäherindäki Halkara gümrük terminalynda hem-de Mary welaýat gümrükhanasynda harytlar gümrük serhedinden geçirilende, intellektual eýeçilige hukuklary goramak boýunça pudagara maslahat geçirildi. Maslahata Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň jogapkär hünärmenleri, patent ynamdarlary hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen manadynyň güni bellenildi

1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine milli manadyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde, ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly, döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli bank işgärlerine iberen Gutlagynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Owganystandan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portlandsementi, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de türkmen telekeçileriniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 557 müň 400 amerikan dollaryna deň boldy.