"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Döwrebap ýel elektrik generatorlary

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda) Smartfonlar üçin ýel elektrik generatory

Kämil jemgyýet kuwwatly döwletiň girewidir

Golaýda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda milli Liderimiziň 1-nji iýulda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da berkitmek, kämil jemgyýeti kemala getirmek, nesil terbiýesine jogapkärli çemeleşmek, ýaşlaryň internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyny gazanmak ýaly döwrüň wajyp wezipeleri barada wagyz-nesihat duşuşygy bolup geçdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň degişli wekilleri gatnaşyp, olar söwda ulgamynda zähmet çekýän işgärleriniň öňünde düzgün-tertibiň hemişe berk berjaý edilmelidigi, biziň gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň esasynda ýurdumyzda kämil jemgyýeti kemala getirmegiň ýollary barada, nesil terbiýesine bolan ünsi güýçlendirmegiň, ýaşlaryň we çagalaryň boş wagtlaryny nämelere sarp edýändiginiň hemişe gözegçilikde bolmalydygy hakynda täsirli çykyşlar etdiler. Şeýle-de wagyz-nesihat duşuşygynda tomus paslynyň yssy günlerinde Gün urmasyndan goranmagyň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegin

Harytlar we hyzmatlar ulgamynda hil meselesi

Harytlar we hyzmatlar babatynda ýurdumyzda netijeli ykdysady syýasatyň amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Çünki hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli ulgamlarda hil görkezijilerini ösdürmekde ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda öndürilýän önümleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda harytlar we hyzmatlar ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelerden dünýä ülňülerine laýyk öňdebaryjy, döwrebap enjamlar, tehnikalar bilen bu pudagyň üpjün edilmegini, hil boýunça ylmy garaýyşlary beýan edýän «Standart, hil we howpsuzlyk» atly ýörite žurnalyň çap edilmegini, harytlary we hyzmatlary dolandyrmak ulgamynda geljekde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlaýan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Hili dolandyrmak» hünäriniň açylmagyny we beýlekileri görkezmek bolar. Bu işler ulgamyň işiniň ilerlemegine uly itergi berýär.

Bilim işiniň sanlylaşdyrylmagy

Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimli, ýokary aň-düşünjeli, giň gözýetimli we giň dünýägaraýyşly ýaşlar kemala gelýär. Sanly ykdysadyýete geçmek, ýönekeý dilde aýdylanda durmuşyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Bazar gatnaşyklaryna mahsus şertlerde kämil hünärmenleri taýýarlamak işinde, olarda zähmet işine uýgunlaşmak we bäsleşige ukyplylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek hem-de ösdürmek esasy wezipeleriň birine öwrülýär. Şunda, zerur bolan bilimleriň sanly görnüşde alynmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Owganystandan, Türkiýeden, Gyrgyz Respublikasyndan we Gonkongdan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, awiakerosini, polietileni we beton önümlerini satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 898 müň 475 dollaryna barabar boldy.

Dünýäniň birža täzelikleri

«Blend Labs» 20 million paýnama ýerleşdirdi Kaliforniýada ýerleşýän «Blend Labs» kompaniýasynyň söwdalary 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-nyň 361 million dollaryna, girdejisi bolsa ABŞ-nyň 27,1 million dollaryna barabar boldy. Ýaňy-ýakynda «Blend Labs» kompaniýasy gazna biržasynda «BLND» belgi bilen her biriniň bahasy ABŞ-nyň 16 — 18 dollary aralygynda 20 million paýnama ýerleşdirdi. Araçy bolup «Goldman Sachs», «Allen & Co.» we «Wells Fargo Securities» banklary çykyş etdiler. Birža söwdalaryndan soň kompaniýanyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 3,95 milliard dollaryna barabar boldy.

Мама, я стал выше тебя!

Отец, идущий с мальчиком на шее, который не утратил еще удовольствие сидеть на шее папы. Рядом идет мать, которая горда за них. Приятное зрелище. Человек иногда находит, то, что ищет, случайно. Строчек, которые вызывают трепет, находишь не в самых желанных книгах, а тогда, когда просто идешь по дороге.

Sadalar (Hekaýa)

Dünýä üýtgeşik. Şonuň üçin adamlaram şeýle, üýtgeşik. Megerem, bir ýerlerde şol üýtgeşik adamlar şu sözleri okaýandyr. Ýöne olaryň käbirleri özleriniň üýtgeşikdigini bilýänem däldirler. Bir ussat ýazyjy aýtmyşlaýyn «Adam pahyr özüne meňzeşden bizar-da. Oňa üýtgeşikjesi gerek. Üýtgeşiklerem senden bizar» diýip, nagt jogaby beräýmelidirem welin... Ýöne ynsanyň durmuşynda bolan we geljekde bolaýmaly wakalar onuň ykbalyna öz täsirini ýetirmän geçmeýär. Ýatlamalar bolsa stoluň tahyly ýaly bir zat, olar sepleşip-sepleşip, üsti-üstüne ynsan ömrüniň hörpüni baýlaşdyrýar gidiberýär, gidiberýär... Ýatlamalar — çarhypelegiň bir aýrylmaz bölegi. Ynsan olary ondan-oňa göçüp-gonup ýören hyýal ummanyndaky bir geçegçi guş kimin saýhallaýar. Has gowularyny begenç bilen ýatlaýar, a käbirlerini bolsa ýatlamazlyga çytraşýar. Dogrusam-da! Ýatlamasaň gowy. Belki, olar ýada düşüberse, eýesine güzap berer. Onsoň, niçikmi sen olary ýatdan çykarjak bolup dert-azar bolarsyň. Emma ki ýatdan çykaýmaz. Hamala, stoluň aşakdaky tahylynyň hälki bir çüňkünde duran mysaly. Elbetde, olary gorjanyňdan gorjamadygyň ýeg... ...Edil düýnjik-dä. Kitaphana girdi. Kitap saýlady. Okalga eýwanynda özüne amatly ýer gözledi. Tapdy. Ýerleşdi, oturgyçlaryň birine. Ýanyndaky şu gün çykan gazeti bir gyra süýşürdi-de, kitaby açdy. Sözbaşyny okanam şoldy welin, garşysyndaky oturgyja bir ýigit gelip ýerleşdi. Ýigidiň gözleri gazetl

Baý bolmagy her kim başarar

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda) Durnukly girdejä tarap 12 ädim

Wawilonyň iň baý adamy

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda) Pul — bu zemindäki üstünligiň ölçeg serişdesi.

«Ömür biziň çakymyzdan tiz geçýär...»

SEN ÝETIR!«Gyrat meni Çandybile sen ýetir»GörogludanÝüzüň gülmez ýazgydyňdan ýeňilseň,Hezil bolmaz şatlygyňdan kemilse,Dilegden başga zat gelmez elimden,Ykbal meni söwer ýara sen ýetir! Gijeler Aý şaýat, Gün şaýat gündiz,Şygry hemdem tutdy bu ömür ýalňyz,Seni tüýs ýürekden söýýär diý, bir gyz,Ykbal meni söwer ýara sen ýetir!

Amerika Kubogy gyzyşýar

Futbolsöýerleriň köpüsiniň ünsi Ýewropa gönükdirilen birwagtda Günorta Amerikada hem yklym birinjiligi çekeleşikli ýagdaýda dowam edýär. Şenbe we ýekşenbe günleriniň säherinde geçirilen çärýek finalyň oýunlaryndan soňra Perunyň, Braziliýanyň, Kolumbiýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylary öz atlaryny ýarym finala ýazdyrdylar. ¼ final tapgyrynda Peru Paragwaýdan esasy wagty 3-3 tamamlanan oýnuň 11 metrlik jerime urgular seriýasynda 4-3 hasabynda üstün çykan bolsa, ýer eýesi Braziliýa Çiliniň milli ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýle-de çärýek finalda Argentina Ekwadory 3-0 hasabynda ýeňip, Kolumbiýa 11 metrlik jerime urgularynyň seriýasynda Urugwaýdan 4-3 hasabynda üstün çykyp, ýarym finalda top depmäge hukuk gazandy. Indi ýarym finalda Braziliýa Peru bilen, Argentina bolsa Kolumbiýa bilen, finala çykmak ugrunda göreş alyp barar.

«Uimbldon»-da güýçlüleriň işi ugruganok

Şu günler Beýik Britaniýanyň London şäherinde tennis boýunça otly kortlarda geçýän «uly tuwulga» — «Uimbldon» gyzgalaňly dowam edýär. Ýaryşda has hem zenanlaryň arasynda ýekelikdäki oýunlar garaşylmadyk netijelere diýseň baý ýagdaýda geçýär. Eýýäm ýaryşyň birinji aýlawynda dünýä sanawynyň sekizinji basgançagyndaky Serena Uilýams belarussiýaly Aleksandra Sasnowiçe garşy korta çykyp, duşuşykda şikes alandygy sebäpli, ýaryşy terk etdi. Şeýle-de birinji aýlawda WTA reýtinginiň onunjy ýerini eýeläp duran çehiýaly Petra Kwitowa hem ýaryş bilen hoşlaşdy. Kwitowa amerkialy Sloan Stiwenz bilen güýç synanyşyp, 3:6, 4:6 hasaplarynda ýeňlişe sezewar boldy. Gyzykly tarapy, ikinji aýlawda top-10-lugyň ýene üç zenan tennisçisi gülberini arkasyna daňmaga mejbur edildi. Has takygy, bu aýlawda amerikaly Sofýa Kenin (dünýä reýtinginde 6-njy ýer) ildeşi Medison Brenglden 2:6, 4:6 hasaplarynda ýeňildi. Mundan başga-da, kanadaly Býanka Andreesku (7) fransiýaly Alize Korneden 2:6, 1:6 hasaplarynda, ukrainaly Elina Switolina (5) polşaly Magda Linettden 3:6, 4:6 hasaplarynda asgyn geldi. Şeýlelikde, eýýäm deslapky tapgyrdan soňra ilkinji onlugyň bäş wekili göreşden çykdy. Ýeri gelende, top-10-luga girýän ýaponiýaly Naomi Osakanyň hem-de rumyniýaly Simone Halepiň «Uimbldon»-a gatnaşmaýandşygynyda bellemek gerek.

«Mançester Ýunaýted» Sançony düzümine goşdy

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» topary tomusky transfer möwsüminde birnäçe uly transferleri amala aşyrmagy niýet edinýär. Geçen hepde şolaryň ilkinjisi bilen ylalaşyk gazanyldy. Oňa laýyklykda, Angliýanyň milli ýygyndysynyň we Dortmundyň «Borussiýa»-synyň wingeri Jeýdon Sanço mundan beýläk «Old Trafford»-da top deper. Bar bolan maglumatlara görä, nemes topary bu söwdadan 85 million ýewro gazanar. Şeýle-de ýene 10 million ýewro möçberde goşmaça tölegler hem göz öňünde tutulan. «Mançester Ýunaýted» bilen 2026-njy ýyla çenli niýetlenilen şertnama razylyk beren Sançonyň özi bolsa, «Old Trafford»-daky her bir hepdesi üçin 250 müň funt sterling möçberde hak alar. Maglumat üçin, 21 ýaşly Jeýdon Sanço Bundesliganyň geçen möwsüminde «Borussiýa»-nyň lybasynda 26 duşuşykda meýdança çykyp, 8 gol urdy we 11 gezek golly pas berdi. 

Mançininiň «ädiginiň» ýoly

Edebiýatdan azajyk bolsa-da habarly türkmen okyjysy üçin, Nurberdi Pommanyň «Ädigimiň ýoly» goşgusy tanyş bolsa gerek. Ol goşguda şahyr öz ädiginiň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda birnäçe menzilleri aşyp, Berline çenli geçen ýoly hakynda çeper söhbet edýär. Eserde dürli synaglara sezewar bolan awtoryň diňe sag-aman öz nazarlan menziline ýeteninden soňra ädigini aýagyndan çykarandygy beýan edilýär. Biziň bu günki gürrüňimiz bolsa, edebiýata, umuman, dahyly bolmadyk italýan tälimçisi Roberto Mançininiň «ädiginiň» ýoly — dünýä kartasynda ädikpisint şekili emele getirip duran ýurt — Italiýanyň Ýewro — 2020-däki ýörişi barada. Ýewro — 2020-niň saýlama oýunlaryny hernäçe şowly geçiren-de bolsa yklym birinjiligi başlanmazdan ozal, Italiýanyň milli ýygyndysy ýaryşyň baş baýragy üçin esasy dalaşgär hökmünde dile alynmandy. Belki-de, munuň esasy sebäbi Mançininiň golastyndaky oýunçylarynyň hiç biriniň göz gamaşdyryjy derejede şöhle saçýan ýyldyz däldigi hem bolup biler. Emma düzümi şeýle adatyja hasaplanylan Italiýa eýýäm toparçadaky oýunlarda özüniň kubok üçin örän çynlakaý göreşjekdigini subut etdi. Türkiýäniň, Uelsiň we Şweýsariýanyň milli ýygyndylary bilen bir kwartetden ýer alan «skuadza adzurra» ýüz göterimlik netije — 9 utuk bilen indiki tapgyra adyny ýazdyrdy. Italýanlaryň toparçadaky oýunlaryň dowamynda öz derwezesinden ýekeje-de top alyp çykmandygy bolsa, aýratyn nygtalmaga m

Baý bolmagy her kim başarar

Durnukly girdejä tarap 12 ädim Ähli adamlar haýsy hem bolsa bir maksada ýetmegiň, gowy iş etmegiň arzuwynda. Şu jähetden seretseň-ä, hemmämiz meňzeş ýaly, ýöne, her niçigem bolsa, bizi bir-birimizden tapawutlandyrýan nähilidir bir aýratynlyk bar. Bu aýratynlyk — arzuwlarymyza näderejede ynanýandygymyz hem-de özümize keseki adamyň gözi bilen seredip bilmek ukybymyz bilen baglanyşykly.

Wawilonyň iň baý adamy

Wawilonly düýe söwdagäri Açlyk duýgusy näçe ýiti boldugyça kelle şonça dury işleýän eken, naharyň ysy dagy janyňy alyp gelýär.

Birža täzelikleri

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gonkongdan, Singapurdan, Owganystandan, Türkiýeden, BAE-den, Beýik Britaniýadan we Azerbaýjandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polietileni, tehniki kükürdi we polipropileni satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli matalar satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 168 müň 390 dollaryna barabar boldy.

Döwrebap ýel elektrik generatorlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz gülleýär, güýçli depgin bilen öňe barýar. Dürli senagat kärhanalary ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda ekologiýa meselesi hem ünsden düşürilmeýär. Mälim bolşy ýaly, tebigy çeşmeleriň — Günüň, ýeliň, suwuň, geo we gidrotermal ýylylygyň, biogazyň we beýlekileriň energiýalaryny peýdalanmaga gönükdirilen innowasion, ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy häzirkizaman ylmyň öňünde goýlan esasy wezipeleriniň biri. Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda adaty däl energetika geçilmegi durnukly ykdysady ösüşe möhüm goşant bolar hem-de daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna senagatyň ýaramaz täsirini peseltmäge mümkinçilik berer, howanyň üýtgemegi ýaly häzirkizaman global meseleleri çözmäge kömek eder. Dünýäde häzirki wagtda öňe sürülýän energiýany gaýtadan dikeldiji çeşmeleriň biri hökmünde ýel elektrik generatorlaryny mysal getirmek bolar. Olaryň has kämil görnüşlerine seredip geçeliň.

Tebigata zyýansyz maýa goýumlar

Soňky ýyllarda ekologik meýilnama gazna bazaryna aralaşdy. Indi maýadarlar diňe bir baýlygyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşaw barada alada edýärler. Jogapkärli maýa goýumlarynyň aktiwlerinden biri (ESG) gymmatly kagyzlary saýlamagyň daşky gurşaw, durmuş we dolandyryş (Environmental, Social, Governance) faktorlaryna esaslanýan çemeleşmesidir. «Ýaşyl» obligasiýalara maýa goýmak bilen, maýadar daşky gurşaw baradaky aladalardan özüni boşadýar, sebäbi bu obligasiýalar ekologik taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin goýberilýär. «Ýaşyl» obligasiýalar adaty obligasiýalardan tapawutlanmaýar, olar belli bir girdejisi bolan şol bir gymmatly kagyzlardyr. Maýadar belli bir döwür aralygynda öz serişdelerini emitentlere — kärhanalara karz berýär. Şeýlelikde, bu ýagdaýda çekilen serişdeler daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak we tebigata ýetirilen zyýany azaltmak üçin gönükdirilýär: gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, biodürlüligi gorap saklamak, meliorasiýa, galyndylary gaýtadan işleýän toplumlaryny gurmak, elektrik transportyny ornaşdyrmak, arassalaýyş desgalaryny kämilleşdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we beýlekiler.