«Blend Labs» 20 million paýnama ýerleşdirdi
Kaliforniýada ýerleşýän «Blend Labs» kompaniýasynyň söwdalary 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-nyň 361 million dollaryna, girdejisi bolsa ABŞ-nyň 27,1 million dollaryna barabar boldy. Ýaňy-ýakynda «Blend Labs» kompaniýasy gazna biržasynda «BLND» belgi bilen her biriniň bahasy ABŞ-nyň 16 — 18 dollary aralygynda 20 million paýnama ýerleşdirdi. Araçy bolup «Goldman Sachs», «Allen & Co.» we «Wells Fargo Securities» banklary çykyş etdiler. Birža söwdalaryndan soň kompaniýanyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 3,95 milliard dollaryna barabar boldy.