Amerika Kubogy gyzyşýar

5 Iýul 2021
337

Futbolsöýerleriň köpüsiniň ünsi Ýewropa gönükdirilen birwagtda Günorta Amerikada hem yklym birinjiligi çekeleşikli ýagdaýda dowam edýär. Şenbe we ýekşenbe günleriniň säherinde geçirilen çärýek finalyň oýunlaryndan soňra Perunyň, Braziliýanyň, Kolumbiýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylary öz atlaryny ýarym finala ýazdyrdylar. ¼ final tapgyrynda Peru Paragwaýdan esasy wagty 3-3 tamamlanan oýnuň 11 metrlik jerime urgular seriýasynda 4-3 hasabynda üstün çykan bolsa, ýer eýesi Braziliýa Çiliniň milli ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýle-de çärýek finalda Argentina Ekwadory 3-0 hasabynda ýeňip, Kolumbiýa 11 metrlik jerime urgularynyň seriýasynda Urugwaýdan 4-3 hasabynda üstün çykyp, ýarym finalda top depmäge hukuk gazandy. Indi ýarym finalda Braziliýa Peru bilen, Argentina bolsa Kolumbiýa bilen, finala çykmak ugrunda göreş alyp barar.

Taýýarlan: Nedir Ataýew,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar