Tebigata zyýansyz maýa goýumlar

5 Iýul 2021
368

Soňky ýyllarda ekologik meýilnama gazna bazaryna aralaşdy. Indi maýadarlar diňe bir baýlygyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşaw barada alada edýärler. Jogapkärli maýa goýumlarynyň aktiwlerinden biri (ESG) gymmatly kagyzlary saýlamagyň daşky gurşaw, durmuş we dolandyryş (Environmental, Social, Governance) faktorlaryna esaslanýan çemeleşmesidir. «Ýaşyl» obligasiýalara maýa goýmak bilen, maýadar daşky gurşaw baradaky aladalardan özüni boşadýar, sebäbi bu obligasiýalar ekologik taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin goýberilýär.

«Ýaşyl» obligasiýalar adaty obligasiýalardan tapawutlanmaýar, olar belli bir girdejisi bolan şol bir gymmatly kagyzlardyr. Maýadar belli bir döwür aralygynda öz serişdelerini emitentlere — kärhanalara karz berýär. Şeýlelikde, bu ýagdaýda çekilen serişdeler daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak we tebigata ýetirilen zyýany azaltmak üçin gönükdirilýär: gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, biodürlüligi gorap saklamak, meliorasiýa, galyndylary gaýtadan işleýän toplumlaryny gurmak, elektrik transportyny ornaşdyrmak, arassalaýyş desgalaryny kämilleşdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we beýlekiler.

Şirin ORAZMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar