Döwrebap ýel elektrik generatorlary

5 Iýul 2021
299

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz gülleýär, güýçli depgin bilen öňe barýar. Dürli senagat kärhanalary ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda ekologiýa meselesi hem ünsden düşürilmeýär. Mälim bolşy ýaly, tebigy çeşmeleriň — Günüň, ýeliň, suwuň, geo we gidrotermal ýylylygyň, biogazyň we beýlekileriň energiýalaryny peýdalanmaga gönükdirilen innowasion, ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy häzirkizaman ylmyň öňünde goýlan esasy wezipeleriniň biri. Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda adaty däl energetika geçilmegi durnukly ykdysady ösüşe möhüm goşant bolar hem-de daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna senagatyň ýaramaz täsirini peseltmäge mümkinçilik berer, howanyň üýtgemegi ýaly häzirkizaman global meseleleri çözmäge kömek eder.

Dünýäde häzirki wagtda öňe sürülýän energiýany gaýtadan dikeldiji çeşmeleriň biri hökmünde ýel elektrik generatorlaryny mysal getirmek bolar. Olaryň has kämil görnüşlerine seredip geçeliň.

Wepa SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar