Döwlet sylagyňyz üçin taňryýalkasyn, Gahryman Arkadagymyz!
Roza Orazowa, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň mahabat bölüminiň redaktory. Ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, kalbymyzyň baky bahary bolup, bagtyýarlyk zamanamyzyň ajaýyp aýdymynda belende galýar. Berkarar ýurt, belent ykbal, Arkadagly türkmenimden, şöhrat-şany dünýä ykrar ýurdumyz toý lybasynda hasam owadan. Ine, şeýle ajaýyp günde meniň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagym başymy göge ýetirdi. Şanly toýuň joşgunynda begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Bu pursat, ýagny belent döwlet sylagynyň özüme gowşurylmagy meniň ykbalymda iň arzuwly wakalaryň biridir. Çekilen zähmete goýulýan sarpa göwnüňi göterýär, ýene-de zähmet üstünliklerine borçlandyrýar. Ýurdumyzda il-halkyň bähbidine, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokary derejelere çykmagy üçin alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady, ýadawsyz aladalary jemlenendir.