Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

27 Sentýabr 2021
849

25-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilip, ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän maslahatyň gün tertibine özbaşdaklyk ýyllary içinde gazanylan netijeleri jemlemek, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Halk Maslahatynyň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar bar.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy)