"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

«Ma­il.ru Group» ady­ny üýt­getdi

«TASS» agent­li­gi­niň habar bermegine görä, «Ma­il.ru Group» kor­po­ra­si­ýa­sy ady­ny «VK» adyna üýtgetdi. «Tä­ze «VK» at tu­tuş kor­po­ra­si­ýa üçin ýe­ke-täk brend ady bo­lar. «Ma­il.ru Group»-dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, tä­ze at di­ňe bir kor­po­ra­si­ýa­nyň çä­gin­de däl, eý­sem, kor­po­ra­si­ýa­nyň in­ter­net önüm­le­rin­de-de — ara­gat­na­şyk­da, oýun­lar­da, bi­lim­de (mek­dep­den ýo­ka­ry oku­wa çen­li), der­man we azyk önüm­le­ri­ni el­tip ber­mek­de, tak­si­de, aw­tou­la­gy kä­ren­de­si­ne al­mak­da we on­laýn söw­da­lar­da, ki­çi we uly telekeçilikde we beý­le­ki­ler­de ula­ny­lar» di­ýip, kor­po­ra­si­ýa­nyň baş di­rek­to­ry Bo­ris Dob­ro­de­ýew köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren in­terw­ýu­syn­da bel­läp geç­di.

«Yan­dex» elekt­ro­sa­mo­kat hyz­ma­ty­ny sa­tyn al­ýar

Rus­si­ýa fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Yan­dex» kor­po­ra­si­ýa­sy Ys­ra­ýyl döw­le­tin­dä­ki hyz­mat­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýär. Has dog­ru­sy, kor­po­ra­si­ýa­nyň Ys­ra­ýyl­da ýer­leş­ýän «Yan­go» bö­lüm­çe­si elekt­ro­sa­mo­kat­la­ry kä­ren­de­si­ne al­mak hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýän «Wind Mo­bi­li­ty» kom­pa­ni­ýa­sy­ny sa­tyn al­mak­çy bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da «Wind Mo­bi­li­ty» kom­pa­ni­ýa­sy Pa­riž­de, Ber­lin­de, Bar­se­lo­na­da we Lis­sa­bon­da he­re­ket ed­ýär. Ys­ra­ýyl­da kom­pa­ni­ýa­nyň eýe­çi­li­gin­de 10 müň sa­mo­kat iş­le­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, «Yan­dex» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň «Yan­go» bö­lüm­çe­si Ys­ra­ýyl­da tak­si we res­to­ran­lar­dan sar­gyt­la­ry el­tip ber­mek hyz­mat­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar.

«Volks­wa­gen» Gün­do­gar Ýew­ro­pa­da za­wod gur­ýar

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Gün­do­gar Ýew­ro­pa­da ba­ta­re­ýa za­wo­dy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri­ne baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Has dog­ru­sy, «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze za­wo­dy­ny Weng­ri­ýa­da, Pol­şa­da, Slo­wa­ki­ýa ýa-da Çe­hi­ýa­da gur­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Aw­tou­lag kär­ha­na­sy 2027-nji ýyl­da işe gi­ri­zi­ler. Bu tä­ze­lik­den soň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 0,86% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 309,31 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«Xiaomi»-niň akylly sowadyjysy

«Xiao­mi» kom­pa­ni­ýa­sy Hy­taý­da ba­ha­sy, tak­my­nan, ABŞ-nyň 850 dol­lary möçberinde bo­lan «Xiao­mi Mi­jia Ref­ri­ge­ra­tor Cross Fo­ur-Do­or Exclu­sive Edi­tion» ky­sym­ly tä­ze akyl­ly so­wa­dy­jysy­ny köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. Ses­siz ga­py­la­ry, aý­ra­tyn bö­lüm­le­ri we çalt so­wa­dyş ul­ga­my bi­len müş­de­ri­le­riň ün­sü­ni çe­ken bu so­wa­dy­jy po­lo­ži­tel we ot­ri­sa­tel ion­lar­dan peý­da­lan­ýan iş­jeň ste­ri­li­za­si­ýa ul­ga­my­na eýe­dir. Bu bol­sa 99,9% ne­ti­je­li­li­gi bi­len 2 sa­gat ste­ri­li­za­si­ýa et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. So­wa­dy­jy­nyň 7 sa­ny aý­ra­tyn bö­lü­mi bo­lup, olar ene­ler hem ça­ga­lar üçin bö­lü­minden, gö­zel­lik we sag­lyk zo­la­gy­ndan, is­len­dik tem­pe­ra­tu­ra­da go­ýup bol­ýan tä­ze iý­mit­ler üçin giň bö­lü­mden, nem­len­di­ri­len ter iý­mit­le­riň bö­lü­mden, mi­we­le­ri we gök önüm­le­ri sak­la­mak üçin giň çek­meden, esa­sy bö­lü­mden we doň­du­ry­jy ka­me­ra­sy­ndan ybaratdyr. So­wa­dy­jy 5-20°C ara­ly­gyn­da giň tem­pe­ra­tu­ra saz­la­ýyş dia­pa­zo­ny­ny sak­lap, se­kunt­da 10 ge­zek tem­pe­ra­tu­ra öl­çeg­le­ri­ni al­ýar. Onuň çak edil­ýän umu­my sarp ediş güý­ji 0,79 kWt / sa­ga­da, ses de­re­je­si bol­sa ba­ry-ýo­gy 37 dB-e deň­dir.

Hin­dis­tan aw­tou­lag sig­nal­la­ry­na üýt­geş­me gi­riz­mek­çi bol­ýar

Hin­dis­ta­nyň ýer­li ne­şir­le­rin­de çy­kan ha­bar­la­ra gö­rä, ýur­duň trans­port mi­nist­ri Ni­tin Gat­ka­ri bu ýer­dä­ki aw­tou­lag­la­ryň sig­nal­la­ry­ny mil­li saz­lar bi­len ça­lyş­ma­gy tek­lip ed­ýär. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, hin­di halk saz gu­ral­la­ry­nyň se­si adam­la­ryň eşi­diş or­gan­la­ry üçin has ýa­kym­ly bo­lar. Şeý­le-de mi­nistr Ni­tin Gat­ka­ri «Tiz kö­mek» we beý­le­ki ýö­ri­te aw­tou­lag­la­ryň ças­ly ses­le­ri­ni hem «Akaş­wa­ni» mil­li ra­dios­tan­si­ýa­syn­da goý­be­ril­ýän mil­li saz­la­ry bi­len ça­lyş­ma­gy ýer­lik­li bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýar. Mag­lu­mat üçin, Hin­dis­tan­da bü­tin dün­ýä­niň aw­tou­lag­la­ry­nyň di­ňe 1 gö­te­ri­mi ha­sa­ba al­nan­dyr. Ýö­ne şeý­le-de bol­sa bu ýurt aw­tou­lag­la­ryň sig­nal­la­ry­nyň iň köp ula­nyl­ýan ýe­ri­dir.

«Bir özi öý­de» ki­no­fil­mi­niň tä­ze gör­nü­şi çyk­dy

Kris Ko­lam­bu­syň «Bir özi öý­de» ko­me­di­ýa­sy­nyň tä­ze­den su­ra­ta dü­şü­ri­li­şi­niň ma­ha­ba­ty si­şen­be gü­ni «20th Cen­tu­ry» stu­di­ýa­sy­nyň res­mi «You­Tu­be» ka­na­lyn­da go­ýul­dy. Fil­miň asyl nus­ga­syn­da bol­şy ýa­ly, tä­ze fil­miň sýu­že­ti hem ýe­ne ene-ata­sy ta­ra­pyn­dan Rož­dest­wo gü­ni öýün­de ýat­dan çy­ka­ry­lyp gi­di­len og­lan­jyk. Bu film­de hem öý­de ýe­ke özi ga­lan og­lan­jyk özü­ni we öýü­ni ýa­man adam­lar­dan go­ra­ma­ly bol­ýar. Ýö­ne bu ge­zek baş gah­ry­ma­nyň ady Ke­win däl-de, Maks bol­dy. Ko­me­di­ýa­da baş ro­ly «Jod­jo tow­şa­ny» fil­min­den to­ma­şa­çy­la­ra bel­li bo­lan Ar­çi Ýeýts jan­lan­dyr­ýar. Fil­mi il­kin­ji ge­zek 12-nji no­ýabr­da gör­kez­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

«Toyota Mirai» dünýä rekordyny täzeledi

«To­ýo­ta» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň wo­do­rod­da iş­le­ýän «Toyo­ta Mi­rai» aw­tou­la­gy uzak ara­ly­ga ge­çiş bo­ýun­ça dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Has dog­ru­sy, «Toyo­ta Mi­rai» iki gün­de 1360 ki­lo­metr ýol geç­di. «Toyo­ta Mi­rai» sy­ýa­ha­ty­ny ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň köp­çü­lik­le­ýin ula­nyş ýo­lun­da ama­la aşyr­dy. Onuň re­kord sy­na­ny­şy­gy­na Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri gö­zeg­çi­lik et­di­ler. «Toyo­ta Mi­rai» bu sy­ýa­ha­ty üçin, ba­ry-ýo­gy 5,65 ki­log­ram wo­do­rod harç­la­dy. 

Amerikan kompaniýasy howa şarynda äleme syýahata gidýär

ABŞ-nyň «World View» kompaniýasy 2024-nji ýylda howa şarlarynda stratosfera uçuşlara başlamakçy bolýar. Ýerli web-saýtlaryň habar bermegine görä, howa şarynda äleme syýahata gitmegi isleýän her bir adam ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberinde pul serişdesini tölemeli bolar. Howa şaryndaky kapsula sekiz orunlyk bolup, uçuş 6 – 8 sagat dowam eder. Bu sagadyň dowamynda älem syýahatçylary 30 kilometr belentlige çykarlar.

Edebiýat

Bize Beýik Alla, galdyr bizi günde ýerden Gün kibi,

Aforizmler

Ko­fe üçin hem­me za­da ka­ýyl bo­lup bo­lar, hatda işe git­mä­gede. Bill Geýts

Baý bolmagy her kim başarar

Saidmurod Dawlatow (Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda)

«Ferrarisini» satan keşişden durmuş sapaklary

Robin Şarma (Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda)

TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ MI­NISTR­LER KA­BI­NE­TI­NIŇ GI­ŇIŞ­LE­ÝIN MEJ­LI­SI

8-nji okt­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da ýu­bi­leý ýy­ly­nyň do­kuz aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di, Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­nyň we ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len beý­le­ki mak­sat­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, beý­le­ki de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň hem-de paý­tag­ty­my­zyň we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di, ýa­kyn gel­jek üçin ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­re geç­mek bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Berdimuhamedowa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň pu­dak­la­ry­nyň dur­nuk­ly ösü­şi­ni tas­syk­la­ýan şu ýy­lyň do­kuz aýyn­da­ky mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Öm­rüň sa­ka­sy

Sag­lyk yn­sa­nyň be­den we ru­hy taý­dan, şeý­le-de jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ryn­da özü­ni duý­şu­nyň iň­ňän go­wu­ly­gyn­da ýü­ze çyk­ýar. Adamyň sag­ly­gy, il­ki bi­len, onuň özü­ne bag­ly. Çün­ki bi­ziň her bir he­re­ke­ti­miz­den, özü­mi­zi alyp bar­şy­myz­dan baş­lap, tä uka gi­den ha­la­ty­myz hem sag­ly­my­zy go­ra­mak öz eli­miz­de. Luk­man­la­ryň mas­la­hat ber­me­gi­ne gö­rä, sag­dyn be­den­li, ru­hy taý­dan sa­gat bol­mak üçin wagt­ly-wag­tyn­da iý­mit­len­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak, ýe­ter­lik uky­ňy al­mak, iň esa­sy­sy-da, aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni do­ly we dog­ry ber­jaý et­mek ze­rur bo­lup dur­ýar.

Tä­sir­li ge­çen on­laýn fo­rum

8-nji okt­ýabr­da ta­mam­la­nan «Pan­de­mi­ýa­dan soň se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň üs­ti bi­len di­ke­liş döw­ri» at­ly fo­rum söw­da me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin işe­wür we­kil­le­ri, hö­kü­met iş­gär­le­rini we sy­ýa­sat­çy­la­ry, pu­dak kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny, se­bitiň we beý­le­ki ýurt­la­ryň hü­när­men­le­ri­ni bir­leş­dir­di. Fo­rum­da pan­de­mi­ýa­dan soň­ky söw­da ýag­daý­la­ry, Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw howp­suz­ly­gy, Mer­ke­zi Azi­ýa­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri we beý­le­ki gy­zyk­ly te­ma­la­ry ara alnyp mas­la­hat­laşyldy. Bäş gün do­wam eden bu wir­tual çä­re­de Mer­ke­zi Azi­ýa­dan, ABŞ-dan we dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­dan 80-den gow­rak meş­hur spi­ker­ler çy­kyş et­di­ler we 42 ýurt­dan 3500 gat­na­şy­jy bol­dy. ABŞ-nyň Hal­ka­ra Ösüş Gu­ra­ma­sy (USAID) 4-nji okt­ýabr­da baş­la­nan «Pan­de­mi­ýa­dan soň se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň üs­ti bi­len di­ke­liş döw­ri» at­ly 11-nji Mer­ke­zi Azi­ýa söw­da fo­ru­my­ny on­laýn ýag­daý­da ge­çir­di. Wir­tual fo­rum 2021-nji ýy­lyň 8-nji okt­ýab­ry­na çen­li do­wam et­di. Fo­rum ABŞ-nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň 5 döw­le­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ga­bat gel­ýär. Bu dö­wür­de Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy, de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­ri, yk­dy­sa­dy ösü­şi hem-de yn­san­per­wer­lik k

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de öz işine başlan «EKS­PO – 2020»-de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li gü­ni bel­le­nip ge­çil­di

-njy okt­ýab­r­da hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de öz işi­ne baş­lan «EKS­PO — 2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sinde Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasy boldy. Bu bütindünýä ykdysady gözden geçiriş dabarasyna dün­ýä döw­let­le­ri­niň 190-sy bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti hem öz mil­li pa­wil­ýo­ny bi­len gat­naş­ýar. Ser­gi­niň esa­sy mak­sa­dy, dün­ýä­niň iň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­dan, hä­zir­ki za­ma­nyň iň soň­ky in­no­wa­si­ýa­la­ry, yl­my açyş­la­ry we pi­kir­le­ri bi­len ta­nyş­mak­dan yba­rat­dyr. Şeý­le ab­raý­ly çä­rä bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri ýur­du­my­zyň gat­naş­ma­gy bol­sa türk­men döw­le­ti­niň ga­za­nan­la­ry­ny, eks­port kuw­wa­ty­ny, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­dir. «Akyl-paý­ha­sy­my­zy bir­leş­di­rip, gel­je­gi dö­red­ýä­ris» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­de 9-njy okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­di. Bu dabara hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gatnaşmagy «EKS­PO – 2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Dostluk ýollary rowana

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dün­ýä ýurt­la­ry­na ama­la aşyr­ýan her bir sa­pa­ry halk­la­ryň dost­lu­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ýar, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ryň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ýar. Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň 4-5-nji okt­ýabr­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry hem mu­ňa gü­wä­dir. Ok­gun­ly ös­ýän Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­lar tä­ze ýo­ka­ry de­re­jä eýe bol­ýar. Iki do­gan­lyk ýurt­la­ryň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki öza­ra sa­par­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy, uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan ne­ti­je­li gep­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ugur­lar­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­ka­ry dep­gin bi­len ös­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de iki ýur­duň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na go­şant goş­ýan köp san­ly res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şol du­şu­şyk­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ne 23 sa­ny gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň sa­na­wy bi­len ta­ny­şa

Arkadag eseri köňül tagtymyz

Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň türk­men hal­ky­na sow­gat eden «Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz» at­ly aja­ýyp ese­ri ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­di. Çün­ki öz hal­ky­nyň he­ňi­ni, de­mi­ni, ýü­rek se­si­ni bir sa­pa­ga dü­züp bil­ýän milli Liderimiziň tä­ze ese­ri tu­tuş türk­men mil­le­ti­niň be­ýik ta­ry­hy geç­mi­şi, şu gü­ni he­mem nu­ra­na gel­je­gi­dir. Bu eser pe­der­le­ri­mi­ziň be­ýik ar­zuw­la­ry­nyň wy­sa­la gow­şan döw­let­li döw­ra­ny­nyň aja­ýyp be­ýa­ny­dyr. Bu eser: «Bir sup­ra­da taý­ýar ky­lyn­sa aş­lar, Gö­te­ri­ler ol yk­ba­ly türk­me­niň!» di­ýen da­na Mag­tym­gu­ly­nyň be­ýik hy­ýa­ly­dyr. Bu ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ki­tap­da­ky öz söz­le­ri­ne sal­gy­la­na­lyň: «Ha­wa biz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­lar bo­ýy ar­zuw edip ge­len döw­le­ti­ni, be­ýik Mag­tym­gu­ly­nyň «Ber­ka­rar döw­let is­tä­rin» di­ýip şyg­ra sa­lan we «Gur­du­gym as­lyn­da bil­gil, bu ze­mi­niň my­hy­dyr, Erer ol er­kin my­dam bu­dur türk­men bi­na­sy» di­ýip, ru­hy taý­dan esas­lan­dy­ran döw­le­ti­ni gur­duk» diý­ýär. Biz — Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk za­ma­na­sy­nyň ýaş­la­ry bu be­ýik döw­le­tiň nes­li­di­gi­mi­ze, mi­ras­dü­şer­le­ri­di­gi­mi­ze ga­ty buý­san­ýa­rys. Bu be­ýik buý­san­jyň aň­ry­syn­da Ga­raş­syz­ly­ga, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­ga, milli Liderimize we bu üm­mül­mez Wa­ta­na

«Umyt­ly ýol» — si­ziň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy­ňyz

Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, 2008-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi bi­len, ýer­li te­le­ke­çi­le­ri­mi­ziň sa­ny gör­ne­tin art­ýar. Ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek­de döw­let gol­da­wy­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy­ýet­çi­lik bö­le­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak üçin oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, eda­ra-kär­ha­na­lar za­ma­na­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­ýär. Or­naş­dy­ryl­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ýo­ka­ry hil­li­li­gi bol­sa has mö­hüm şert­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da 2020-nji ýyl­da öz işi­ne baş­lan «Umyt­ly ýol» hu­su­sy kär­ha­na­sy ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ry­ny hem-de hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýär. Has dog­ru­sy, «Umyt­ly ýol» hu­su­sy kär­ha­na­sy Ger­ma­ni­ýa­nyň hem-de Ita­li­ýa­nyň meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryn­da ön­dü­ri­len gur­lu­şyk en­jam­la­ry­nyň söw­da­sy­ny ama­la aşyr­ýar. Şol bir­wag­tyň özün­de bu hu­su­sy kär­ha­na­nyň hü­när­men­le­ri söw­da­sy­ny ama­la aşyr­ýan ha­ryt­la­ry­nyň — ot sön­dü­ri­ji, wi­deo gö­zeg­çi­lik en­jam­la­ry­nyň, lift­le­riň, ýö­re­ýän bas­gan­çak­la­ryň, çil­ler­le­riň gur­na­ma we abat­la­mak

Ça­ga­lara oýnawajy nähili saýlamaly?

Oý­na­waç­lar ça­ga üçin di­ňe bir güý­men­je bol­man, eý­sem, olar ça­ga­nyň in­tel­lek­tual ösü­şi­ne, gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. Dü­ka­nyň tek­çe­le­rin­de du­ran oý­na­waç­lar ça­ga­nyň ün­sü­ni çek­se-de, ene-ata­lar ça­ga­nyň ýa­şy­na gö­rä oý­na­waç­la­ry pi­kir­le­nip saý­la­ma­ly. Has dog­ru­sy, gym­mat­ba­ha­ly oý­na­waç­la­ry däl-de, ýa­şy­na gö­rä reňk­li, gy­zyk­ly, uzak wagt güý­me­nip bil­jek oý­na­waç­la­ry­ny al­ma­ly. Çün­ki ça­ga­lar­da ga­har­jaň­lyk, re­him­dar­lyk, üns­lü­lik ýa­ly hä­si­ýet­le­riň dö­re­me­gin­de oý­na­waç­la­ryň ýe­tir­ýän tä­si­ri az däl­dir. Bu ba­ra­da psi­ho­log­la­ryň mas­la­hat­la­ry­ny dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­me­gi mü­wes­sa bil­dik. 1 — 6 aý­lyk ça­ga­lar. Ola­ryň oý­na­waç­la­ra gy­zyk­lan­ma­sy ýok­dur. Bä­bek­ler üçin daş-tö­we­re­gin­dä­ki is­len­dik zat­lar — reňk­ler, ýyl­dy­ra­ýan çy­ra­lar güý­men­je bo­lup, olar bä­bek­le­riň ra­hat uka git­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.