-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde öz işine başlan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasy boldy. Bu bütindünýä ykdysady gözden geçiriş dabarasyna dünýä döwletleriniň 190-sy bilen bir hatarda, ýurdumyzyň wekiliýeti hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar. Serginiň esasy maksady, dünýäniň iň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakdan, häzirki zamanyň iň soňky innowasiýalary, ylmy açyşlary we pikirleri bilen tanyşmakdan ybaratdyr. Şeýle abraýly çärä birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzyň gatnaşmagy bolsa türkmen döwletiniň gazananlaryny, eksport kuwwatyny, özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri çözmek üçin uly mümkinçilikdir.
«Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda geçirilýän sergide 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli güni bellenilip geçildi. Bu dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň ähmiýetini has-da artdyrdy.