Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna sowgat eden «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp eseri başymyzy göge ýetirdi. Çünki öz halkynyň heňini, demini, ýürek sesini bir sapaga düzüp bilýän milli Liderimiziň täze eseri tutuş türkmen milletiniň beýik taryhy geçmişi, şu güni hemem nurana geljegidir. Bu eser pederlerimiziň beýik arzuwlarynyň wysala gowşan döwletli döwranynyň ajaýyp beýanydyr. Bu eser: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň!» diýen dana Magtymgulynyň beýik hyýalydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň kitapdaky öz sözlerine salgylanalyň: «Hawa biz ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip şygra salan we «Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran döwletini gurduk» diýýär.
Biz — Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanasynyň ýaşlary bu beýik döwletiň neslidigimize, mirasdüşerleridigimize gaty buýsanýarys. Bu beýik buýsanjyň aňrysynda Garaşsyzlyga, hemişelik Bitaraplyga, milli Liderimize we bu ümmülmez Watana bolan beýik borjumyzyň barlygyna hem her pursatda düşünýäris.