"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

«Hon­da Mo­tor» 2030-njy ýy­la çen­li 500 müň elekt­ro­kar sat­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär

«Honda Motor» korporasiýasy 2024-nji ýylda bazara çykarylmaly «Prologue» elektrokarynyň 70 müňüsini satmagy meýilleşdirýär. «Honda Motor» korporasiýasynyň degişli hünärmenleri mundan öňki çykyşlarynda «General Motors» kompaniýasynyň zawodlarynda ýygnalýan elektromobilleriniň her ýylda 40 — 150 müň aralygynda satmagy meýilleşdirýändigini aýdypdy. «Honda Motor» korporasiýasy 2030-njy ýyla çenli ABŞ-da elektrokarlarynyň satuwyny 500 müňe ýetirmekçi bolýar. Bu görkezijä 2024-nji ýylda bazara çykarylmaly «General Motors» kompaniýasynyň zawodlarynda öndüriljek ýokary mümkinçilikli «Acura SUV» modeli hem degişlidir.

«Alp­ha­bet» Man­het­ten şä­he­rin­de ofis sa­tyn al­ýar

«Alphabet» kompaniýasy Nýu-Ýork ştatynyň Manhetten şäherinden bahasy ABŞ-nyň 2,1 milliard dollaryna barabar ofis binasyny satyn almak üçin meýilnama düzendikleri barada mälim etdi. «Alphabet» kompaniýasy Manhetten şäherinde ýerleşýän «St.Jon Terminal» ofis binasynda abatlaýyş işlerini geçirip, 2023-nji ýylyň ortalaryna täzeden açmagy meýilleşdirýär. «Google» korporasiýasynyň hem-de «Alphabet» kompaniýasynyň maliýe direktory Rut Poratyň sözlerine görä, kompaniýa binanyň satyn almak hakyndaky şertnamasyny 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde tamamlar.

«Micro­soft» go­şa ek­ran­ly ep­len­ýän smart­fo­ny gör­kez­di

Programma üpjünçiligini öndürýän «Microsoft» kompaniýasy goşa ekranly «Surface Duo 2» smartfonyny görkezilişe çykardy. «90 Gs» ýygylykly iki displeýiň diagonaly 8,3 dýuýma barabardyr. Täze smartfon 5G goldawly «Snapdragon 888» prosessory, eplenen görnüşde duýduryş paneli, üç kamera we ekranlaryň arasyndaky boşlugy azaldýan täze birleşdiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. «Microsoft» kompaniýasynyň täze önümi 5-nji oktýabrda satlyga çykarylar hem-de başlangyç bahasy ABŞ-nyň 1499 dollaryna barabar bolar. 

Hytaýyň döwlet kärhanalarynyň arassa girdejisi sekiz aýda 91% ýokarlandy

Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet sektoryndaky kärhanalaryň girdejisi şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 91% ýokarlandy we 1,35 trillion ýuana (ABŞ-nyň 209,6 milliard dollary) barabar boldy. Şeýle-de HHR-niň kärhanalar Konfederasiýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtdaky 500 sany iň iri kärhananyň girdejisi bir ýylda 4,43% ýokarlanyp, 89,83 trillion ýuana (ABŞ-nyň 13,9 trillion dollaryna) deň boldy. Öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda birinjiligi 2 667 trillion ýuany (ABŞ-nyň 412,94 milliard dollary) bilen Döwlet elektrik ulgamy korporasiýasy, ikinji ýeri 1,959 trillion ýuany bilen (ABŞ-nyň 303,3 milliard dollary) Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy (CNPC), üçünji ýeri bolsa 1 957 trillion ýuany (ABŞ-nyň 303,05 milliard dollary) bilen «Sinopec» nebit-himiýa kompaniýasy eýeledi.

Eýnşteýniň otnositellik teoriýasy baradaky ýazgylary Parižiň auksionynda satlyga çykarylar

Eýnşteýniň otnositellik teoriýasy baradaky golýazma hasaplamalary Parižde auksiona çykarylýar. Häzirki wagtda alymyň bellikleri Gonkongdaky «Christie's» auksion öýünde saklanýar. Otnositellik teoriýasy üçin hasaplamalar kagyz ýüzüne ýazylypdyr. Şeýle-de Eýnşteýn ýazgylara teswirleri goşupdyr, şonuň üçin ýazgylar arkaly onuň ähli pikirlerini we çykaran netijelerini yzarlap bolýar. Maglumat berlişine görä, Eýnşteýniň ylmy ýazgylarynyň söwdasy 23-nji noýabrda başlanar. Auksionyň başlangyç bahasynyň 2 million ýewrodan bahalanýanlygy habar berilýär.

«Ferrarisini» satan keşişden durmuş sapaklary

Robin Şarma (Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda)

Baý bolmagy her kim başarar

Said­mu­rod Daw­la­tow Dur­nuk­ly gir­de­jä ta­rap 12 ädim

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem möhüm pudaklaryň we tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz baýramçylygyň öň ýanynda täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

16-njy sentýabrda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýene-de bir desganyň açylyş dabarasy boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy. Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşdy.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär

17-nji sentýabrda milli Liderimiz hormatly myhman hökmünde Täjigistan Respublikasynda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda döredildi hem-de hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramadyr.

Söwda ulgamynda sanly hyzmatlar ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar we dürli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge barha möhüm ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak we beýleki wezipeler bellenilendir. Bu düzgünleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň söwda ulgamy dowamly ösýär

Adama öz ömrüniň belli-belli menzillerinde durup yzyna garanmak, geçilen ýoluň, edilen işleriň agramyny saldarlamak häsiýeti mahsus. Bu kada döwletleriň mysalynda alanymyzda hem güýjüni ýitirmeýär. Her bir ýurtda garaşsyzlyk gazanylmagynyň ýa-da onuň döredilmeginiň ýubileý ýyllarynda yzda galan menzillere nazar aýlap, geçen döwürden netije çykarylýar. Şu ýerde Wladimir Nabokowyň «Ýaşalan günlere däl, ýatda galan günlere ömür diýilýär» diýen jümlesi aňyma dolýar. Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň taryh üçin örän gysga wagtda geçen şöhratly ýoluna seredip, munuň, hakykatdan hem, şeýledigine göz ýetirýärin. Ynha, sanlyja günden Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny yglan edenine 30 ýyl dolýar. Mundan bary-ýogy 30 ýyl ozal Garaşsyzlygyna eýe bolan döwletimiz taryh üçin göz açyp-ýumasy salym diýilýän gysgajyk döwürde dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmagy başardy. Ata Watanymyzyň şeýle çalt depginler bilen ösmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň mizemez orny bardyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyz bize milli özbaşdaklygy gazandyran bolsa, baky Bitaraplygymyz biziň dünýä ýurtlary bilen hoşmeýilli diplomatik gatnaşyklarymyzyň ösmegine, dünýä ykdysadyýetine, bütindünýä söwda ulgamyna has içgin aralaşmagymyza oňyn täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda milli Liderimiz

Ýol hereketiniň kadalaryny her birimiz bilmelidiris!

Her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça giň gerimli çäreler guralýar. Bu geçirilýän çäreler toplumy ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi arkaly ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir. Ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça gündelik düşündiriş we öňüni alyş işleri içeri işler edaralarynyň işiniň iň möhüm böleklerinden biridir. Eýsem-de bolsa, bu işiň güýçlendirilmeginiň edaralarda, ýurduň bilim edaralarynda tomus dynç alyş möwsüminden soňra güýzüň ilkinji günlerine düşýändigi tötänden däldir. Hut şu döwürde ýol howpsuzlygy çärelerini işjeňleşdirmegi tomus dynç alyş möwsüminden soň pyýadalaryň ünsüni ýol hereketiniň howpsuzlygy kadalaryna güýçlendirmegi gazanmakdan ybaratdyr.

«Ferrarisini» satan keşişden durmuş sapaklary

6. Dogruçyllyk ýörelgesini özleşdir Käbir adamlaryň berlen söze geleňsizlik bilen çemeleşýändigine biziň gözümiz ýetip dur. Wagtymyzyň bolmajagyny bilsek hem, dostumyza indiki hepdede günorta naharyna çykylýan arakesmede ýanyna aýlaň-çaýlaňa barjakdygymyzy aýdýarys. Özümize-de şu ýyl hökman birneme horlanjakdygymyzy, sadarak ömür sürüp, durmuşda köpräk şatlanjakdygymyzy söz berýäris. Şol bir wagtda-da durmuşymyzy çuňňur özgertmek bilen bagly aýratyn bir niýetimiz hem ýokdur. Şonsuz welin beýle maksatlara ýetilmeýär.

Baý bolmagy her kim başarar

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda) Durnukly girdejä tarap 12 ädim

Atajan Annaberdiýewiň goşgulary

Atajan Annaberdiýew 1946-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Çäçdepe obasynda dogulýar. 1964-nji ýylda Murgap etrabynyň 19-njy 11 ýyllyk orta mekdebini üstünlikli tamamlap, Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. 1969-njy ýylda uniwersiteti fizik-magnitolog hünäri boýunça tamamlaýar. 1969-njy ýyldan başlap, tä 1995-njy ýylda hormatly dynç alyşa gidýänçä, 26 ýyllap Murgap etrabynyň 19-njy orta mekdebinde mugallym bolup işledi.

Goşgudan galan gyýkyndylar

Dostlugam edil agaç ýaly şahalanmaly. ***

Awtorlyk

(Budda hekaýaty) Budda ussatlarynyň biri öz okuwçylaryna juda täsirli bir ýazgyny okap beripdir. Okuwçylary şobada sowal beripdirler:

Maýkl Blumberg: Şowsuzlykdan gorkmaň!

Angliýaly Jorj Eliotyň şeýleräk sözi bar: «Kim bolup biljekdigiňize hiç haçan giç däldir». Ýazyjy zenan rast aýdypdyr. Sebäbi öňüňizde goýan maksatlaryňyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, haýal etmän herekete geçmegiňiz gerek. Ýene bir zady unutmaň: Üstünlik gazanmak üçin, üstünlik gazanmak islegiňiz, şowsuzlyk gorkyňyzdan has uly bolmalydyr. Gazetimiziň şu sanynda dünýäniň iň baý adamlarynyň biri, «Bloomberg» habarlar agentliginiň esaslandyryjysy, Nýu-Ýork şäheriniň öňki meri Maýkl Blumbergiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýularyndan parçalary siziň dykgatyňyza ýetirmegi müwessa bildik. Blumbergiň üstünlige çenli geçen menzili siziň üçin gyzykly bolsa gerek.

«Expo 2020 Dubai» myhmanlara garaşýar

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda açyljak «Expo 2020 Dubai» sergisine durmuşy özgertjek innowasiýalary açmaga tutuş dünýäden 25 milliondan gowrak adamyň gelerine garaşylýar. Bu ägirt uly çäre hyzmatdaşlygy we çözgütleri işläp taýýarlamagy höweslendirmäge gönükdirilendir. Çünki dünýä pandemiýadan soň ykdysadyýeti dikeltmäge tarap hereket edýär. Sergini 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 31-nji marty aralygynda «Bilelikde oýlanyp, geljegi döredýäris» («Connect thoughts, create the future») şygary astynda geçirmek göz öňünde tutulýar. «Expo 2020 Dubai» sergisine geljek 25 million adamyň 70 göterimi daşary ýurtly myhmanlar bolar.