Hytaýyň döwlet kärhanalarynyň arassa girdejisi sekiz aýda 91% ýokarlandy

26 Sentýabr 2021
1389

Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet sektoryndaky kärhanalaryň girdejisi şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 91% ýokarlandy we 1,35 trillion ýuana (ABŞ-nyň 209,6 milliard dollary) barabar boldy. Şeýle-de HHR-niň kärhanalar Konfederasiýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtdaky 500 sany iň iri kärhananyň girdejisi bir ýylda 4,43% ýokarlanyp, 89,83 trillion ýuana (ABŞ-nyň 13,9 trillion dollaryna) deň boldy. Öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda birinjiligi 2 667 trillion ýuany (ABŞ-nyň 412,94 milliard dollary) bilen Döwlet elektrik ulgamy korporasiýasy, ikinji ýeri 1,959 trillion ýuany bilen (ABŞ-nyň 303,3 milliard dollary) Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy (CNPC), üçünji ýeri bolsa 1 957 trillion ýuany (ABŞ-nyň 303,05 milliard dollary) bilen «Sinopec» nebit-himiýa kompaniýasy eýeledi.

Taýýarlan: Mekan MEREDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň režissura kafedrasynyň öwreniji mugallymy.