Ýol hereketiniň kadalaryny her birimiz bilmelidiris!

19 Sentýabr 2021
855

Her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça giň gerimli çäreler guralýar. Bu geçirilýän çäreler toplumy ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi arkaly ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir.

Ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça gündelik düşündiriş we öňüni alyş işleri içeri işler edaralarynyň işiniň iň möhüm böleklerinden biridir. Eýsem-de bolsa, bu işiň güýçlendirilmeginiň edaralarda, ýurduň bilim edaralarynda tomus dynç alyş möwsüminden soňra güýzüň ilkinji günlerine düşýändigi tötänden däldir. Hut şu döwürde ýol howpsuzlygy çärelerini işjeňleşdirmegi tomus dynç alyş möwsüminden soň pyýadalaryň ünsüni ýol hereketiniň howpsuzlygy kadalaryna güýçlendirmegi gazanmakdan ybaratdyr.

Baýram ÝUSUBOW,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Polisiýa bölüminiň gözegçilik bölümçesiniň işgäri, polisiýanyň uly seržanty.
Beýleki habarlar