6. Dogruçyllyk ýörelgesini özleşdir
Käbir adamlaryň berlen söze geleňsizlik bilen çemeleşýändigine biziň gözümiz ýetip dur. Wagtymyzyň bolmajagyny bilsek hem, dostumyza indiki hepdede günorta naharyna çykylýan arakesmede ýanyna aýlaň-çaýlaňa barjakdygymyzy aýdýarys. Özümize-de şu ýyl hökman birneme horlanjakdygymyzy, sadarak ömür sürüp, durmuşda köpräk şatlanjakdygymyzy söz berýäris. Şol bir wagtda-da durmuşymyzy çuňňur özgertmek bilen bagly aýratyn bir niýetimiz hem ýokdur. Şonsuz welin beýle maksatlara ýetilmeýär.