"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

«TSMC» Ýa­po­ni­ýa­da il­kin­ji çip za­wo­dy­ny gur­ýar

Dün­ýä­niň iň iri çip ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­sy «Tai­wan Se­micon­ductor Ma­nu­factu­ring» 2022-nji ýy­lyň ba­şyn­da Ýa­po­ni­ýa­da il­kin­ji za­wo­dy­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­rer. In­di­ki ýyl gur­lu­şy­gyna baş­la­nyl­jak çip za­wo­dy 2024-nji ýy­lyň ahy­ryn­da önüm­çi­li­ge do­ly gi­ri­şer. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, «Tai­wan Se­micon­ductor Ma­nu­factu­ring» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne üç ýyl­da ABŞ-nyň 100 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum go­ýar. Şeý­le-de kom­pa­ni­ýa ABŞ-da hem-de Ýew­ro­pa­da önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­ny gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze önüm­le­ri­ni ta­nyş­dyr­dy

«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy özü­niň M1 pro­ses­sor­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan tä­ze — «MacBo­ok Pro» nout­bu­gy­­ny hem-de üçün­ji ne­sil «Air­Pods» sim­siz gu­lak­ly­gy­ny gör­ke­zi­li­şe çy­kar­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze önü­mi — «Air­Pods» to­za­na hem-de su­wa gar­şy go­rag­ly bo­lup, öň­kü­le­re ga­ra­nyň­da onuň ba­ta­re­ýa kuw­wa­ty 20 gö­te­rim güýç­len­di­ri­len­dir. Tä­ze­le­nen «Air­Pods» sim­siz gu­lak­ly­gy­nyň ba­ha­sy ABŞ-nyň 179 dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr.

Alym­lar Ti­ta­nyň der­ýa­la­ry­nyň kar­ta­sy­ny düz­dü­ler

Kor­nell uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­ni Ju­li­ýa Mil­le­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ABŞ-nyň alym­lar to­pa­ry Sa­turn pla­ne­ta­sy­nyň hem­ra­sy Ti­ta­nyň der­ýa­la­ry­nyň we der­ýa go­şant­la­ry­nyň do­ly kar­ta­sy­ny düz­dü­ler. Al­nan mag­lu­mat­lar NA­SA-nyň, hu­su­san-da, bu hem­ra­nyň bir­nä­çe ýyl­lyk mis­si­ýa­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge kö­mek eder. Ti­tan — Gün sis­te­ma­syn­da ulu­ly­gy bo­ýun­ça ikin­ji hem­ra bo­lup, göw­rü­mi bo­ýun­ça di­ňe Ýu­pi­te­riň hem­ra­sy Ga­ni­me­du­den ki­çi ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ýer­den baş­ga di­ňe Ti­tan­da der­ýa­lar we köl­ler bar. Ýö­ne Ti­tan­da suw däl-de, su­wuk me­tan hem-de etan ak­ýar. Alym­lar to­pa­ry Ti­ta­nyň der­ýa­la­ry­nyň we go­şun­dy­la­ry­nyň su­du­ry­ny, Ýe­riň der­ýa­la­ry­nyň we go­şun­dy­la­ry­nyň şe­kil­le­ri bi­len deň ha­sap ed­ýär­ler.

«Ford» Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky önüm­çi­li­gi­ne ma­ýa go­ýum goý­ýar

Ge­çen hep­de ABŞ-nyň aw­tou­lag ön­dür­ýän «Ford» kom­pa­ni­ýa­sy Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Heýl­wud şä­he­rin­de ýer­leş­ýän za­wo­dy­na elektro­mo­bil­le­riň en­jam­la­ry­nyň we bö­lek şaý­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi üçin 230 mil­lion funt (ABŞ-nyň 316 mil­lion dol­la­ry) möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum goý­ýan­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di. Za­wod 2024-nji ýy­lyň ba­şyn­dan her ýyl­da 250 müň he­re­ket­len­di­ri­ji ön­dü­rip baş­lar. Şeý­le hem 2030-njy ýy­la çen­li aw­tou­lag­la­ryň bir­nä­çe mo­de­li­ni ön­dü­rer. Bu ha­bar­dan soň «Ford» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 1,62% gym­mat­lap, ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da ABŞ-nyň 15,7 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«McDo­nald’s» eme­li et­li bur­ge­ri­ni sat­ly­ga çy­kar­ýar

Şu ýy­lyň no­ýab­ryn­dan baş­lap «McDo­nald’s» kom­pa­ni­ýa­sy «Beyond Me­at» bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ABŞ-nyň 8 res­to­ra­nyn­da sy­nag hök­mün­de ösüm­lik eti­niň esa­syn­da dö­re­di­len «McPlant» bur­ge­ri­ni sa­typ baş­lar. Bur­ge­riň için­de no­hut, tü­wi, ýer al­ma­sy, şu­gun­dyr we bir bö­lek peý­nir bo­lar. «McDo­nald’s»-yň hü­när­men­le­ri­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, eme­li et­den edi­len bur­ger­le­riň sat­ly­ga çy­ka­ryl­ma­gy­nyň ne­ti­je­si kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry­nyň ösü­şi­ne uly ýar­dam be­rer. Bu ha­bar­dan soň «McDo­nald’s» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 0,78% gym­mat­lap, ABŞ-nyň 244,55 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«Aň­taw» ýüz­ýyl­ly­gyň iň oňat te­le­se­ri­ýa­ly bol­dy

«BBC» ha­bar gul­lu­gy­nyň bar­la­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, 2002-nji ýy­lyň 2-nji iýu­nyn­dan 2008-nji ýy­lyň 9-njy mar­ty­na çen­li te­le­ýaý­lym­da ber­len Ame­ri­ka­nyň «HBO» ka­bel we sput­nik te­le­wi­de­ni­ýe­si­niň su­ra­ta dü­şü­ren «Aň­taw» te­le­fil­mi XXI asy­ryň iň go­wy te­le­se­ri­ýa­ly diý­lip yg­lan edil­di. Sa­na­wyň ikin­ji ýe­rin­de 2007-nji ýy­lyň 19-njy iýu­lyn­dan 2015-nji ýy­lyň 17-nji ma­ýy­na çen­li «AMC» te­le­ýaý­ly­myn­da ýe­di möw­sü­miň do­wa­myn­da ýaý­ly­ma goý­be­ri­len «Ýe­ňil­kel­le­ler» dra­ma­sy or­naş­dy. Şeý­le-de bu film «Iň oňat dra­ma se­ri­ýa­sy» ka­te­go­ri­ýa­syn­da yz­ly-yzy­na dört ge­zek Em­mi baý­ra­gy­ny al­dy. Üçün­ji ýer­de 2008-nji ýy­lyň 20-nji ýan­wa­ryn­dan 2013-nji ýy­lyň 29-njy sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da «AMC» te­le­ýaý­ly­myn­da gör­ke­zi­len «Has­rat» at­ly te­le­se­ri­ýa­ly eýe­le­di.

Be­zos «Al­tos Labs» star­tap kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­wes­to­ry bol­dy

Dün­ýä­niň iň baý ada­my, «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jeff Be­zos gar­ry­lyk bi­len gö­reş­mek üçin ynsan ömrüni uzald­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp düz­ýän «Al­tos Labs» star­tap kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­wes­to­ry bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da «Al­tos Labs» star­tap kom­pa­ni­ýa­sy gar­ry­lyk pro­se­si­ni öw­ren­mek­de hem-de nerw öý­jük­le­ri­ni üýt­get­mek­de ge­rek­li bo­lan teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp çy­kar­ýar. Bu tas­la­ma­lar No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si, ýa­po­ni­ýa­ly alym Ýa­ma­na­ka Şin­ýi­niň yl­my işi esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar.

«App­le» dün­ýä­niň iň gym­mat bren­di bol­dy

«In­terb­rand» bren­ding kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň 2021-nji ýyl bo­ýun­ça bar­lag iş­le­ri­niň jem­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da «App­le» bren­di bas­syr do­kuz ýyl bä­ri dün­ýä­niň iň gym­mat­ly bren­di bol­ma­gyn­da gal­ýar. Şu ýy­lyň do­kuz aýy­nyň do­wa­myn­da onuň ba­ha­sy 26% gym­mat­lap, ABŞ-nyň 408,25 mil­liard dol­la­ryn­dan geç­di. Ikin­ji ýe­ri «Ama­zon» bren­di eýe­le­di. Onuň ba­ha­sy 24% ýo­kar­lan­dy (ABŞ-nyň 249,25 mil­liard dol­la­ry). Il­kin­ji üç­lü­gi bol­sa 27% ösü­şe eýe bo­lan (210,2 mil­liard ABŞ dol­la­ry) «Micro­soft» kom­pa­ni­ýa­sy jem­le­di. «Goog­le» kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa 19% (ABŞ-nyň 196,8 mil­liard dol­la­ry) ýo­kar­la­nyp, dör­dün­ji orun­da or­naş­dy.

Hy­taý şa­ly ýe­tiş­dir­mek­de tä­ze re­kord goý­dy

Hy­ta­ýyň daý­han­la­ry seç­gi iş­le­ri­niň esa­syn­da «üçün­ji ne­sil» şa­ly­nyň ha­syl­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da tä­ze re­kord goý­du­lar. Has dog­ru­sy, seç­gi­çi-alym­lar to­pa­ry Hen­ýan şä­he­ri­niň Sinç­ju oba­sy­nyň ekin meý­da­nyn­da sy­nag iş­le­ri­ni ge­çir­di­ler. Ne­ti­je­de, 667 m2 meý­dan­dan «üçün­ji ne­sil» şa­ly­nyň 1603,9 ki­log­ram ha­sy­ly­ny al­ma­gy ba­şar­dy­lar. Mag­lu­mat üçin, Hy­taý şa­ly ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ul­ga­my­nyň bioin­že­ner we seç­gi-ge­ne­ti­ka göz­leg iş­le­rin­de öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­le­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Hy­ta­ýyň alym­la­ry 2000-nji ýyl­da hem 667 m2 meý­dan­dan 700 ki­log­ram ha­syl ber­ýän «baş şa­ly» iş­läp çy­ka­ryp­dy­lar.

Baý bolmagy her kim başarar

Saidmurod Dawlatow Durnukly girdejä tarap 12 ädim

«Ferrarisini» satan keşişden durmuş sapaklary

Robin Şarma (Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Mil­li Li­de­ri­miz GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne gat­naş­dy

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de birnäçe resminamalary kabul etmäge degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki işiň jemleri jemlenildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat şol gün HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady. Bu foruma Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagy halkara maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ajaýyp kitabyň ýene bir jildi

Ýagşy zat buşluk habar ýaly bolýar diýleni. Ine, şeýle buşluk hoş habarlaryň ýene biri Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynda Gahryman Arkadagymyzyň lukmançylyk paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 13-nji jildiniň halkymyza gowuşmagy boldy. Bu hoş habar biziň köňül guşumyzy has-da belende göterdi. Ylmy maglumatlara baý bolan kitaplar diňe bir milli lukmançylyk ylmynda däl, eýsem, dünýä lukmançylygynda hem öz mynasyp ornuna eýedir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp ylmy kitabynyň ençeme tomlary dünýä halklarynyň birnäçesiniň diline terjime edildi. Bu kitapda 120 sany dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Her bir ösümligi haýsy wagtda we ony nirden ýygnamalydygy beýan edilýär. Eziz Diýarymyza, ynsana we tebigata bolan söýgi kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Gymmatly eseriň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýokary derejede guralan bu dabarada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky we Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de döwürleýin neşirleriň baş redaktorlary çykyş etdiler. Çykyş edenler we dabara gatnaşan talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ak şäherim Aşgabat» atly gymmatly eseriniň gysga wagtda daşary ýurt dillerinde çap edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň eserleriniň daşary ýurtly okyjylar tarapyndan hem uly gyzyklanma bilen okalýandygyny subut edýär diýip nygtadylar.

Energetika – geljege ynamly hyzmatdaşlyk

Täze hem-de netijeli çözgütleri gözlemekde işjeň garaýyşlary bilen hemişe tapawutlanýan Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy dünýä işewürleriniň hem-de bilermenler jemgyýetçiliginiň wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda döwletleriň durnukly ösüşlerini, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy görkeziji faktorlarynyň biridigini bellemek bolar. Türkmenistan soňky ýyllaryň dowamynda energetika ulgamynda öňdebaryjy döwletleriň biri bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerine çekip, maksadaokgunly daşary syýasatyny alyp barýar. Türkmenistan tebigy gazy has çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi ugur edinmek bilen, energiýa serişdelerini iberýän iri döwlet hökmünde dünýä energetika bazarynda diňe bir öz ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, uglewodorod serişdeleriniň eksporta iberilýän möçberleriniň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna dünýä bazaryna gatnaşmagynyň mazmunyny hil taýdan özgerdýär.

Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetiň durnukly ösüşine ýardam bermek, ýurduň ilatynyň ýaşaýyş hiliniň derejesini artdyrmak üçin tebigy energetika çeşmelerini we ýangyç-energetika pudagynyň kuwwatyny ýokary derejede ulanmak öwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan energetika syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilik syýasatynyň, parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugrunda anyk işleriniň hem-de başlangyçlarynyň saýasynda Türkmenistanyň halkara abraýy ýokary depginde ösýär. Düýpli özgerişleriň we ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilen Milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, şu günki günde gazanylan ajaýyp sepgitler dünýä jemgyýeti tarapyndan ykrar edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 16-sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na BAE-den, Gon­kong­dan, Tür­ki­ýe­den, Ow­ga­nys­tan­dan we Kipr­den ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny we awia­ke­ro­si­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 27 mil­lion 317 müň 270 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

«Tes­la»-nyň elekt­ro­kar söw­da­sy ýo­kar­lan­ýar

ABŞ-nyň elekt­ro­kar ön­dür­ýän «Tes­la» kor­po­ra­si­ýa­sy sent­ýabr aýyn­da Hy­taý­da ön­dü­ri­len aw­tou­lag­la­ry­nyň 56 müň­den gow­ra­gy­nyň söw­da­sy­ny ama­la aşyr­dy. Bu gör­ke­zi­ji «Tes­la» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň iki ýyl mun­dan ozal işe gi­ri­zen za­wo­dy­nyň önüm­çi­li­ge baş­la­ma­gy bi­len, ama­la aşy­ran söw­da­la­ry­nyň re­kord de­re­je­si­dir. Mag­lu­mat üçin, «Tes­la» Ber­lin­de tä­ze gu­ran za­wo­dyn­da şu ýy­lyň de­kabr aýyn­da aw­tou­lag ön­dür­mä­ge baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Kor­po­ra­si­ýa­nyň baş di­rek­to­ry Ilon Mas­kyň söz­le­ri­ne gö­rä, bu önüm­çi­lik meý­dan­ça­syn­da her hep­de­de 5 – 10 müň ara­ly­gyn­da aw­tou­lag ön­dü­ri­ler.