"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz söwda toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, söwda toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Halkymyzyň abadançylygyny we azyk bolçulygyny üpjün etmek köp babatda bu ulgamyň üstünliklerine baglydyr.

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi – Mer­ke­zi Azi­ýa bi­rin­ji Yk­dy­sa­dy fo­ru­my

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 4-nji noýabrda san­ly ul­gam ar­ka­ly söw­da top­lu­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da geçiren iş mas­la­ha­ty­nda Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jo­wy Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Biş­kek şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Mer­ke­zi Azi­ýa bi­rin­ji Yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na gat­naş­mak üçin gul­luk iş sa­pa­ry­na ug­rat­mak ba­ra­da Buý­ru­ga gol çek­di. Oňa la­ýyk­lyk­da, wi­se-prem­ýer 5-nji no­ýabr­da Biş­kek şä­he­rin­de iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Mer­ke­zi Azi­ýa bi­rin­ji Yk­dy­sa­dy fo­ru­my se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­lip, onuň çä­gin­de, esa­san, pan­de­mi­ýa­dan soň­ra ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň çök­gün­li­gi ýe­ňip ge­çip, dur­nuk­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek, ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­me­giň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek, yn­san­la­ryň sag­ly­gyna we eko­lo­gi­ýa zy­ýan­syz iş gur­şa­wy­ny dö­ret­mek ýa­ly mö­hüm ugur­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň prem­ýer-mi­nistr­le­ri­niň we Hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry­nyň de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len bu fo­ru­ma söw­da top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän wi­se-prem­ýe

Importyň ornuny tutmak işi rowaçlanýar

Ýur­duň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de tut­ýan or­ny onuň da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri bi­len, has ta­ky­gy, dün­ýä ba­za­ryn­da tut­ýan or­ny bi­len kes­git­len­ýär. Ýur­du­my­zyň da­şa­ry söw­da kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy di­ňe içer­ki yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­ziň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ala­mat­lan­dyr­man, eý­sem, dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len ýa­kyn­dan bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny hem gör­kez­ýär. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­möç­ber ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­tyn­da esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu ul­gam yk­dy­sa­dy­ýe­tiň iň ok­gun­ly ös­ýän ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ryn­da ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň bar­ha art­ýan möç­ber­le­ri ila­tyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gyn­da im­por­tyň we eks­por­tyň dü­züm­le­ýin pa­ýy bol­sa, döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny, ýur­du­my­zyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň bar­ha ber­ke­ýän işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny aý­dyň gör­kez­ýär.

Kämil nesle tämiz tebigat

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek­de uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň, şä­her­çe­le­riň hem-de oba­la­ryň tö­we­rek­le­rin­de to­kaý zo­lak­la­ry dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da her ýyl ýaz­ky we güýz­ki möw­süm­ler­de mil­lion­lar­ça bag na­hal­la­ry­ny oturt­mak in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Bu asyl­ly dä­biň ýyl­sa­ýyn bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ma­gy bol­sa gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň te­bi­ga­ty­ny go­ra­mak­ly­ga, bio­dür­lü­li­gi go­rap sak­la­mak­ly­ga we kö­pelt­mek­li­ge, bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň tä­miz ho­wa­dan dem al­mak­la­ry­ny üp­jün et­mek­li­ge döw­let de­re­je­sin­de uly üns be­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. 6-njy no­ýabr­da go­ja­man Kö­pet­da­gyň gö­zel kün­je­gin­de güýz­ki möw­süm­de äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy bo­lup geç­di. Bu çä­rä hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özü­niň gat­na­şyp ak pa­ta ber­me­gi ýurdumyzda geçirilýän bag ek­mek da­ba­ra­sy­na gat­naş­ýan il­deş­le­ri­mi­ziň ru­hu­be­lent­li­gi­ni has-da be­len­de gö­ter­di. Şeý­le-de äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­na Mej­li­siň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, Hö­kü­met ag­za­la­ry, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp ýaş­la­ry hem-de

Paýtagtdan üstünliklere tarap uzaýan ýol

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bi­ze hä­li-şin­di tä­ze sep­git­le­riň şa­ýa­dy bol­mak bag­ty mi­ýes­ser ed­ýär. Biz ýa­kyn­da şeý­le şöhrat­ly wa­ka­la­ryň ýe­ne bi­ri­niň — hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ba­nynyň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň ta­ry­hy pur­sat­la­ry­nyň şa­ýa­dy bol­duk. Hal­ka­ra de­re­je­sin­de gur­lan bu ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ba­nyň mil­li hü­här­men­le­ri­miz, ýer­li te­le­ke­çi­le­ri­miz ta­ra­pyn­dan gu­rul­ma­gy bi­zi has-da buý­san­dyr­ýar. Şeýle-de milli Liderimiziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş şy­ga­ry bi­len alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň bar­ha ro­waç­lan­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özü­niň baş­lan­gy­jy bi­len, ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­le­şmesi dö­re­dil­di. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan be­lent de­re­je­le­re ýe­tir­mek­de hu­su­sy­ýet­çi­lik ul­ga­my­na giň ýol­lar açyl­dy. Hu­su­sy­ýet­çi­lik ul­ga­my­nyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri Di­ýa­ry­my­zyň be­lent ösüş­le­ri­ne gö­nük­di­ril­di. Şon­dan bä­ri ge­çi­len gys­ga ta­ry­hy dö­wür­de hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri­miz mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miziň dür­li ugur­la­ryn­da — gur­lu­şyk­da, oba ho­ja­ly­gyn­da,

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 55-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Tür­ki­ýe­den, Öz­be­gis­tan­dan, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan, Ow­ga­nys­tan­dan, BAE-den we Gon­kong­dan ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny, awia­ke­ro­si­ni we po­lip­ro­pi­le­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len reňk­siz aý­na önüm­le­ri­ sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 39 mil­li­on 474 müň 400 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Türk­men top­ra­gy­nyň önüm­le­ri da­şa­ry ýurt­la­ra ug­ra­dyl­ýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde, döw­let sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä ho­ja­lyk ul­ga­my­na iş­jeň go­şu­lyş­ýan yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­le­te öw­rül­di. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň dur­nuk­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­mek şol sy­ýa­sa­tyň esa­sy mak­sa­dy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­bit we äh­lu­mu­my me­ýil­le­riň üýt­ge­ýän is­leg­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň çe­ýe eks­port sy­ýa­sa­ty­ny eme­le ge­tir­mek üçin dün­ýä ba­zar­la­ry­nyň ýag­da­ýy­na yzy­gi­der­li sel­jer­me be­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny he­mi­şe nyg­ta­ýar. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­niň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny hem-de ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly ýo­lu­dy­gy­ny bel­le­ýär.

300 mil­liard­lyk sep­gi­de ýe­ten il­kin­ji mil­liar­der

«Tes­la» we «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň baş di­rek­to­ry Ilon Mask ta­ryh­da baý­ly­gy ABŞ-nyň 300 mil­liard dol­la­ry­na ýe­ten il­kin­ji adam bol­dy. Bu ba­ra­da «For­bes» ne­şi­ri ha­bar ber­di. Ne­şi­riň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ame­ri­ka­ly işe­wü­riň baý­ly­gy ge­çen hep­de 7,72% (ABŞ-nyň 22,6 mil­liard dol­la­ry) ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 315,2 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Ge­çen hep­de mil­liar­de­riň «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry ABŞ-nyň 1154,49 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Bu gör­ke­zi­jä «Tes­la» aw­tou­lag­la­ry­ny kä­ren­de­si­ne ber­ýän «Hertz» kom­pa­ni­ýa­sy­na 100 müň elekt­ro­kar sat­mak­çy­dy­gy ba­ra­da ha­bar peý­da bo­lan­dan soň eýe bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da «Tes­la»-nyň ma­ýa do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 1 tril­lion dol­la­ryn­dan geç­di. Sa­na­wyň ikin­ji or­nu­ny ABŞ-nyň 193,2 mil­liard dol­la­ry bi­len «Ama­zon»-yň eýe­si Jeff Be­zos eýe­le­di. Il­kin­ji üç­lü­gi bol­sa ABŞ-nyň 190,8 mil­liard dol­la­ry bi­len, Ber­nar Ar­no jem­le­di.

Ikin­ji elekt­ron pul bir­li­gi­niň ba­ha­sy gym­mat­la­dy

Ma­ýa do­la­ny­şy­gy bo­ýun­ça bit­koin­den soň ikin­ji krip­to­wal­ýu­ta efi­riň ba­ha­sy gym­mat­lap, ABŞ-nyň 4500 dol­la­ryn­dan geç­di. Krip­to­wal­ýu­ta­nyň ös­me­gi­ne gys­ga­möh­let­li ma­ýa go­ýu­jy­la­ryň efi­re bo­lan is­le­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy iter­gi ber­di. Şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri efi­re is­leg bil­dir­ýän treý­der­le­riň sa­ny iň ýo­ka­ry de­re­jä ýet­di. Elekt­ron pul bir­li­gi­niň ba­ha­sy soň­ky üç aý­da 81% gym­mat­la­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, il­kin­ji elekt­ron pul bir­li­gi bit­koi­niň ba­ha­sy üç aý­da 67% artdy. Ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da bit­koiniň ba­ha­sy 5,1% ýo­kar­la­ndy, ABŞ-nyň 63,73 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

Por­tu­ga­li­ýa­da plas­tik gap­la­ry ulan­mak ga­da­gan edil­di

Por­tu­ga­li­ýa­da bir ge­zek ula­nyl­ýan plas­tik önüm­le­ri­ni ulan­ma­gy ga­da­gan ed­ýän ka­rar güý­je gir­di. Şeý­le-de ka­rar­da dür­li iç­gi­ler üçin ni­ýet­le­nen bulgurlary we na­har do­la­mak üçin do­lag­la­ry 2026-njy ýy­la çen­li 80%, 2030-njy ýy­la çen­li bol­sa 90%-e çen­li azalt­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu mak­sa­da ýet­mek üçin Por­tu­ga­li­ýa­da iý­mi­ti we iç­gi­le­ri sarp et­mek üçin, köp ge­zek ula­nyl­ýan kon­teý­ner­ler ula­ny­şa goý­be­ri­ler. Mag­lu­mat üçin, Slo­wa­ki­ýa hem ha­ryt­lar üçin ula­nyl­ýan pa­ket­ler­den ýüz dön­der­mek­çi bol­ýar. Ge­çen ýyl bu ýurt­da bir ge­zek ula­nyl­ýan gap-gaç­lar we aş­ha­na es­bap­la­ry ga­da­gan edi­lip­di.

«Goog­le» bir­ža­lar­da iş­le­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär

«Alp­ha­bet» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Goog­le» in­ter­net ul­ga­my fýu­çers­ler bir­ža­sy­nyň ope­ra­to­ry «CME Group Inc.» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy söw­da ul­gam­la­ry­ny in­ter­net ul­ga­my­na ge­çir­mek ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­dy we şol mak­sat­ly ABŞ-nyň 1 mil­liard dol­lar­na deň ma­ýa ­go­ýum harç­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Yla­la­şy­gyň şer­ti bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň «Goog­le Clo­ud» bö­lü­mi her gün ABŞ-nyň tril­lion­lar­ça dol­la­ry­na ba­ra­bar söw­da­lar ama­la aşy­ryl­ýan ba­zar­lar­da iş­lär. Kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, 10 ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk «CME Group Inc.» üçin tä­ze ula­ny­jy­la­ry has çalt çek­mä­ge, amal­la­ry ter­tip­leş­dir­mä­ge we «Goog­le» kompaniýasynyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ar­ka­ly tä­ze gu­ral­la­ry iş­läp düz­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

«NA­SA»-nyň ast­ro­nawt­la­ry älem­de ajy burç ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler

«NA­SA»-nyň ast­ro­nawt­la­ry ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek Hal­ka­ra älem stan­si­ýa­syn­da çi­li bur­çu­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler. Ast­ro­nawt­lar tä­ze ýe­ti­şen ha­sy­ly ýyg­na­dy­lar we soň gy­zyl we ýa­şyl çi­li burç­la­ry­ny da­dyp gör­dü­ler. Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň ýok ýe­rin­de ösüm­lik­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça sy­nag iş­le­ri­niň çä­gin­de ge­çen to­mus stan­si­ýa­da ajy bur­çuň to­hum­la­ry ekil­di. Alym­lar sy­nag iş­le­ri­ni älem­de haý­sy ekin­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip bol­jak­dy­gy­ny anyk­la­mak üçin ama­la aşyr­dy­lar.

«Twit­ter» gir­de­ji­si­ni art­dyr­dy

Ge­çen hep­de in­ter­net ul­ga­myn­da iş­le­ýän «Twit­ter» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­niň je­mi­ni jem­le­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry 14%, gir­de­ji­si bol­sa 37% artdy we ABŞ-nyň 1,28 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra la­ýyk­lyk­da, «Twit­ter»-iň iş­jeň ula­ny­jy­la­ry 13% ar­typ, 211 mil­lio­na ýet­di. Bel­le­me­li zat, «Twit­ter» in­ter­net ul­ga­my­nyň iş­jeň ula­ny­jy­la­ry ABŞ-nyň çä­gin­den da­şyn­da ýer­leş­ýär (174 mil­lion), ýö­ne gir­de­ji­niň 58%-ini hut ABŞ-nyň ula­ny­jy­la­ry eýeleýär. Şeý­le-de ge­çen çär­ýek­de kom­pa­ni­ýa­nyň hal­ka­ra gir­de­ji­si 29%-e ba­ra­bar bol­dy.

Lon­don­ «Tes­la»-nyň elekt­ro­kar­la­ry­na geçip baş­la­dy

ABŞ-nyň «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň elekt­rik aw­tou­lag­la­ry ge­çen hep­de Lon­do­nyň kö­çe­le­rin­de «Uber» on­laýn tak­si kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bel­gi­sin­de ila­ta hyz­mat edip baş­la­dy. Lon­don­da ýa­ňy-ýa­kyn­da ka­bul edi­len trans­por­tyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gör­nü­şi­ni ulan­mak me­ýil­na­masy­nyň çä­gin­de «Uber»-iň 4 müň­den gow­rak tak­si sü­rü­ji­le­ri birnä­çe aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň elekt­ro­kar­la­ry­ny, şol san­da «Nis­san»-yň we «Kia»-nyň býu­jet mo­del­le­ri­ne geç­diler. Me­ýil­na­ma­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, «Uber» Lon­don­da ýan­gyç bi­len iş­le­ýän ada­ty tak­si­ler­de sy­ýa­hat ed­ýän ýo­lag­çy­lar­dan goş­ma­ça tö­leg alyp baş­la­dy.

Äle­me sy­ýa­hat şar­lar­da ama­la aşy­ry­lar

Ýa­kyn wagt­da baý ja­han­keş­de­ler üçin stra­tos­fe­ra şar­la­ry äle­me sy­ýa­hat et­mek üçin tö­leg­li usul­la­ryň ýe­ne bi­ri bo­lar. Şol mak­sat­ly ABŞ-nyň «World View» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze tas­la­ma­ny iş­läp düz­di. Bu se­kiz ýo­lag­çy­ny gö­te­rip bil­jek fu­tu­ris­tik kap­su­la­dyr. Ony stra­tos­fe­ra (pe­sin­den 30 müň metr) uly şar çy­ka­rar. Bel­le­nen be­ýik­lik äle­miň res­mi ser­he­din­den has pes­de­dir (100 km be­lent­lik), ýö­ne bu sy­ýa­hat­çy­la­ra bi­ziň pla­ne­ta­my­zy we onuň ­beý­le­ki ta­ra­pyn­da­ky tüm-ga­raň­ky­ly­gy syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. As­ma­na sy­ýa­hat al­ty-se­kiz sa­gat do­wam eder. Kom­pa­ni­ýa il­kin­ji şar­la­ry 2024-nji ýyl­da uçur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Sy­ýa­hat­çy üçin sy­ýa­ha­tyň ba­ha­sy ABŞ-nyň 50 müň dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lar. Bu äle­me sy­ýa­ha­ty ama­la aşyr­ýan «Blue Ori­gin» we «Vir­gin Ga­lactic» kom­pa­ni­ýa­la­ryň ba­ha­la­ryn­dan ep-es­li ar­zan­dyr.

«Netf­lix» tä­ze oýun­la­ry hö­dür­le­ýär

Film­le­ri we oýun­la­ry ön­dür­ýän «Netf­lix» kom­pa­ni­ýa­sy ula­ny­jy­la­ra «Stran­ger Things: 1984», «Stran­ger Things 3: The Ga­me», «Shoo­ting Hoops; Card Blast» we «Tee­ter Up» ýa­ly mo­bil wi­deooýun­la­ry­ny sa­tyn al­mak müm­kin­çi­li­gi­ni dö­red­ýär. Oýun­lar hä­zir­lik­çe di­ňe «And­roid» smart­fon­lar üçin el­ýe­ter­liidir. In­ter­net oýun­la­ry «Netf­lix»-iň abu­na hyz­mat­la­ry­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýär, şeý­le-de on­dan ma­ha­ba­ty we goş­ma­ça sa­tyn al­ma­la­ry aýyr­dy­lar. Kom­pa­ni­ýa beý­le­ki ky­bap­daş hyz­mat­lar bi­len bäs­le­şip bil­jek şow­hun hyz­mat­la­ry­ny ber­ýän aý­ra­tyn in­ter­net bö­lüm­çe­si­ni dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ge­çen hep­dä­niň birža söw­da­la­ryn­da «Netf­lix»-iň paý­na­ma­la­ry 0,51% gymmatlady.

2022-nji ýyl­da «Ocean» elekt­rik kros­so­we­ri­ni ba­za­ra goý­be­rer

Ge­çen hep­dä­niň söw­da­la­ryn­da «Fis­ker» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 50%-den hem ýo­kar­la­nyp, kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar ma­ýa do­la­ny­şy­gynyň iki es­se ösmegine ýardam berdi. Bi­ler­men­ler «Fis­ker»-iň paý­na­ma­sy­na «aram sa­tyn al­mak» tek­lip­na­ma­ny ber­di­ler. Şeý­le-de bi­ler­men­ler kom­pa­ni­ýa­nyň öz elekt­ro­mo­bi­li bol­ma­sa-da, elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­de iş­le­ýän aw­tou­lag­lar ba­za­ryn­da gel­je­gi­niň bar­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. «Fis­ker» kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da bir zar­ýad­ka­da 400 ki­lo­metr geç­mä­ge ukyp­ly bolan «Ocean» elekt­rik kros­so­we­ri­ni iş­läp düz­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, kom­pa­ni­ýa il­kin­ji aw­tou­lag­la­ry­ny 2022-nji ýy­lyň ahy­ry­na ba­za­ra goý­ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

Bazar ykdysadyýetiniň görnüşleri we nusgalary

Ykdysadyýet sözüni ilkinji bolup, gadymy grek alymy Aristotel ylma girizýär. Ykdysadyýet adalgasy «oikonomia» diýen grek sözünden gelip çykypdyr. Bu adalga köp mana eýe bolmak bilen, adamzat jemgyýeti ösdügiçe, onuň many-mazmuny has-da baýlaşýar. Ilkibaşda öý hojalygyny alyp barmagyň sungatyny aňladýan «ekonomiýa» — «oikos» (öý, hojalyk) — «nomos» (taglymat, kanun) adalgalary goşulýar. Tygşytlylyk — gündelik hajatlaryň kemeldilmegini, serişdeleriň aýawly, rejeli, netijeli sarplanmagyny aňladýar. Her ýurduň bazar ykdysadyýetiniň öz aýratynlygy bar. Bu aýratynlyklar ýurduň taryhy ösüşine, ykdysadyýetiniň ösen derejesine, döwletiň bazary kadalaşdyrmak boýunça geçirýän çärelerine, oňa täsir ediş usullaryna we jemgyýetiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna baglydyr. Dünýäde bazar ykdysadyýetiniň birnäçe nusgasy bar.

Ertirki nesliň sagdynlygy — şu günüň aladasy

Çagalar üçin sport görnüşleri saýlananda, olaryň bedeniniň fiziki aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagy maksadalaýykdyr. Eger siziň çagaňyz daş-töwerekde hemişe ylgaýan, bir ýerde durmak islemeýän hereketli we çeýe çaga bolsa, ony ýeňil atletika, suwda ýüzmek ýaly sport görnüşlerine ugrukdyrmagyňyz netijeli bolar. Ýa-da çagaňyz çepiksi bolup, agaja ýa beýleki ýerlere dyrmyşmagy söýýän bolsa, onda gaýa çykmakda (alpinistlikde) üstünlik gazanyp biler. Şeýlelikde, her bir çaganyň tebigy başarnygy, olara sportuň özleri üçin dogry görnüşini saýlamakda göz öňünde tutulmalydyr. Çagalaryň isleglerini diňlemegi hem ýadyňyzdan çykarmaň. Käbir ene-atalar çagalaryny özleriniň ýaşlykda gatnan sport görnüşine ýa-da özleriniň janköýerlik edýän sportuna gönükdirýärler. Emma sport bilen yzygiderli meşgullanmakda, geljekde ezber türgen bolup ýetişmekde, aýratyn-da sport dünýäsine ýeňil girişmekde çaganyň islegi, tebigy ukyby möhümdir.

10-njy noýabr — Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni

Ýurtda parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekde ylmyň ähmiýeti örän uludyr. Ylma eýe bolan jemgyýet hemişe asuda we parahat durmuşda ýaşaýar. Şeýle jemgyýet elmydama ösüşiň belent basgançaklaryna tarap öňe gidýär. Ylmyň bar ýerinde bolsa, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar höküm sürýär. Ylmyň kämilleşmegi bilen jemgyýet ösýär. Sebäbi ylym — halkara gatnaşyklarynyň ösüş guraly. 1999-njy ýylda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) howandarlygynda Bütindünýä ylym konferensiýasy geçirildi. Duşuşykda ÝUNESKO tarapyndan Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni tassyklanyldy. Bu halkara sene ilkinji gezek 2002-nji ýylyň 10-njy noýabrynda bellenildi we şondan bäri yzygiderli bellenilip geçilýär.