Ýurtda parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekde ylmyň ähmiýeti örän uludyr. Ylma eýe bolan jemgyýet hemişe asuda we parahat durmuşda ýaşaýar. Şeýle jemgyýet elmydama ösüşiň belent basgançaklaryna tarap öňe gidýär. Ylmyň bar ýerinde bolsa, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar höküm sürýär. Ylmyň kämilleşmegi bilen jemgyýet ösýär. Sebäbi ylym — halkara gatnaşyklarynyň ösüş guraly.
1999-njy ýylda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) howandarlygynda Bütindünýä ylym konferensiýasy geçirildi. Duşuşykda ÝUNESKO tarapyndan Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni tassyklanyldy. Bu halkara sene ilkinji gezek 2002-nji ýylyň 10-njy noýabrynda bellenildi we şondan bäri yzygiderli bellenilip geçilýär.