"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

«McAfee» hu­su­sy sa­tyn alyş gep­le­şik­le­ri­ni ge­çir­ýär

Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de çy­kan ha­bar­la­ra gö­rä, «McAfee» kom­pa­ni­ýa­sy «Advent» we «Per­mi­ra» paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri bi­len şert­na­ma­lar ar­ka­ly sa­tyn alyş ba­ra­da gep­le­şik­le­ri ge­çir­ýär. Bu ge­le­şik­ler kom­pa­ni­ýa­nyň hem-de paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­niň öza­ra bäh­bit­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, şol san­da müş­de­ri­le­riň ösen is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga, hyz­mat­la­ryň hi­li­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na uly iter­gi be­rer. «Bloom­berg» ne­şi­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, bu şert­na­ma esa­syn­da «McAfee» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ba­ha­sy ABŞ-nyň 10 mil­liard dol­la­ryn­dan gow­rak bo­lup bi­ler. Gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­niň ýa­kyn gün­ler­de mä­lim edil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Bi­ler­men­ler «Hubs­pot»-a uly ynam bil­dir­ýär

«Hubs­pot» kom­pa­ni­ýa­sy müş­de­ri­le­ri­niň ara­gat­na­şyk plat­for­ma­syn­da tä­ze hyz­mat­la­ry ýo­la go­ýan­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di. Bi­ler­men­ler bu tä­ze­len­me­le­riň kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si­ni ýo­kar­lan­dy­ryp bil­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­ýär­ler. Hut şu se­bäp­li, bir­nä­çe ma­ýa go­ýum fir­ma­la­ry bir­ba­da «Hubs­pot» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry ba­ra­da­ky çak­la­ma­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­dy. My­sal üçin, «Ray­mond Je­ym» ban­ky­nyň bi­ler­men­le­ri «Hubs­pot»-yň paý­na­ma­la­ry üçin ABŞ-nyň 900 dol­la­ry möç­be­rin­de, «Wells Far­go»-nyň bi­ler­men­le­ri hem ýo­kar­da­ky ba­zar mas­la­ha­ty bi­len, ABŞ-nyň 860 dol­la­ry möç­be­rin­de, «Mor­gan Stan­ley»-iň bi­ler­men­le­ri bol­sa kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry üçin ABŞ-nyň 862 dol­la­ry möç­be­rin­de mak­sat­la­ýyn ba­ha kes­git­le­di­ler. Ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da «Hubs­pot» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 102% ýo­kar­la­ndy.

«Hen­kel»-iň gir­de­ji­si 8,6% ýo­kar­lan­dy

Dün­ýä­niň iň iri öý üçin we se­na­gat mak­sat­ly hi­mi­ki önüm­le­ri ön­dü­ri­ji «Hen­kel» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň 9 aýyn­da or­ga­ni­ki sa­tuw­la­ry­ny ýo­kar­lan­dy­ran­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry 8,6% ar­typ, 15,02 mil­liard ýew­ro çen­li ýo­kar­lan­dy. Üçün­ji çär­ýek­dä­ki gir­de­ji­si bol­sa, 3,5% ýo­kar­la­nyp, 5,092 mil­liard ýew­ro ýet­di. «Hen­kel»-iň de­giş­li hü­när­men­le­ri­niň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, 2021-nji ýy­lyň do­wa­myn­da kom­pa­ni­ýa­nyň or­ga­ni­ki sa­tuw­la­ry 6 – 8% ýo­kar­la­nar.

«Stra­ta­sys» ösü­şi­ni güýç­len­dir­ýär

«Stra­ta­sys» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze şert­na­ma­la­ry bag­la­şan­dy­gy ba­ra­da ha­bar­la­ryň ýaý­ra­ma­gy, paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na iter­gi ber­di. Ge­çen çär­ýek­de «Stra­ta­sys»-yň gir­de­ji­si ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 24,3% ar­typ, ABŞ-nyň 159 mil­lion dol­la­ry­na ýet­di. 3D prin­ter­le­ri­niň sa­tu­wy 34,7% ýo­kar­lan­dy. Bi­ler­men­ler dör­dün­ji çär­ýek­de «Stra­ta­sys»-yň gir­de­ji­si­niň 16% ýo­kar­lan­jak­dy­gy ba­ra­da çak­la­ma ber­ýär­ler. Şeý­le-de kom­pa­ni­ýa­nyň hä­zir­ki ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň 2022-nji ýyl­da we on­dan soň­ky dö­wür­de ösüş dep­gi­ni­ne oňyn tä­sir et­me­gi­ne ga­raş­ýar­lar.

«Expe­dia»-nyň paý­na­ma­la­ry 15,63% ýo­kar­lan­dy

«Expe­dia» sy­ýa­hat­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­niň ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de «Expe­dia»-nyň gir­de­ji­si 97% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 2,96 mil­liard dol­la­ry­na deň bol­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň sap gir­de­ji­si ABŞ-nyň 362 mil­lion dol­la­ry­na, her bir paý­na­ma­dan alan gir­de­ji­si ABŞ-nyň 2,26 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Ge­çen hep­dä­niň söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy 15,63% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 182,17 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len, söw­da do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 27,45 mil­liard dol­la­ry­na ýet­di.

«Vis­ta Out­door» ýo­ka­ry ne­ti­je ga­zan­ýar

Açyk çä­re­le­ri üp­jün edi­ji «Vis­ta Out­door» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ma­li­ýe ýy­ly­nyň ikin­ji çär­ýe­gi­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «Vis­ta Out­door» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gir­de­ji­si «The Wall Street Jour­nal» ga­ze­ti­niň be­ren çak­la­ma­syn­dan has ýo­ka­ry bol­dy. Has dog­ru­sy, şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si ABŞ-nyň 2,9 mil­liard dol­la­ryn­dan ABŞ-nyň 2,95 mil­liard dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­dan alan gir­de­ji­si bol­sa, ABŞ-nyň 8 dol­la­ry­na deň bol­dy. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Vis­ta Out­door» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry ABŞ-nyň 46 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

Dün­ýä­de il­kin­ji sü­rü­ji­siz suw tak­si­si işe goý­be­ril­di

Ni­der­land­lar­da dün­ýä­de il­kin­ji sü­rü­ji­siz «Ro­boar» atly suw tak­si­si işe baş­la­dy. Hä­zir­lik­çe ol sy­nag gör­nü­şin­de iş­le­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de çy­kan ha­bar­la­ra gö­rä, tak­si­niň ady «Ro­boar» bo­lup, ol Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hem-de Ni­der­land­la­ryň uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­lar we mu­gal­lym­lar to­pa­ry ta­ra­pyn­dan iş­le­ni­lip dü­zü­lip­dir. Sü­rü­ji­siz ga­ýy­gyň bor­ty bäş ada­ma ni­ýet­le­ni­len­dir. Sü­rü­ji­siz ga­ýyk­da goş­ma­ça ýük da­şap, zir-zi­bil çy­ka­ryp bol­ýar. 

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nda uç­ýan mu­zeý dö­re­dil­di

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nda ar­heo­lo­gi­ki ta­pyn­dy­la­ryň eks­po­zi­si­ýa­sy­ny özün­de jem­le­ýän uç­ýan mu­zeý dö­re­dil­di. Ýo­lag­çy ho­wa gä­mi­sin­de ýer­leş­ýän mu­zeý Me­di­ne — Al-Ulu şä­her­le­ri­niň ara­syn­da he­re­ket eder. Ýo­lag­çy­lar şä­he­ra­ra ara­ly­gy 400 ki­lo­metr bo­lan bu ýo­la dü­şen­le­rin­de hem uç­ýan mu­zeý bi­len ta­nyş bo­lar­lar, hem ta­pyn­dy­la­ryň ta­ry­hy ba­ra­da­ky do­ku­men­tal fil­me to­ma­şa et­mek müm­kin­çi­li­gi­ni alar­lar. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Al-Ulu şä­he­ri­niň ar­heo­lo­gi­ki to­pa­ry­nyň baş hü­när­me­ni Fi­lip Jo­ne­siň söz­le­ri­ne gö­rä, uçar­da ýer­leş­ýän mu­zeý se­bit­dä­ki ar­heo­lo­gi­ki iş­le­re ün­si çek­mä­ge hem-de sy­ýa­hat­çy­la­ryň köp gel­me­gi­ne uly ýar­dam be­rer.

Aw­tou­lag­la­ra di­war­la­ryň aňyr­sy­ny «gör­me­gi» öw­ret­di­ler

Awst­ra­li­ýa­ly alym­lar sü­rü­ji­siz aw­tou­lag­la­ra beý­le­ki ulag­la­ryň aňyr­syn­da giz­le­nen päs­gel­çi­lik­le­ri gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän teh­no­lo­gi­ýa dö­ret­di­ler. «Köp­çü­lik­le­ýin duý­gy» esa­syn­da iş­le­ni­lip dü­zü­len en­ja­ma oý­lap­ta­py­jy­lar «Rent­gen ar­ka­ly gö­rüş» di­ýip at ber­di­ler. «Rent­gen ar­ka­ly gö­rüş» tö­we­re­gi köp no­kat­dan ka­bul et­mä­ge esas­lan­ýar. Aw­tou­lag özün­de or­naş­dy­ry­lan dat­çik­ler­dir ka­me­ra­lar, şeý­le-de beý­le­ki aw­tou­lag­lar bi­len sim­siz ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gy ar­ka­ly mag­lu­mat­la­ry bir ýe­re jem­lär. Şeý­le­lik­de, aw­tou­lag giz­le­nen päs­gel­çi­lik­le­ri gör­mä­ge müm­kin­çi­lik alar. Oý­lap­ta­py­jy­la­ryň söz­le­ri­ne gö­rä, bu en­ja­my sü­rü­ji­li aw­tou­lag­la­ra or­naş­dy­ryp hem şol bir ne­ti­jä­ni alyp bo­lar.

«Le­novo» önüm­çi­li­gi­ni gi­ňeld­ýär

«Le­novo» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy iki disp­leý­li nout­buk­la­ry dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär. Tä­ze en­jam «Think­Book Plus» diý­lip at­lan­dy­ry­lar. Tä­ze mo­de­liň 17 dýuým­lyk esa­sy ek­ra­ny we ki­çi goş­ma­ça ek­ra­ny bo­lar. Ikin­ji ek­ran kla­wia­tu­ra­nyň sag ta­ra­pyn­da­ky gi­ňiş­li­ge ýer­leş­di­ri­ler. Disp­leý sen­sor ar­ka­ly işe gi­ri­zi­ler. Ikin­ji ek­ran goş­ma­ça mag­lu­mat­la­ry gör­kez­mek üçin ula­ny­lar. Şeý­le hem disp­leý şe­kil­ler we çyz­gy­lar bi­len iş­le­mek üçin ula­ny­lyp bil­ner. «Think­Book Plus» nout­bu­ky­nyň 2022-nji ýyl­da ba­za­ra goý­be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Dün­ýä­niň iň ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ka­ry

Gre­si­ýa­nyň «Spy­ros Pa­no­pou­los Au­to­mo­tive» kom­pa­ni­ýa­sy «Cha­os» at­ly aw­to­mo­bil mo­de­li­ni gör­ke­zi­li­şe çy­kar­dy. Aw­tou­lag iki gör­nüş­de bo­lup, ola­ryň he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri 2049 hem-de 3065 at güý­jü­ne eýe­dir. «Cha­os» aw­tou­la­gy dört litr­lik V10 we go­şa tur­bo güýç­len­di­ri­ji­li he­re­ket­len­di­ri­ji bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. He­re­ket­len­di­ri­ji­niň äh­li şaý­la­ry 3D prin­ter­de çap edi­lip­dir. Tä­ze aw­to­ka­ra se­kiz tiz­lik­li aw­to­mat ge­çi­ri­ji or­naş­dy­ry­lyp­dyr. Aw­tou­la­gyň 2049 at güýç­li gör­nü­şi 100 ki­lo­metr tiz­li­ge 1,9 se­kunt­da, 300 ki­lo­metr tiz­li­ge 7,9 se­kunt­da ýet­ýär. Şeý­le-de onuň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 500 ki­lo­metr­den geç­ýär. Şo­nuň üçin iş­läp dü­zü­ji­ler «Cha­os» aw­to­ka­ry­ny dün­ýä­de iň ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag ha­sap ed­ýär­ler. 

«App­le» sü­rü­jisiz aw­tou­lag ön­dü­rer

Ame­ri­ka­nyň «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy «Tes­la»-nyň sü­rü­ji­siz aw­tou­lag dö­ret­mek bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň öň­ki ýol­baş­çy­sy Kris­to­fer Mu­ry işe ka­bul et­di. Mur 2019-njy ýy­la çen­li «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­syn­da iş­län Stýuart Bauer­siň ýol­baş­çy­ly­gyn­da eme­li akyl teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ulan­mak ar­ka­ly aw­tou­la­gyň öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň üs­tün­de iş­lär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, kom­pa­ni­ýa 2024-nji ýyl­da öz sü­rü­ji­siz aw­tou­la­gy­ny ön­dü­rip baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Mag­lu­mat üçin, 1976-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy «iP­ho­ne» smart­fon­la­ry­, «iPad» plan­şet­le­ri­, «iMac» komp­ýu­ter­le­ri­, «MacBo­ok» nout­buk­la­ry, «iPod» aý­dym-saz ple­ýer­le­ri we beý­le­ki ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­la­ry ön­dür­ýär.

MEŞ­HUR­LA­RYŇ DUR­MUŞ ÝO­LUN­DAN...

Tüm­lük­den soň ýag­ty­ly­gyň, göz­ýaş­dan soň be­gen­jiň baş­laý­şy ýa­ly, meş­hur adam­la­ryň dur­mu­şy hem kö­tel ýol­lar­dan baş­la­ýar. Yn­ha, Ame­ri­ka­nyň meş­hur ki­no akt­ýo­ry, sy­ýa­sat­çy­sy, bel­li sport us­sa­dy Ar­nold Şwars­neg­ge­riň dur­muş ýo­lu­ny sel­je­rip gör­sek, oňa hem jem­gy­ýet­de meş­hur­ly­ga ýet­mek aň­sat ba­şart­man­dyr. Ga­ryp maş­ga­la­da dün­ýä inen Ar­nold ça­ga­lyk­dan oba dur­mu­şy­nyň agyr iş­le­ri­ni ger­de­nin­de gö­te­rip­dir. Al­da­jy gyş­lar­da, jöw­za­ly to­mus­lar­da daý­han­çy­ly­gyň, mal­dar­çy­ly­gyň keş­gi­ni çe­kip­dir. Ýö­ne ça­ga­ly­gy­nyň kyn­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, aja­ýyp gel­jek ba­ra­da­ky mak­sa­dy oňa güýç be­rip­dir. Ol: «Ça­ga­lyk döw­rüm ejiz­dim, ka­kam me­ni sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga mej­bur eder­di. Şol tür­gen­le­şik­ler men­de spor­ta bo­lan söý­gi­ni dö­ret­di. Şo­nuň üçin her gün tür­gen­le­şer­dim, hat­da dynç gün­le­ri hem sport des­ga­sy ýa­pyk bol­sa-da, pen­ji­re­den gi­rip, şol gün­ki maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rer­dim» di­ýip ýat­la­ýar. Ir­gin­siz zäh­met, spor­ta bo­lan söý­gi, aja­ýyp dur­mu­şa bo­lan is­leg esa­syn­da, ol ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky bäs­le­şi­ge gat­na­şyp, ikin­ji or­ny eýe­le­me­gi ba­şa­ryp­dyr. Ar­nold 18 ýa­şy do­lan­da go­şun gul­lu­gy­na gi­dip, ony ta­mam­lan­dan soň Mýun­hen şä­he­rin­de öz­baş­dak dur­mu­şa baş­la­ýar. Sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­l

14-nji no­ýabr — rus so­sio­log­la­rynyň hü­när baý­ram­çy­ly­gy

Hä­zir­ki za­man jem­gy­ýe­tin­de so­sio­lo­gi­ýa yl­my has giň ýaý­ra­ýar we so­sio­lo­gi­ki pi­kir alyş­ma­lar di­ňe bir sy­ýa­sat­da däl, eý­sem, beý­le­ki ugur­lar­da-da mö­hüm ka­rar­lar ka­bul et­mek­de wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Bil­şi­miz ýa­ly, so­sio­lo­gi­ýa bu jem­gy­ýe­ti öw­ren­ýän ylym bo­lup, ol bi­te­wi ul­gam hem-de aý­ry-aý­ry jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry hök­mün­de jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny açyp gör­kez­ýär. Bu yl­my adal­ga XIX asy­ryň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da fran­suz fi­lo­so­fy Aw­gus­te Kon­te ta­ra­pyn­dan dö­re­di­lip­dir. Ol so­sio­lo­gi­ýa­nyň kes­git­le­me­si­ni so­sial ka­nun­la­ry öw­ren­ýän ylym hök­mün­de düz­di. Dün­ýä bel­li so­sio­log­la­ryň ara­syn­da Maks We­ber, Emi­le Durk­heim, Karl Marks bu ugur­da köp iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. Bu­la­ry na­za­ra al­mak bi­len, hü­när baý­ram­çy­ly­gy­nyň gü­ni dö­re­dil­ýär. Her ýy­lyň 14-nji no­ýab­ryn­da rus so­sio­log­la­ry So­sio­log­lar gü­nü­ni giň­den bel­le­ýär­ler. Bu gü­ni bel­le­me­giň çuň ta­ry­hy kök­le­ri bar. Rus aka­de­mi­ki so­sio­lo­gi­ýa­sy­nyň me­ka­ny ha­sap­la­nyl­ýan Rus­si­ýa­nyň Sankt-Pe­ter­burg döw­let uni­wer­si­te­ti­niň so­sio­lo­gi­ýa fa­kul­te­ti­niň mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry 14-nji no­ýab­ry so­sio­log­lar gü­nü­ni ge­çir­mek üçin tö­tän­le­ýin saý­lap al­ýar­lar. Ne­ti­je­de, bu hü­när baý­ram­çy­ly­gy dä­be öw­rül­ýär.

Dün­ýä­niň tä­sin ki­tap­ha­na­la­ry

(Baş­lan­gy­jy ga­ze­timiziň ge­çen sa­nyn­da) 16 gat­ly ki­tap­ha­na

Pa­dy­ma­nyň köp­rü­si

(hekaýa) Ça­ga­ly­gyň ömür­bo­ýy ýat­dan çyk­ma­jak aja­ýyp dün­ýä­si!

Poeziýa

Ata­my­rat ATA­BA­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy.

Başga tüýsli owaz

— Özge älem, başga bir owaz berdi. Magtymguly Pyragy

Pany bilen hoşlaşanyňdan soň kim ýyglar?

«Ferrarisini» satan keşişden durmuş sapaklary Robin Şarma

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si

5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň gün tertibine görä, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri hem-de şu ýylyň