Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykan habarlara görä, «McAfee» kompaniýasy «Advent» we «Permira» paýdarlar jemgyýetleri bilen şertnamalar arkaly satyn alyş barada gepleşikleri geçirýär. Bu geleşikler kompaniýanyň hem-de paýdarlar jemgyýetleriniň özara bähbitleriniň ösdürilmegine, şol sanda müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmaga, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna uly itergi berer.
«Bloomberg» neşiriniň habar bermegine görä, bu şertnama esasynda «McAfee» kompaniýasynyň bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan gowrak bolup biler. Gepleşikleriň netijeleriniň ýakyn günlerde mälim edilmegine garaşylýar.