«Apple» özbaşdak bejermek maksatly ätiýaçlyk şaýlary satar
Amerikan «Apple» kompaniýasy müşderileri üçin «iPhone» we «Mac» elektron enjamlarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga mümkinçilik döreder. Bu ulanyjylara enjamlaryny diňe bir ýöriteleşdirilen hyzmat merkezlerinde däl, eýsem, özbaşdak abatlamaga hem mümkinçilik berer. Munuň üçin «Apple» täze onlaýn-dükanyny açar, onda 200-e golaý ätiýaçlyk şaýlary satylar. Dükanda ilkinji nobatda ekranlary, batareýalary we kameralary bejermek üçin enjam bölekleri satuwa çykarylar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda özbaşdak bejermek 2022-nji ýylyň başynda, «Apple»-iň beýleki ýurtlardaky müşderilerine bolsa şol ýylyň dowamynda elýeter bolar.