MEŞHURLARYŇ DURMUŞ ÝOLUNDAN...
Adamzadyň tejribesiniň görkezişi ýaly, meşhur adamlaryň durmuşy, galapyn kötel ýollardan başlanýar. Ynha, Hytaýyň meşhur kino aktýory, režissory, kaskadory, söweş sungatynyň ussady Jeki Çanyň durmuş ýoly hem öz gözbaşyny şeýle çarkandakly ýollardan alyp gaýdýar. Gonkong şäherinde garyp maşgalada doglan Jeki Çanyň çagalygy şol döwürlerde tutaşan raýatlyk urşy ýyllaryna gabat gelipdir. Kakasy kiçijek Jeki sabyrly, tutanýerli, mert bolup ýetişmegi üçin Pekiniň opera mekdebine okuwa iberýär. Ol şol ýerde okap söweş sungatynyň kungfu görnüşi, aktýorçylyk sungaty bilen düýpli meşgullanýar. Netijede, irdenden agşama çenli dowam edýän türgenleşikler geljekki aktýorda uly kanagatlylyk hem-de maksada okgunlylyk endiklerini döredýär. Mekdebi tamamlan Jeki Awstraliýa göçüp giden ene-atasynyň ýanynda biraz ýaşaýar. Ol ýerde gurluşykda işläp, gazanç edip ugraýar, ýöne bu durmuş oňa ýaramaýar. Şol döwürlerde Goliwudyň meşhur kino ýyldyzy bolmak, Jeki Çanyň iň uly arzuwlarynyň biri bolupdyr. Şu arzuw hem ony ahyry maksadyna gowşurýar. Aradan esli wagt geçenden soň režissýorlaryň biri Jeki Çanyň çagalykda surata düşen wideosyna syny oturyp, ony kino düşmäge Gonkon