WTA zenanlaryň arasynda ýylyň gutarnykly reýtingini yglan etdi. Oňa laýyklykda, awstraliýaly tennisçi Eşli Barti ýyly reýtingiň kerwenbaşysy hökmünde jemlär. Reýtingdäki ýene bir üns çekiji üýtgeşme amerikaly rowaýaty tennisçi Serena Uilýams bilen bagly. Has takygy, karýerasynyň dowamynda «uly tuwulgalaryň» 23-siniň ýeňijisi bolan Serena Uilýams 2006-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýyly top-40-lykdan daşarda tamamlamaly bolar. Ol WTA tarapyndan yglan edilen gutarnykly reýtingde 41-nji basgançakdan ýer alypdyr. Şeýle-de tamamlaýjy reýtingiň ilkinji onlugyndan Barti bilen birlikde, Arina Sobolenko,
Garbinýe Muguruza, Karolina Plişkowa, Barbora Kreýçikowa, Mariýa Sakkari, Annet Kontaweýt, Paola Badosa, Iga Swýontek we Ons Jaber dagy degişli yzygiderlikde ýer alypdyrlar.