Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan, Özbegistandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen arassalanan ýakyş mazudyny, awiakerosini we arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda öndürilen halylar hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen reňksiz aýna önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 543 müň 200 dollaryndan gowrak boldy.