Taryhy netije gaýtalandy

21 Noýabr 2021
1087

1994-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek ATP-niň jem­leý­ji bäs­le­şi­gin­de ozal bu ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bol­ma­gy ba­şa­ran üç ten­nis­çi bir­ba­da ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Ita­li­ýa­nyň Tu­rin şä­he­rin­de do­wam ed­ýän bu ýa­ryş­da ge­çen ýyl­ky çem­pion rus­si­ýa­ly Da­niil Med­we­dow hem-de ozal­ky ýyl­lar­da bäs­le­şi­giň baş baý­ra­gy­ny apa­ran ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç bi­len ger­ma­ni­ýa­ly Alek­sandr Zwe­rew da­gy to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ry üs­tün­lik­li ta­mam­la­dy­lar. Mag­lu­mat üçin, şeý­le ýag­daý öň di­ňe bir ge­zek 1994-nji ýyl­da ýü­ze çy­kyp­dy. Şol ýyl ATP Fi­nals-yň üç çem­pio­ny And­re Agas­si, Bo­ris Bek­ker hem-de Pit Samp­ras pleý-off tap­gy­ryn­da kor­ta çy­kyp­dy­lar. 

Serdar DURDYÝEW,
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy.