«Stratasys» kompaniýasynyň täze şertnamalary baglaşandygy barada habarlaryň ýaýramagy, paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagyna itergi berdi. Geçen çärýekde «Stratasys»-yň girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,3% artyp, ABŞ-nyň 159 million dollaryna ýetdi. 3D printerleriniň satuwy 34,7% ýokarlandy.
Bilermenler dördünji çärýekde «Stratasys»-yň girdejisiniň 16% ýokarlanjakdygy barada çaklama berýärler. Şeýle-de kompaniýanyň häzirki maýa goýumlarynyň 2022-nji ýylda we ondan soňky döwürde ösüş depginine oňyn täsir etmegine garaşýarlar.