Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat şäheriniň we welaýat merkezleriniň, şäherçeleriň hem-de obalaryň töwereklerinde tokaý zolaklary döredilýär. Ýurdumyzda her ýyl ýazky we güýzki möwsümlerde millionlarça bag nahallaryny oturtmak indi asylly däbe öwrüldi. Bu asylly däbiň ýylsaýyn barha giň gerime eýe bolmagy bolsa güneşli Diýarymyzyň tebigatyny goramaklyga, biodürlüligi gorap saklamaklyga we köpeltmeklige, bagtyýar raýatlarymyzyň tämiz howadan dem almaklaryny üpjün etmeklige döwlet derejesinde uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
6-njy noýabrda gojaman Köpetdagyň gözel künjeginde güýzki möwsümde ählihalk bag ekmek dabarasy bolup geçdi. Bu çärä hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşyp ak pata bermegi ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek dabarasyna gatnaşýan ildeşlerimiziň ruhubelentligini has-da belende göterdi. Şeýle-de ählihalk bag ekmek dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem-de müňlerçe ýaşaýjylar gatnaşdylar.