Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Owganystandan, BAE-den we Gonkongdan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen arassalanan dizel ýangyjyny, awiakerosini we polipropileni satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen reňksiz aýna önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 474 müň 400 dollaryndan gowrak boldy.