Portugaliýada bir gezek ulanylýan plastik önümlerini ulanmagy gadagan edýän karar güýje girdi. Şeýle-de kararda dürli içgiler üçin niýetlenen bulgurlary we nahar dolamak üçin dolaglary 2026-njy ýyla çenli 80%, 2030-njy ýyla çenli bolsa 90%-e çenli azaltmagy göz öňünde tutulýar. Bu maksada ýetmek üçin Portugaliýada iýmiti we içgileri sarp etmek üçin, köp gezek ulanylýan konteýnerler ulanyşa goýberiler. Maglumat üçin, Slowakiýa hem harytlar üçin ulanylýan paketlerden ýüz döndermekçi bolýar. Geçen ýyl bu ýurtda bir gezek ulanylýan gap-gaçlar we aşhana esbaplary gadagan edilipdi.