ABŞ-nyň elektrokar öndürýän «Tesla» korporasiýasy sentýabr aýynda Hytaýda öndürilen awtoulaglarynyň 56 müňden gowragynyň söwdasyny amala aşyrdy. Bu görkeziji «Tesla» korporasiýasynyň iki ýyl mundan ozal işe girizen zawodynyň önümçilige başlamagy bilen, amala aşyran söwdalarynyň rekord derejesidir.
Maglumat üçin, «Tesla» Berlinde täze guran zawodynda şu ýylyň dekabr aýynda awtoulag öndürmäge başlamagy meýilleşdirýär. Korporasiýanyň baş direktory Ilon Maskyň sözlerine görä, bu önümçilik meýdançasynda her hepdede 5 – 10 müň aralygynda awtoulag öndüriler.